Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025- nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda netijeli pul-karz syýasatyny alyp barmak işleri giňden ýola goýulýar. Şonuň netijesinde maliýe bazaryny düýpli ösdürmek, bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, pul-karz dolanyşygynyň ýagdaýyna täsir etmek arkaly bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak we beýlekiler babatda anyk wezipeler durmuşa geçirilýär.
Müşderiniň hoşallygy, bankyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, bäsdeşleri ýeňip geçmekde-de esasy gural hasaplanýar. Banklar müşderileriň dürli görnüşli isleglerini kämil tehnologiýalary peýdalanmak arkaly üpjün etmäge borçludyr. Bu babatda bank hyzmatlarynyň hilini kesgitleýän «Internetbank», «Mobil-bank», «QR-kod hyzmaty», «Galtaşyksyz töleg», «Cash back» ýaly täze önümler bank işjeňliginiň esasy görkezijileri bolup durýar.
«Cash back» (iňlisçe «cash» — nagt, «back» — yzyna, ýagny «yzyna nagt gaýtarmak») bank hyzmaty, bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklar geçirilende, müşderiniň bank kartynyň hasabyna tölenilýän pul sylagy bolup durýar.
«Cash back» hyzmatynyň daşary ýurt tejribesinde banklar, iri söwda we hyzmat ediş guramalary hem-de banklaryň söwda guramalary bilen bilelikde işläp taýýarlanýan görnüşleri tapawutlandyrylýar. «Cash back» hyzmaty bank tarapyndan ornaşdyrylanda, müşderiniň hasabyna bellenen göterimler boýunça degişli pul sylagy geçirilýär.
«Cash back» bank hyzmaty soňky on bäş ýylyň dowamynda dünýäniň maliýe we ykdysady taýdan ösen ýurtlarynda has giňden ýaýrady. Häzirki wagtda bu bank hyzmaty, ösen ýurtlarda geçirilýän amallara görä 1 göterimden (gündelik zerurlyklar, jemagat hyzmatlary we beýleki tölegler üçin) başlap, 10 göterime (awtoulag, gozgalmaýan emläkleri, şol sanda ýaşaýyş jaýlary satyn almak we ş.m. üçin) çenli pul sowgady görnüşinde müşderiniň bank kart hasabyna geçirilýär.
Täze müşderileriň ünsüni çekmek, bar bolan müşderiler bilen gatnaşyklary has-da berkitmek, nagt pul dolanyşygyna hyzmat etmek we pulhana amallary bilen baglanyşykly çykdajylary aradan aýyrmak, pul aýlanyşygyny ýokarlandyrmak, ilaty nagt däl hasaplaşyklardan peýdalanmaga höweslendirmek, bankyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyplylygy artdyrmak we beýlekiler «Cash back» bank hyzmatynyň banklar üçin bähbitli taraplary bolup durýar. Nagt däl görnüşinde geçirilýän amallar üçin yzyna pul sylagynyň gaýtarylmagy, pul serişdelerini saklamak, daşamak bilen bagly aladalaryň aradan aýrylmagy, pul serişdeleriniň tygşytlanylmagy, goşmaça girdeji çeşmeleriniň emele gelmegi, hyzmatlaryň ýeňilligi (töleg terminallary, «Internet-bank», «Mobil-bank» hyzmatlary arkaly), tizligi we beýlekiler bolsa onuň raýatlar üçin döredýän bähbitleridir.
Elbetde, «Cash back» bank hyzmatynyň döwlet üçin-de amatly taraplary bar. Onda döwletiň gazanýan bähbitlerine nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, pullary ýasamak, daşamak we saklamak boýunça çykdajylary tygşytlamak, pul serişdeleriniň hereketine geçirilýän gözegçiligi berkitmek, pul serişdeleriniň ýitirilmegi we galplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly hadysalaryň öňüni almak, resmi däl pul dolanyşygynyň öňüni almak, salgyt tölemekden sowlup geçmeleri aradan aýyrmak, bazarda has köp isleg bildirilýän harytlary we hyzmatlary anyklamak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak we beýlekiler degişlidir.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamy hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek, şeýle hem nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, raýatlaryň «Altyn asyr», şol sanda «Maşgala» bank kartlaryna «Cash back» bank hyzmatyny birikdirmek boýunça degişli işler ýokary depginde alyp barýar. Hyzmata laýyklykda, nagt däl görnüşinde geçirilýän ähli bank amallaryna, degişlilikde 0,2 — 2 göterim aralygynda, pul sylagy göz öňünde tutulýar. Käbir banklar tarapyndan bolsa ýokary göterim derejesi bolan ýörite «Cash back» bank hyzmatyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Pul sylaglaryny her aýyň ahyryndan geljek aýyň 5-ine çenli aralykda müşderileriň bank kartlaryna geçirmek göz öňünde tutulýar.
Pul serişdeleri kartdan nagt görnüşinde alnanda, bank ýygymy tutulyp galynýar. Mysal üçin, aýda, takmynan, 1500 manat kartdan nagt pul alynsa, 12,90 manat bank ýygymy tutulýar. Nagt däl hasaplaşyklarda beýle ýitgi döremeýär, gaýtam, bank ulgamy tarapyndan hödürlenilýän «Cash back» hyzmaty arkaly müşderä pul sylagy gowşurylýar. Ýagny 1500 manat kartdan nagt däl hasaplaşyk geçirilende, (1 göterim göz öňünde tutulan halatynda) 15 manat müşderiniň kart hasabyna yzyna gaýtarylýar. Netijede, hödürlenilýän bank hyzmatlaryndan ýerlikli peýdalanylmagy ilatyň pul serişdeleriniň tygşytlanylmagyna oňaýly täsir ýetirer. Şeýle hyzmatlaryň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy we ilatyň bu hyzmatlardan peýdalanmaga işjeň gatnaşmagy kart eýeleriniň wagtyny we maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik bermek bilen, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşine-de oňaýly täsir eder.
Makala «Türkmenistan» gazetiniň 2020-nji ýylyň 11-nji ýanwardaky sanyndan alyndy.
Awtory: Dünýägözel HAÝYTOWA, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni.