Soňky habarlar

Arhiw

Täze ýyla taýýarlyk: edilmeli işler

0
5203

1. Täze ýyl duýgusyny döretmek

Täze ýyla taýynlanmak üçin ilki bilen täze ýyl duýgusyny döretmeli. Ony ýörite täze ýyl aýdymlaryny diňlemek ýa-da filmleri görmek arkaly döredip bolar. Täze ýyl duýgusyny döredýän filmleriň we aýdymlaryň atlaryny internetden tapmak bolar.

2. Köne-sana zatlardan dynmak we öýde umumy arassaçylyk işlerini geçirmek

Italiýada däp hökmünde ähli köne-sana zatlar öýüň penjiresinden daşary zyňylýar. Biz bolsa täze ýyldan öň köne-sana, öýde ulanylmaýan, döwük we artykmaç ýer tutýan zatlarymyzy zir-zibil çöplügine atsak bolar.

Arassaçylyk işlerini iň soňky pursata goýmaly däl, täze ýyldan öň öýüň ähli otaglaryny, öýüň içindäki ähli mebelleri, penjireleri, gap-çanaklary we ş.m. arassalamak maksada laýyk hasaplanýar.

3. Arça dikip, öýi bezemek

Bilşimiz ýaly, täze ýyl baýramçylygyň esasy bezegi – arça. Öýde arça dikmek, öýi täze ýyl bezegleri bilen bezemek – size we ýakynlaryňyza joşgun berer, öýüňizde täze ýyl öwüşgeni dörär, çagalaryňyz we myhmanlaryňyza begenç döreder.

4. Sowgatlar bilen gutlaglary taýýarlamak

Täze ýyl baýramçylygynda ýakyn dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary, işdeşleri gutlamak däbe öwrüldi. Elbetde, olara sowgat hem taýýarlanylýar. Täze ýylyň öňisyrasynda olara beriljek sowgatlary we gutlaglary taýýarlamak hem edilmeli işleriň arasyna girýär.

5. Täze ýyl agşamyň menýusyny düzmek

Bu baýramçylykda biri-birilerimiziň öýlerine myhmançylyga gidilýär, maşgala bolup bir ojagyň, bir saçagyň başynda oturylýar. Agşamlyk taýýarlanylmaly naharyň menýusyny birnäçe gün öňünde düzmek maslahat berilýär: zerur bolan azyk önümlerini ir gözinden bazar ýa-da supermarketlerden satyn almak, bişiriljek naharlary we içdaaçarlaryň sanawyny düzmek.

6. Täze ýyl agşamynda gitmeli ýerler we geýiljek egin-eşik

Täze ýyla geçilýän gijede herkim öz öýünde bolmak isleýär. Şol pursatdan öň, gidilmeli ýerler (garyndaşlar, dost-ýarlar, tanyş-bilişler) hem bar. Gutlag üçin gidilmeli ýerleriň sanawyny we täze ýylda geýiljek egin-eşikleri hem kesgitläp, taýýarlap goýmak maslahat berilýär.

7. Ýyl boýunça bitirilmedik işleri bitirmek

Täze 2020-nji ýyla geçmezden ozal, 2019-njy ýylda bitirilmeli işleriň ählisini bitirmek, 2020-nji ýyla aladalary goýmazlyk size giňlik berer. Şeýle hem, geçen ýylyň netijeleri boýunça seljerme geçirmek we 2020-nji ýylda edilmeli işleriň meýilnamasyny düzmek size täze ýylda has hujywly işlemäge, işleri wagtynda ýerine ýetirmäge güýç berer.

Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar