Soňky habarlar

Arhiw

“Talyp tölegi” – talyplaryň hyzmatynda

0
14665

Türkmenistanyň ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde tölegli esasda okaýarmyň? Tölegleriňi hiç-hili bökdençsiz, tiz hem aňsat usulda tölemek isleýärmiň? Onda, Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjriçilik bankynyň “Talyp tölegi” hyzmatyndan peýdalan! “Türkmenportal” habarlar portalynyň habarçysy bu hyzmat barada gelip gowşan käbir ýüz tutmalar esasynda bankyň  Bank kart ulgamlary müdirliginiň Müşderiler bilen işlemek bölüminiň baş hünärmeni Myrat Gurbanow bilen ýörite söhbetdeşlik taýýarlady. 

- Myrat, “Talyp tölegi” hyzmatynyň hyzmatlaryň beýleki görnüşlerinden tapawudy nämede?

- Bank hyzmatlarynyň içinde, aýratyn hem şahsy zerurlyklar üçin ulanylýan bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklara aýratyn orun degişlidir. Häzirki  wagtda Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynda nagt däl hasaplaşyklar boýunça hyzmatlaryň dürli görnüşleri müşderilere yzygiderli hödürlenilýär. Şeýle hyzmatlaryň biri-de, “Talyp tölegi” hyzmatydyr. Sentýabr aýynda açylan bu hyzmatyň esasy maksady tölegli esasda okaýan talyplar üçin ýeňillikli şertleri döretmekden, töleg geçirmekde ýüze çykyp biljek bökdençlikleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr.

- Meselem, nähili bökdençlikler aradan aýrylar we nähili ýeňillikli şertleri bar?

- Ilki bilen bellemeli zat, töleg nagt geçirilende bankomatdan ýygym tölap nagt pul almaly bolýar. Soňra banka baryp, nobata durup ýene-de ýygym tölemeli. Emma tölegler internet arkaly tölenen ýagdaýynda, hiç-hili ýygym tölenilmeýär. Nagt hasaplaşyk bilen nagt däl hasaplaşygyň esasy aýratynlyklary şu hili şertlerde ýüze çykýar. Aýdaly, talyp okuw tölegi üçin bankyň iş wagtynda banka barmaga mümkinçilik tapmaýar we tölegi gyssagly geçirmek zerurlugy ýüze çykýar. Ine, şeýle ýagdaýda “Talyp tölegi” hyzmaty kömek edip bilýär. Başgaça aýtsak, şu hyzmatyň nagt hasaplaşykdan tapawudy tölegi islän wagtyň, nobata durmazdan, göni wagt tertibinde (online usul arkaly) geçirip bolýanlygy.

- Talyplar bilen nähili işleşýäňiz? Olar hyzmatdan peýdalanmak üçin ilki bilen banka ýüz tutmaly bolýarlarmy?

- Şu meseläni her ýokary okuw mekdebiniň özi kesgitleýär. Bank tarapyndan häzirki döwre çenli ýurdumyzyň tölegli esasda bilim berýän ýokary okuw mekdepleri bilen degişli şertnamalar baglaşyldy. Şonuň esasynda bolsa, talyplaryň okuw tölegini bökdençsiz geçirmekleri üçin olaryň her birine ýokary okuw mekdepleri tarapyndan birnäçe sandan ybarat bolan howpsuzlyk belgileri, ýagny login we açar sözleri paýlanyldy.

- Talyp tölegini nähili tertipde geçirmelli?

- Ilki bilen talyp “Halkbankyň” https://halkbank.gov.tm  saýtyna geçmeli ýa-da Google Play-den öz ykjam telefonyna "Talyp tölegi“ goşundysyny ýüklemeli. Soňra özüne berilen login we açar sözüni girizip, öz şahsy otagyna girmeli we töleg geçirmeli. Tölegiň üstünlikli geçirilendigi baradaky habar talyba SMS arkaly habar berilýär. Munuň üçin töleg geçirilýän bank kartyna SMS hyzmaty birikdirilen bolmaly.  

 - “Türkmenportalyň” okyjylaryndan şeýle sowallar gelip gowuşdy: Özünde şahsy “Altyn asyr” bank karty bolmadyk talyp tölegini nädip geçirmeli? Ýyllyk tölegi böleklere bölüp töläp bolarmy? Tölegiň tölenendigi barada degişli resminama nähili usulda düzgünleşdirilýär?

- Her bir müşderide döräp biläýjek şu we beýleki sowallaryň ählisi hyzmatyň taslamasy işlenip düzülende degişli hünärmenler tarapyndan doly öwrenildi. Şoňa laýyklykda, özünde bank karty bolmadyk talyp iki tarapyň özara ylalaşygy esasynda islendik adamyň aýlyk kartyndan töleg geçirip bilýär. Ýyllyk töleg möçberini bolsa degişli döwre çenli islendik mukdarda tölemek mümkinçiligi döredildi. Talybyň töleg geçirendigi baradaky degişli resminama her ýokary okuw mekdebine awtomatik usulda habar berilýär, şeýle-de zerurlyga görä degişli resminamany çap etmek şertleri hem ýola goýuldy.

- Talyplarymyza düşnükli bolmagy üçin, tölegleri bankyň saýty arkaly tölemegiň usuly barada gürrüň berseňiz?

- Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, tölegler bankyň saýty, şeýle-de telefon goşundysy arkaly kabul edilýär. Bu ýerde hereketler örän aňsat we tiz ýerine ýetirilýär. Saýt arkaly töleg üçin saýtyň baş sahypasynda «Onlaýn-tölegler» düwmesine basyp, «Talyp tölegi» hyzmatyny saýlamaly. Açylan penjirä login we açar sözi girizmeli we şahsy otaga girmeli. Soňra töleg geçirmek üçin kartyň rekwizitlerini, ýagny kartyň belgisini, möhletini, karty saklaýjynyň adyny we familiýasyny, şeýle-de kartyň arka tarapynda ýerleşdirilen CVC kody we tölegiň mukdaryny girizmeli. Eger-de bank kartynda CVC kody ýazylmadyk bolsa, ony islendik bankomatdan ýa-da siziň hyzmat edýän bankyňyza ýüz tutup alyp bilersiňiz.

- Tölegleri ykjam telefondaky goşundy arkaly tölemegiň mümkinçilikleri we artykmaçlyklary nämeden ybarat?   

- Ýakynda döredilen goşundy hyzmaty hem tölegi tiz usulda geçirmäge mümkinçilik berýär. Gysgaça aýdanymyzda, bu programma talyplara okuw tölegini internet arkaly göni wagt tertibinde tölemek mümkinçiligini bermekden hem-de ondan daşary häzirkizaman tehnologiýalary ulanmak ýaly milli ýörelgeleri durmuşa geçirmekligi üpjün etmeklikden ybaratdyr. Şeýle-de, bu programmanyň döredilmeginiň esasy maksady  ýurdumyzda “Altyn asyr” bank kart ulgamynyň giňelmegi bilen talyplara okuw töleglerini nagt däl görnüşde geçirmekde ýeňillikli şertleri döretmek bilen baglydyr. Programmanyň interfeýsi häzirki wagtda ulanylýan ähli enjamlara (kompýuter, planşet we ykjam telefon) görä niýetlenip taýýarlanyldy.

- Myrat, wagt tapyp, sowallarymyza jogap bereniňiz üçin size “Türkmenportal” habarlar portalynyň adyndan sagbolsun aýdýarys! Işiňiz ugruna bolsun!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar