Soňky habarlar

Arhiw

Seniň täleýnamaň (15.07.2019 - 21.07.2019)

0
27650

Hamal (guzy 21.03-20.04)

Geljek hepdede hamallar, hemişe bolşy ýaly, öz saglyk ýagdaýyna, aýratyn hem agramlaryna ünsli bolmalydyrlar. Siziň agramyňyzyň çalt artmazlygy üçin berhiz saklamak maslahat berilýär. Siziň durmuşyňyzda täze öwrülişiklere garaşylýar. Aljyraňňylyga düşmejek boluň. Wezipeli hamallaryň durmuşynda täzelik bolar. 21-nji iýulda ýakymly duşuşyklar bolar. Işden boş wagtyňyzda sportuň dürli ugurlary boýunça köpräk meşgullanyň

Sowur (öküzçe 21.04-20.05)

Geljek hepdede sowurlaryň durmuşy gowulyga tarap üýtgär. Biraz sabyrly boluň, daş-töweregiňizdäki adamlaryň käbir ýaramaz gürrüňlerini we hereketlerini ýüregiňize almaň. Sizde wagtal-wagtal köp mukdarda pul harçlamak duýgusy hem dörär. Ägä boluň, tygşytly ulanmagy unutmaň. Munuň özi maliýe kynçylyklarynyň döremezligine ýardam eder. Işiňizde ynamly hereket ediň

Jöwza (ekizekler 21.05-21.06)

Geljek hepdäniň dowamynda, jöwzalaryň durmuşynda garaşylmadyk şatlykly wakalar bolar. Sowgatlar sizi begendirer. Häzirki wagtda size dynç almaga gitmegiň zerurlygy ýok. Işiňizde kynçylyklardan gaçmaň, ýakyn wagtda ähmiýetli ýygnaklara gatnaşarsyňyz. Gurluşyk etmek ýa-da öýüňizi tämizlemek ýaly işlere uly ähmiýet berip, maşgalaňyzyň isleglerine ünssüz bolmaň.

Seretan (leňňeç 22.06-22.07)

Siz has ynamly hereket edýärsiňiz. Geljek hepdede jogapkärli hem-de möhüm wezipeler bilen meşgullanyp bilersiňiz. Ýöne öz saglygyňyz barada hem aýratyn alada ediň, sizde gysga wagtlyk näsaglygyň duýulmagy mümkin. Lukmana ýüz tutuň we zerur bolan bejergilerden peýdalanyň. Maşgalaňyz bilen dynç alyş ýerlerine gideniňizde çagalaryňyzyň hereketlerine üns beriň

Eset (ýolbars 23.07-23.08)

Geljek hepdede iş baradaky garaýyşlaryňyzy aýratyn goramaly bolarsyňyz. Bu babatda ýakyn dostuňyz bilen araňyzda käbir düşünişmezligiň bolmagy mümkin. Emma siz sabyrly hem-de oýlanyşykly hereket edip, düşünişmezligi aradan aýryp bilersiňiz. Özüňiz barada köpräk alada ediň. Wezipeli esetleriň işlerinde aýratyn ynamly hereket etmeklerini ýyldyzlar duýdurýarlar

Sünbüle (gyz 24.08-23.09)

Geljek hepdäniň dowamynda siziň maşgalaňyzda asudalyk höküm sürer. Siz indi öz durmuşyňyza köpräk üns berip bilersiňiz. Özüňize ünsli boluň, saglygyňyza serediň. Wezipeli sünbüleler, üstünlik gazanmaga howlugyň, bu size şatlyk getirer. Ýolbaşçylaryňyz siziň işleriňiz bilen gyzyklanarlar. Bu döwürde siziň işiňizde we durmuşyňyzda täzelikler bolar.

Mizan (terezi 24.09-23.10)

Siz öz duýgularyňyza ynanyp bilersiňiz. Ýakyn adamlaryňyz bilen araňyzda jedelleriň bolmagy mümkin. Wezipeli mizanlar üçin bolsa geljek hepdede täzelik bolar. Siz islendik işi üýtgetmäge girişip bilersiňiz. Size syýahat etmek üçin çakylyk gelip gowşar. Geljek hepdede ýeke ýaşaýan mizanlara söýgi meselesinde şowlulyk bolar. Çakylykdan ýüz öwürmäň, gatnaşyklary ýygjamlaşdyryň.

Akrap (içýan 24.10-22.11)

Size iş we durmuş aladalaryňyz rahatlyk bermeýär. Akraplar üçin bolsa häzirki wagtda rahatlyk aýratyn zerurdyr. Has gowusy, geljek hepdede öz daşky görnüşiňizi üýtgetmek, oňa käbir özgertmeleri girizmek hakynda oýlanyň. Işiňizde aladalardan biraz daşlaşyp, dynç almaga synanyşyň. Dynç günleri maşgalaňyz bilen seýilgählere gezelenç etmäge çykyň. Duşuşyklary guraň.

Kowus (keman 23.11-21.12)

Hepdäniň ikinji ýarymynda işde barlagyň bolmagy mümkin. Işiňizi oýlanyşykly ýerine ýetiriň we seresaplylygy elden bermäň. Entek öz ýaryny tapmadyk kowuslara bolsa geljek hepdede söýgüsine duşmak mümkinçiligi bar. Daş-töweregiňize ünsli boluň. Özüňizi tertipli alyp baryň. Ýakynlaryňyzdan yzygiderli habar tutuň, mümkin boldugyndan olaryň ýanynda bolmaga çalşyň

Jedi (owlak 22.12-20.01)

Geljek hepdäniň dowamynda sizde käbir ýaramaz duýgularyň döremegi mümkin. Şonuň üçin oýlanyşykly hereket ediň. Öz ýakyn görýän adamlaryňyz bilen şadyýan we mähirli gatnaşyklaryňyzy hem-de söhbetdeşlikleriňizi dowam etdiriň, çünki ol size güýç-kuwwat berer. 19-njy hem-de 21-nji iýulda siziň durmuşyňyzda käbir oňyn üýtgeşmeleriň bolmagyna garaşylýar. Geljek hepdede karz pul almak maslahat berilmeýär.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlar öz etmeli işlerini takyk meýilleşdirmelidirler. Siziň durmuşyňyzyň has gowulaşjakdygyny ýyldyzlar wada berýärler. Sizde daşary ýurda gitmek, täze tanyşlyk açmak ýaly duýgularyň döremegi mümkin. Bu döwürde ýakyn garyndaşlaryňyz bilen ysnyşykly gatnaşykda boluň. Saglyk ýagdaýyňyza seretmegi unutmaň. Sport bilen köpräk meşgullanyň.

Hut (balyk 21.02-20.03)

Geljek hepdäniň dowamynda siziň halaýan baýramçylygyňyz bolar. Wezipeli hutlaryň durmuşynda täzelige garaşylýar. Abraýyňyz ýokarlanar. Siziň üçin durmuşda nätanyş adamlar bilen tanyşmak hem-de gowy gatnaşyklary guramak mümkinçiligi dörär. Ýyldyzlar geljek hepdede size halaýan işleriňiz bilen meşgullanmagyňyzy maslahat berýärler. Sport bilen köpräk meşgullanyň, bu siziň saglygyňyzyň kepilidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar