Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ter önüm» — altyn nyşanyň eýesi

0
3873

29 — 30-njy maýda Hindistanyň Bombeý şäherinde «Mangolar, möwsümleýin miweler we gök önümler» atly forum geçirildi. Hindistanyň Söwda we senagat döwlet ministrligi, Söwda-senagat döwlet federasi- ýasy (FICCI), Oba hojalyk we gaýtadan işlenen azyk önümleriniň eksportyny ösdürmek müdirligi (APE­DA) tarapyndan guralan foruma dünýäniň 35 döwletinden 80-den gowrak kompaniýa gatnaşdy. Olaryň hatarynda ýurdumyzdan «Ter önüm» hojalyk jemgyýeti hem bar. Ol forumyň baş baýragyna — altyn nyşanyna mynasyp boldy. şular dogrusynda «Ter önüm» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy Döwletgeldi BALLY­ÝEW bilen söhbetdeşligi okyjylara ýetirýäris.

— Döwletgeldi aga, mynasyp bolan baýragyňyz, Hindistana saparyňyzyň şowly bolmagy bilen gutlaýarys!

— Sag boluň! Bu sylag hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçilerine, olaryň halkara işewür hyzmatdaşlygy ösdürmeklerine döredýän şertleriniň miwesidir. «Ter önüm» hojalyk jemgyýeti şu ýylyň 6 — 8-nji fewralynda Berliniň sergi zalynda «Fruit Logistica» halkara forumyna 4-nji gezek gatnaşdy. Oňa gök önümleriň, miweleriň tohumçylygyndan başlap, hasyl almaga, ony gaýtadan işlemäge, taýýar önümi ýerlemäge çenli ähli basgançaklar boýunça işleýän işewürler, kompaniýalar gatnaşýarlar. Forumda biziň önümlerimize uly gyzyklanma bildirilip, Bombeýde geçiriljek forumada çakylyk gowşurdylar. «Mangolar, möwsümleýin miweler we gök önümler» atly forum indi 3-nji gezek geçirilýär. Onuň çäginde tejribe alyşmak, hyzmatdaşlar bilen gepleşikleri geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Biz forumdaky bölümimizi, çykyşlarymyzy içerki bazara, hindi halkynyň isleglerine laýyklykda taýýarladyk, hyzmatdaşlygy ösdürmek barada teklipleri berdik. Getiren anyk maglumatlarymyz, seljermelerimiz, iş usulymyz, aýratyn-da, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümlerimiz olarda uly gyzyklanma döretdi. Şonuň üçin bolsa gerek, «Ter önümi» forumyň altyn nyşanyna mynasyp gördüler.

— Hojalyk jemgyýetiňiziň işi, aýratynlyklary barada-da gürrüň beräý­seňiz!

— 2016-njy ýylda «Ter önüm» hojalyk jemgyýetiniň düýbi tutuldy. Ol 2017-nji ýyldan doly güýjünde işläp başlady. «Ter, di­ňe ter!» diýen şygary öňe sürýän kärhanamyzda ýerli daýhanlardan, daşary ýurt önüm öndürijilerinden alnan gök we bakja önümleri, miweler arassalanyp, hili boýunça saýlanylýar hem-de iň gowulary müşderilere ýetirilýär. Bu ugurda daýhanlaryň 300-den gowragy bilen işleşýäris. Müşderilerimiziň sany 500-den geçýär. Esasan, paýtagtymyzdaky myhmanhanalar, toý mekanlary, söwda we dynç alyş merkezleri, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary bilen ýygy aragatnaşyk saklaýarys. Bu ugurda yhlasly zähmet çekýän 100-e golaý işgärimiz, ýörite ammarymyz hem-de sowadyjy ulaglarymyz gyşyn-ýazyn halkyň hyzmatynda.

— Hindi işewürlerinde esasy täsir galdyran zatlar näme?

— Olar «Ter önümiň» köpugurlylygyna haýran galdylar. Hojalyk jemgyýetimiz dünýäde hem gök önümleriň, hem miweleriň, şeýlede, bakja önümleriniň üpjünçiligi bilen meşgullanýan seýrek kompaniýalaryň hatarynda. Daşary ýurtlardakylaryň aglabasy olaryň haýsydyr birine ýöriteleşendir. «Ter önüm» ýaly köpugurly kärhanany birinji gezek görýäris — diýip, «Aşgabat — 2017-ä» gatnaşan hyzmatdaşlarymyz hem belläpdiler. Biz sitrus miwelerini, ekzotik miweleri hem getirýäris. Geljekde müşderilerimizi däneliler we kösükliler bilen üpjün etmegi hem göz öňünde tutýarys. Ýeri gelende bellesek, häzir mäşiň kombaýnda ormaga amatly dik ösýän sortunyň tohumlaryny getirdik.

— Üstünligiňiziň syrynyň bir ujuny aýan edip bolmazmy?

— Üstünligimiziň üýtgeşik syry ýokmuka diýýärin. Olar başda-da belleýşim ýaly, ýurdumyzda döredilýän şertleriň netijesidir. Oba hojalykçylara, telekeçilere berilýän ýeňillikleriň netijesinde, önümiň özüne düşýän gymmaty daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply bolup, eksport etmek üçin hem giň şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen telekeçileriniň içerki bazary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmäge mynasyp goşant goşmalydyklaryny belleýär. Şundan ugur alyp, önümleri terligine, elýeterli bahadan halka ýetirmegi maksat edinýäris. Şu ýerde aýratyn nygtajak zadym, içerki hem-de daşarky bazarlardaky bahalaryň hasabatyny ýöredip, olary yzygiderli seljerýäris. Gök önümleri, miweleri eksport, import edýän döwletler baradaky maglumatlar, hasyl möwsümleri we beýlekiler öwrenilýär. Aýdylyşy ýaly, maglumatlary bilmek, dünýäni, işiň gözüni bilmekdir.

— Hindistana sapary­ňyzyň dowamynda hyzmatdaşlyk teklipleri boldumy?

— Özara bähbitli teklipler iki tarapda-da boldy. Mälim bolşy ýaly, Hindistanda gyş bolmasa-da, ýagyşlar möwsümi hasyl möwsümi bilen gezekleşýär. Olarda ýagyş möwsümi bizde hasyl ýygnalýan döwre, bizde gyş pasly olarda hasyl alynýan döwre gabat gelýär. Şonuň üçin biz möwsümleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdik. Netijede, bazarda bahalaryň elýeterli, durnukly bolmagy gazanylar. Awstraliýa, Malaýziýa, Nepal döwletlerinden, Gonkongdan işewürler önümlerimizi import etmäge gyzyklanma bildirdiler. Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna, Birleşen Arap Emirliklerine, Ýewropa döwletlerine önümlerimizi eksport edýäris. Şu ýyl Awstriýa, Litwa bilen gülaby gawunlaryny ugratmak barada şertnama baglaşdyk. Ýakynda bu döwletleriň hatary hasda artar diýip umyt edýäris.

— Hindi hyzmatdaşlaryňyzyň tejribesi barada nämeleri aýdyp bolar?

— Bolup biljek keselleriň hemde zyýankeşleriň ýok edilmegi üçin gök önümleri, miweleri gyzgyn suwda belli bir wagt saklamak, buglamak, şöhlelendirmek, ýylylyk täsiri bilen arassalap, eksporta taýýarlamak boýunça täze tehnologiýalar bilen tanyşdyk. Şeýle-de, önümleri gaplamagyň döwrebap tehnologiýalarynyň görkezilmegi tejribämizi baýlaşdyrmaga ýardam etdi.

— Geljekki meýilnamalaryňyz hakyndaky pikirleriňizi hem paýlaşaýyň!

— Kelem, käşir, pomidor, badam ýaly gök önümleriň, kädi, gawun ýaly bakjalaryň, narpyz, şibit ýaly iýilýän otlaryň kakadylan, külkelenen görnüşleriniň önümçiligini ýola goýduk. Hindi aşhanasynda-da tagam, ys beriji goşundylara, ajy burçlara aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň üçin kakadylan täze önümlerimizi hem sergide görkezdik. Geljekde olary eksport etmek meýilleşdirilýär. Başga ugurlarda-da islegler, teklipler öwrenilýär.

— «Ter önümiň» ylmy gadamlary nähili?

— Hojalyk jemgyýetiniň ylmy- önümçilik merkezi hereket edýär. Ol hem işewürlik merkezimizde — paýtagtymyzyň G.Kulyýew köçesiniň ugrundaky işewürlik toplumynyň «Säher» binasynda ýerleşýär. Bu ýerde ýerli toprak-howa şertlerine laýyk ekinleriň täze görnüşleri, galyndysyz önümçiligiň innowasion usullary ýaly meseleler öwrenilýär. Okuw, önümçilik maslahatlary guralýar.

Söhbetdeş bolan

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.

BELLIK: Söhbetdeşlik "Türkmenistan" gazetiniň 2019-njy ýylyň 6-njy iýunyndaky sanyndan alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar