Häzirki wagtda ýurdumyzyň banklary tarapyndan sanly ykdysadyýete geçmek boýunça yzygider işler alnyp barylýar, şol sanda täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar we raýatlara dürli bank hyzmatlary hödürlenýär.
Bu işleriň çäklerinde internet dükanlaryndan we web saýtlardan internet arkaly töleg etmek hyzmatlary işläp taýýarlanylýar. Muňa mysal hökmünde, eýýäm birnäçe internet dükanlarynda we web saýtlarynda bu hyzmat işe girizildi: “tmcars”, “nesip etsin” mobil programma üpjünçiliginde we “Ak ýol Computers” kompýuter dükanynda internet arkaly hyzmatlar ýa-da söwda üçin töleg tölemek, “turkmenistanairlines.tm” saýtyndan awiapetekleri internet arkaly satyn almak we ş.m.
“Türkmenportal” okyjylary üçin internet arkaly harytlar ýa-da hyzmatlar satyn alnanda “Altyn asyr” bank kartlaryndan onlaýn töleg etmek boýunça gysgaça gözükdirme taýýarlady.
Adatça, internet dükanlarynda we web saýtlarynda töleg etmekligiň ädimleri meňzeşräk bolýar. Bu ädimleri umumylaşdyryp, şu tertipde beýan etdik (bellik: “Altyn asyr” kartlaryndan internet arkaly töleg etmek üçin kartyňyzda SMS-habar hyzmaty açyk bolmalydyr):
- Ilki bilen internet dükanynda ýa-da web saýtda zerur bolan (satyn alynjak) harytlary ýa-da hyzmatlary saýlaň.
- Soňra töleg etmek (tölemek) düwmesine basyň.
- Töleg edilýän sahypa açylanda ýörite doldurylýan görnüş (forma) çykar. Bu görnüşler her web saýtda dürli bolup biler. Görnüşde esasan kartdaky şahsy maglumatlaryňyz (adyňyz, familiýaňyz, kart belgisi, CVC kod, kartyň eýesi, kartyň hereket edýän möhleti we ş.m.) soralýar. Soralan maglumatlary dogry tertipde giriziň we tölemek düwmesine basyň.
- Tölegiňizi tassyklamak üçin telefonyňyza SMS geler. Bu SMS-de görkezilen maglumatlary (belgini) tölegi tassyklamak üçin giriziň we tölemek düwmesine basyň.
- Netijede töleg amala aşyrylar.
Ýokardaky bentlerde internetde “Altyn asyr” kartlary arkaly töleg etmekligiň ädimleri görkezilen. Girizilmeli maglumatlaryň arasynda ýekeje nätanyş bolup biljek söz – bu CVC kod.
CVC – “Card Verification Code” sözüni aňladyp, iňlis dilinden terjime edilende karty barlaýan kod (karty tassyklaýan kod) manysyny berýär. Bu kod banklar tarapyndan berilýär we her kartyň öz CVC kody bolýar.
CVC koduny nädip bilmeli? Bu kod soňky çykýan bank kartlaryň arka tarapynda ýerleşdirilýär. Eger CVC kod bank kartyň arkasynda ýok bolsa, ony bankomatdan hem bilip bolýar.
Habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com