Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň importy we ekspordy

0
56313

Türkmenportal, Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygyny seljerme maksady bilen, 2018-nji ýylyň importynyň we eksportynyň gysgaça synyny geçirdi*.

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 2018-nji ýylda 16 973,8  million ABŞ dollaryna deň boldy. Türkmenistanda daşary söwda dolanyşygy bilen bagly alynyp barylan reformalar öz oňyn netijesini berdi, netijede söwda balansynyň galyndysy (saldo) 6 328,0 million ABŞ dollaryndan ybarat boldy. Söwda balansynyň oňyn netije bermegi, ýurdyň 2018-nji ýylda daşary ýurda köp haryt satanyny we daşary ýurtdan az haryt satyn alanyny aňladýar.

Diagrammadan görnüşi ýaly, 2018-nji ýyly geçen ýyl bilen deňeşdirsek eksportyň artandygyny, Importyň bolsa esli möçberde azalandygyny hem görmek bolar, azalma 47,80 % barabar. Importyň azalmagy, ýurtda gyzyl pullarynyň tygşytlanmasyna esas bolar.      

2018 - nji ýylda Türkmenistan 107 sany döwlet bilen daşary söwda aragatnaşygyny alyp bardy.

Eksport boýunça ilkinji 5 giren döwletler: Hytaý Halk Respublikasy, Italiýa, Owganystan, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri.

Import boýunça ilkinji 5 giren döwletler: Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Hytaý Halk Respublikasy, Germaniýa, Russiýa Federasiýasy.   

2018-nji ýylda Ekspordyň haryt düzümi;

2018-nji ýylda Impordyň haryt düzümi;

* Hasabat, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlary esasynda düzüldi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar