Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Altyn Asyr» bank kartlarynyň CVC koduny nädip tapmaly

0
121218

«Altyn Asyr» bank kartlary bilen hyzmatlar we satyn alnan harytlar üçin onlaýn tölegi amala aşyrmak üçin ýörite CVC kody (Kart tassyklaýyş kody) talap edilýär.

Ol kartlaryň arka tarapynda görkezilýär we suratda görkezilişi ýaly üç belgiden ybarat.

«Altyn Asyr» bank kartlary üçin CVC koduny Türkmenistandaky islendik bankomatda, şol sanda Aşgabat şäheriniň Hudaýberdiýew köçesinde ýerleşýän «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň baş edarasynyň ýanyndaky bankomatlardan hem alyp bilersiňiz.

CVC kody bankomat üsti bilen almak üçin görkezmeleri şu ýerden göçürip alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky görkezmeleri ulanyp bilersiňiz.

Tehniki sebäplere görä kody alyp bilmeseňiz, kartyňyzyň hyzmat edilýän banky bilen habarlaşyp bilersiňiz.

 

Bankomatdan CVC koduny almaga ýüz tutmak üçin  görkezmeler.

Üns beriň: CVC kody üçin ýüz tutanyñyzda, ulanyjy «SMS habarnamasy» hyzmatyna birikdirilen bolmaly. 

Üstünlikli ygtyýarnamadan soň, bankomatyň ekranynda elýeterli amallaryň menýusy bolan surat peýda bolýar. «Tölegler» diýen bölümi saýlaň;

Soňra «Telefon» bölümini  saýlap alyň:

Indiki penjirede «CVC kody» saýlaň;

Indiki ädimde, SMS habarlaryna ýazylanyňyzda görkezen telefon belgiňizi giriziň. CVC kody siziň belgiňize gelip gowşar.

Dogry telefon belgisini girizen bolsaňyz, ulgam aşakdaky habary görkezer:

«Günüň dowamynda size CVC kody bilen SMS iberiler.»

Girizilen maglumatlaryň dogrudygyny barlaň we tassyklaň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar