Tapgyryň esasy aýratynlyklary:
9 gol: Tapgyrda derwezelere 9 pökgi geçirildi, şeýlelikde, möwsümdäki ähli gollaryň sany 212-ä çykdy.
85 golçy: Şu tapgyrdan soň, möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 85-e çykdy. Tapgyrda iki futbolçy şu möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi: olar «Nebitçiden» Arslan Paizow bilen «Aşgabatdan» Azat Şamyradowdyr. Ýaryşyň bombardirleri Süleýman Muhadow bilen Altymyrat Annadurdyýew bu tapgyrda hem tapawutlanyp bilmediler.
«Nebitçi» ― «Energetik» 1:4.
Gollar: Arslan Paizow 85 ― Sahypnazar Durdyýew 4, Alibek Abdyrahmanow 6, Rahmet Şermetow 53, 74.
Salam, üçünji orun! Bu ýeňiş «Energetigi» ýaryş tertibinde üçünji orna çykardy. 23 duşuşykda 36 utuk ýygnan «energetikler» «Şagadamdan» iki utuk öňe saýlandy.
Salam, 10-njy ýeňiş! Hawa, «Energetik» möwsümdäki 10-njy ýeňşini gazandy. Ol şu möwsümde bu sepgide ýetip bilen dördünji topardyr. Ýeri gelende aýtsak, «Ahalyň» 15, «Altyn asyryň» 14, «Şagadamyň» 10 ýeňşi bar. Bu sepgide ýetmäge indiki iň ýakyn topar bolan «Aşgabatda», häzirlikçe, 7 ýeňiş bar.
Abdyrahmanow birinji, Şermetow ikinji: Gürrüň «Energetigiň» Ýokary ligadaky bombardirleri barada barýar. Şu tapgyrda bir gezek tapawutlanan Alibek Abdyrahmanow «energetikleriň» düzüminde Ýokary ligadaky 19-njy goluny geçirip, birinji orundaky ýerini has berkiden bolsa, Rahmet Şermetow 14 golluk sepgide ýetip, sanawyň ikinji ornuna çykdy. Üçünji orunda bolsa 12 gol bilen Tirkiş Muhammetberdiýew bar.
Şermetow ilkinji goşa dublçy: Ýokary liganyň 9-njy tapgyrynda-da «Nebitçi» (şol wagt «Balkan») bilen Balkanabatda geçirilen duşuşykda iki gezek tapawutlanan Rahmet Şermetow bu başarnygyny ýene bir gezek gaýtalap, şu möwsümde iki duşuşykda dubl eden ilkinji futbolçy boldy. Şeýlelikde, ol möwsümdäki 7 golunyň 4-sini «Nebitçiniň» derwezesinden geçirdi.
Iki toparyň arasynda ozalky duşuşyklaryň netijeleri:
Birinji aýlaw: 1:2;
Ikinji aýlaw: 1:3
Üçünji aýlaw: 0:1
Möwsüm boýunça: 3:10 («Energetik»)
«Aşgabat» ― «Köpetdag» 2:1.
Gollar: Azat Şamyradow 60, Şiri Annaýew 84 ― Gahrymanberdi Çoňkaýew 39.
Ýeňiş bäşinjilige ýol açdy: Bu ýeňiş paýtagtymyzyň adybir tparyny ýaryş tertibinde bäşinji orna çykardy. 21 utukda galan «Köpetdag» bolsa ýaryşy ilkinji bäşlikde tamamlamak ugrundaky göreşden biraz uzaklaşdy. Çünki altynjy orundaky «Merw» hem indi «Köpetdagdan» 3 utuk öňde. Ýöne öňde ýene bäş tapgyryň bardygyny hem ýatdan çykarmaly däl. Garaşylmadyk hasaplaryň möwsüminde her zat bolup biler.
Indi 8 toparda-da 20 gol bar: «Aşgabat» şu duşuşykda möwsümdäki 20-nji pökgüsini geçirdi. Indi Ýokary ligadaky toparlaryň ählisi hem 20 golluk sepgitden geçdiler. Ýöne «Ahal» bilen «Altyn asyrdan» başga toparlaryň entek 30 gola-da ýetmändigini hem aýtmak gerek.
Iki toparyň arasynda ozalky duşuşyklaryň netijeleri:
Birinji aýlaw: 2:1;
Ikinji aýlaw: 1:1
Üçünji aýlaw: 0:3
Möwsüm boýunça: 5:6 («Köpetdag»)
«Şagadam» ― «Merw» 0:0.
Deňlik iki topary hem bir basgançak aşak düşürdi: Bu deňligiň bir ýakymly tarapy, iki topar hem utuksyz galmady. Emma ýakymsyz tarapy hem bar. «Energetikdir» «Aşgabadyň» tapgyrda ýeňiş gazanmagyndan soňra, «Şagadam» hem, «Merw» hem bir basgançak aşak düşdi. Indi «Şagadam» 34 utuk bilen dördünji, «Merw» bolsa 24 utuk bilen altynjy orunda. Ýöne «Merwiň» bir basgançak ýokary çykmagyna umyt ýok hem dňl. Çünki Mary şäheriniň toparynda ätiýaçda «Altyn asyr» bilen geçirilmeli bir duşuşyk hem bar.
Iki toparyň arasynda ozalky duşuşyklaryň netijeleri:
Birinji aýlaw: 0:2;
Ikinji aýlaw: 3:2
Üçünji aýlaw: 1:1
Möwsüm boýunça: 4:5 («Merw»)
«Ahal» ― «Altyn asyr» 1:0.
Gol: Didar Durdyýew 10.
Ilkinji çempionlyga umyt artýar: Bu ýeňiş bilen «Ahalyň» taryhynda ilkinji çempionlygyna bolan umydy artdy. Ýöne entek öňde 5 tapgyr we «Altyn asyryň» ätiýaçda duran iki duşuşygy bar. Iki toparyň arasyndaky utuk tapawudy bolsa 5 utuk. («Ahal» 23/50, «Altyn asyr» 21/45).
«Ahal» ýeňişleriň çempiony: Şu duşuşykdan soňra, möwsümdäki ýeňişleriniň sanyny 15-e çykaran «Ahal» bu ugurda ýaryş tertibiniň birinji ornuna ymykly ýerleşdi. Ozal «Ahal» 14 ýeňiş bilen bu orny esasy bäsdeşi «Altyn asyr» bilen paýlaşýardy.
«Ahal» gollar boýunça-da birinji: Möwsümdäki gollarynyň sanyny 42-ä çykaran «Ahal» bu netije bilen şu möwsümde iň kän tapawutlanan topara öwrüldi. Edil ýeňişleriň sanynda bolşy ýaly, gollar babatyndaky sanawda hem «Ahal» ozal 41 gol bilen birinji orunda «Altyn asyra» şärikdeşdi.
Durdyýew «Ahalda» 20-nji goluny geçirdi: Şu tapgyrdaky ýeňiş goly Didar Durdyýewiň «Ahalyň» düzüminde 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligada geçiren 20-nji goludyr. Ol toparyň taryhynda bu sepgide ýeten bäşinji futbolçy boldy. Has takygy, şol möwsümden bäri «Ahal» bilen Ýokary ligada Wahyt Orazsähedow 33, Didar Hajyýew 29, Myrat Annaýew 26, Altymyrat Annadurdyýew 22 gol geçirdi.
Iki toparyň arasynda ozalky duşuşyklaryň netijeleri:
Birinji aýlaw: 1:0;
Ikinji aýlaw: 0:1
Üçünji aýlaw: 0:0
Möwsüm boýunça: 2:1 («Ahal»).