Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2018: 4-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar

0
2337

Tapgyryň esasy aýratynlyklary:

10 golçy, 10-usam täze: Şu tapgyrda 10 futbolçy tapawutlandy, olaryň ählisi hem Ýokary liganyň täze möwsümindäki ilkinji goluny geçirdiler.

Çempionyň şemaly: Tapgyrda derwezelere 10 pökgi girizildi we bu tapgyr yzda galan dört tapgyryň iň köp gollusy boldy. 10 goluň 4-si bolsa häzirki çempion «Altyn asyra» degişli.

1-likleriň tapgyry: Tapgyrdan «Altyn asyrdan» başga toparlar ýa-ha diňe bir gol geçirip bildi, ýa-da asla gol geçirip bilmedi.

4-nji tapgyrdan soň 4 4-lik: Çempionatyň dördünji tapgyryndan soň dört gol geçirip bilen dört topar bar. Entek dörtden kän gol geçirip bilen ýekeje topar hem ýok.

«Köpetdag» — «Energetik» — 1:1.

Gollar:

0:1, Sahypnazar Durdyýew 7

1:1, Pirmyrat Sultanow 72'.

Derwezelere 130-njy ýol: Şu duşuşykda «Energetik» Ýokary ligadaky 130-njy goluny geçirdi. Topar liganyň taryhynda iň kän gol geçiren toparlaryň arasynda 16-njy orunda. 15-nji orundaky «Gazçynyň» yzyndan ýetmek üçin «energetiklere» ýene 5 gol gerek.

«Merw» — «Aşgabat» — 1:0.

Gol: 1:0, Perman Hallyýew 23.

Liderlik ýene «Aşgabatda»: Soňky tapgyrlarda şowsuz çykyş edýändigine garamazdan, «Aşgabat» bu tapgyryň ahyrynda hem ýaryş tertibiniň birinji ornuny hiç kime bermedi. Ýöne ýagdaý bu boljak bolsa, Amangylyç Koçumowyň şägirtleri indiki tapgyrlarda aşaky basgançaklara düşüp biler.

Ýekeje gol ikinji orny geçirdi: «Merw» Perman Hallyýewiň goly bilen ýeňiş gazandy we uzak aralykdan soňra ýaryş tertibiniň ikinji ornuna çykdy.

«Altyn asyr» — «Balkan» — 4:1.

Gollar:

1:0, Mekan Saparow 3

2:0, Begmyrat Baýow 12

3:0, Altymyrat Annadurdyýew 39

4:0, Myrat Ýagşyýew 84

4:1, Yhlas Toýjanow 90.

Täze möwsüme täze stadionda badalga: «Altyn asyr» täze möwsümdäki ilkinji duşuşygyny «Diller dünýäsi» dil merkeziniň (ozalky HTTU) stadionynda geçirdi.

Çempion ilkinji duşuşygynda 5-nji orna geçdi: Tapgyra 8-nji orunda başlan häzirki çempion «Altyn asyr» bu ýeňiş bilen dördünji tapgyry 5-nji orunda tamamlady.

Ilkinji gol ýyllar boýy çykyş edilen topara: Uzak ýyllaryň dowamynda «Balkanyň» düzüminde futbol oýnap, karýerasynda ilkinji gezek transferini amala aşyran Mekan Saparow täze möwsümdäki ilkinji goluny ozalky toparynyň derwezesinden geçirdi.

«Altyn asyr» Saparow bilen başlady: Mekan Saparow çempion toparyň şu möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.

Annadurdyýew ýarym 100-ligi arka atdy: Şu tapgyrda Altymyrat Annadurdyýew Ýokary ligadaky 50-nji goluny geçirdi.

Bombardir gol bilen başlady: Geçen möwsümde iň kän tapawutlanan futbolçy Myrat Ýagşyýew Ýokary liganyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşygynda hem tapawutlandy.

Toýjanow, hoş geldiň! Entek orta mekdebi hem tamamlamadyk ýaş futbolçy Yhlas Toýjanow Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi.

Iň kän golly duşuşyk: Bu duşuşyk, häzirlikçe, 26-njy milli çempionatymyzyň iň kän golly duşuşygydyr.

Indiki duşuşyk ýubileý: «Altyn asyr» indiki tapgyrda Ýokary ligadaky 300-nji duşuşygyna çykar.

«Ahal» — «Şagadam» — 1:1.

Gollar:

1:0, Süleýman Muhadow 15

1:1, Hydyr Ýakubow 47.

AFK-nyň kubogyndaky depgin nirede? Geçen ýylky wise-çempion «Ahal» täze möwsümdäki ikinji duşuşygynda-da utuk ýitirdi. Iki duşuşykdan bary-ýogy geçiren duşuşyklarynyň sany ýaly 2 utuk toplan bilen Röwşen Meredowyň şägirtleri ýaryş tertibiniň hem 7-nji ornunda.

Muhadow täze möwsüme gol bilen başlady: Süleýman Muhadow «Ahalyň» Ýokary liganyň täze möwsümindäki ilkinji goluny geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar