Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2018: 3-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar

0
2998

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

4 gol: Tapgyrda 3 duşuşykda 4 gol geçirildi. Şeýlelikde, 3-nji tapgyr, häzirlikçe, gollaryň sany boýunça ikinji orunda. Birinji orunda 8 golly ikinji tapgyr bar.

Tapawutlananlar 13-e ýetdi: Şu tapgyrdan soň, 26-njy çempionatymyzda tapawutlanan futbolçylaryň sany 13-e ýetdi. Olaryň diňe birinden galanynda ýekeje gol bar.

14 gol: Yzda galan 3 tapgyrda derwezelere 14 gol geçirildi.

«Aşgabat» — «Energetik» — 1:1.

Gollar:

0:1, Rahmet Şermetow 16'

1:1, Ilýas Minhairow 90+3'.

Bir utuk ikinji orna çykardy: Netijeden hem görnüşi ýaly, garşydaşlaryň hersine 1 utukdan ýetdi, ýöne bu netije «Aşgabady» ýaryş tertibiniň birinji ornunda alyp galan bolsa, «Energetigi» ikinji ornuň ýeke-täk wekili etdi. Indi «Aşgabatda» 7, «Energetikde» 4 utuk bar.

7 utuk üçin 4 gol ýeterlik boldy: Çempionatyň häzirki lideri «Aşgabat» 7 utuk gazanmak üçin yzda galan üç duşuşykda 4 gol geçirdi. «Energetik» bilen «Balkanda» bolsa 3 gol bar.

«Ahal» — «Köpetdag» — 0:0

«Köpetdag» bu gezek eýgertmedi: Röwşen Meredowyň şägirtleri geçen möwsümde hem ilkinji duşuşygyny «Köpetdag» bilen geçiripdiler. Ýöne şol duşuşykda «Ahal» kynlyk bilen hem bolsa ýeňiş gazanypdy. Bu gezek bolsa...

«Balkan» — «Merw» — 2:0.

Gollar:

1:0, Yhlas Magtymow 32'

2:0, Azat Garajaýew 62'.

Arzyly ýeňiş üçünji tapgyrda geldi: Yzda galan üç tapgyrda-da duşuşyk geçiren «Balkan» ahyrsoňy täze möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy.

35 ýaşly goragçy — bombardir: «Balkanyň» 35 ýaşly goragçysy Azat Garajaýew şu möwsümde iki pökgi geçirip bilen ýeke-täk futbolçy.

Bombardir 30-njy goluny geçirdi: Şu tapgyrdaky gol Azat Garajaýewiň Ýokary ligada 2012-nji ýyldan bäri geçiren 30-njy goludyr.

«Balkanda» 10-njy goly: Ýurdumyzyň dürli toparlarynda çykyş edip, birnäçe ýyldan soň ýene «Balkana» dolanyp gelen Azat Garajaýew toparyň düzüminde soňky 2 ýylda Ýokary ligadaky 10-njy goluny geçirdi.

1010: Bu san owadan hem bolsa, «Merwiň» janköýerleri üçin hoş habar däl. Şu duşuşykda Azat Garajaýewiň geçiren goly «Merwiň» derwezesinden Ýokary ligada geçirilen 1010-njy goldur. Ýeri gelende aýtsak, «Merw» milli çempionatymyzda derwezesinden gol geçirtmekde «Turandan» soň ikinji orunda. Ýöne birinji orna geçmek üçin entek menzil uzak. Daşoguz şäheriniň topary milli çempionatymyzda 1309 gol geçirtdiler. Üçünji orundaky «Lebap» bolsa derwezesinde 993 gol gördi.

1400-e 20 ädim galdy: Şu tapgyrdaky ýeňiş bilen «Balkan» Ýokary ligadaky 1380-nji utugyny gazandy. Ol çempionatymyzda iň kän utuk gazanan topardyr. Maglumat hökmünde aýtsak, ikinji orundaky «Merwiň» 1053, üçünji orundaky «Şagadamyň» 894 utugy bar. Galan toparlaryň utuklary baradaky maglumatlary tegelek sanlara gabat gelende habar bereris.

«Şagadam» — «Altyn asyr» duşuşygy 9-njy maýa geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar