Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hem-de Aşgabadyň «Altyn Asyr» toparynyň goragçysy, 2016-njy ýylyň futbol möwsüminiň jemi boýunça geçirilen ses berlişigiň netijesinde ýurdumyzyň iň ökde oýunçysy diýlip yglan edilen ªöhrat Söýünow bilen söhbetdeşligimizi 25-nji gezek geçirilen milli çempionatymyzyň iň gyzgalaňly döwründe – «Altyn Asyr» bilen «Ahalyň» arasynda çempionlyk ugrunda ýiti göreşiň dowam edýän günlerinde guramak isläp, oňa ýüz tutanymyzda, ªöhrat söhbetdeşligiň möwsüm jemlenenden soňra geçirilse göwnemakul boljakdygyny aýtdy. Onuň çykyş edýän topary Diýarymyzyň bassyr dördünji sapar çempiony bolanyndan soňra-da, ine, şol niýetlän söhbetimizi ýazga geçirmäge mümkinçilik döredi.
– Şöhrat, ilki bilen «Altyn Asyryň» düzüminde ýurdumyzyň nobatdaky gezek çempiony bolmagyň hem-de milli ýygyndymyzyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň 2019-njy ýylda geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanmagy bilen gutlaýarys!
– Gutlagyňyza köp sag boluň! Menem pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň hem-de «Altyn Asyryň» janköýerlerini bu uly üstünlikler bilen gutlaýaryn, geljekde-de olaryň ynamlaryny ödemeklik üçin zehinimizi, tejribämizi gaýgyrmarys.
– Uly futbola çenli terjimehalyň bilen okyjylarymyzy gysgaça tanyşdyraýsaň?
– 1992-nji ýylda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Goňur obasynda doguldym. Kiçiligimden telewizorda futbol görkezilse, aýdylyşy ýaly, başynda ýüpsüz baglanyp oturybererdim. Deň-duşlarym bilen futbol oýnamagam gündelik güýmenjämizdi. Şonuň üçinem ilkinji dört synpy Mary şäherindäki 13-nji, 5-nji synpy obamyzdaky 31-nji orta mekdepde okanymdan soňra, ýagny 6-njy synpdan başlap paýtagtymyzdaky «Olimp» orta sport mekdebinde okap ugramagymy diňe futbola bolan söýgimiň, höwesimiň uludygy bilen düşündirip bilerin.
«Olimpde» 6 – 9-njy synplar aralygynda tälimçim Mihail Saribekow boldy. 10-njy synpda Amangylyç Koçumowdan futboluň inçe tilsimlerini öwrenmek miýesser etdi. Hut 10-njy synpda okap ýörkämem, ýagny 2009-njy ýylda-da paýtagtymyzyň HTTU toparynyň düzüminde meýdança çykmak bilenem uly futbola gadam basdym.
– Şöhrat, häzire çenli oýnan professional toparlaryň, olardaky halypalaryň hakynda gürrüň beräýseň?
– Ýaňam aýdyşym ýaly, uly futboluň köýnekçesini geýip, meýdança çykan ilkinji toparym paýtagtymyzyň HTTU topary bolupdy. 2015-nji ýyla çenli bu toparda baş tälimçiler Ýazguly Hojageldiýewiň hem-de Röwşen Meredowyň türgenleşdirmeklerinde çykyş etdim. 2015-nji ýyldan bärem Ýazguly Hojageldiýewiň baş tälimçilik etmeginde «Altyn Asyryň» üstünliklerine başardygymdan goşant goşup gelýärin.
–Indi bu toparlar bilen gazanan medallaryň, Kuboklaryň dogrusynda biraz giňişleýinräk durup geçäýseň?
– Milli çempionatymyzyň ýokary ligasynda çykyş eden ilkinji möwsümim bolan 2009-njy ýylda, şol wagt çempionat iki aýlawdan ybaratdy, dört oýny deňme-deň oýnap, galan ähli duşuşykda ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň çempiony bolupdyk. 2013-nji ýylda-da bu topar bilen Diýarymyzyň futbol çempionatynyň altyn medalyna eýe bolmak miýesser etdi. 2011-nji ýylda ýurdumyzyň Kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşyň finaly paýtagtymyzda bolup, şonda «Aşgabat» topary bilen geçiren oýnumyzyň esasy we goşmaça wagtlarynda hasap açylmandy. 11 metrlik urgular esasynda HTTU-nyň 4:2 hasabynda ýeňiş gazanmagyndan soňra-da ilkinji gezek Kubogy al-asmana götermek mümkinçiligine eýe bolupdym. Elbetde, 2009-njy ýylda Aşgabatda «Altyn Asyry» 3:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň «Naýbaşy Kubogyny» eýelänimizde-de ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary başdan geçiripdim.
2013-nji ýylda «Naýbaşy Kubok» ugrundaky oýun Türkmenabatda geçirilip, garşydaşymyz Balkanabadyň «Balkan» topary bolupdy. Diýseň çekeleşikli geçen şol duşuşygyň esasy wagty 0:0, goşmaça wagty 1:1 hasabynda tamamlanypdy. 11 metrlik urgularda-da ýene-de biziň bagtymyz çüwüp, 4:3 hasabynda ýeňiş gazanypdyk.
2014-nji ýylda HTTU-nyň AFK-nyň prezidentiniň Kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşda ýeňiş gazanmagy türkmen futbolunyň halkara derejesindäki uly üstünligi bolupdy. Şonda bu ýaryşyň jemleýji tapgyrynyň oýunlary Şri-Lanka döwletinde geçirilipdi. Demirgazyk Koreýanyň «Rimýongsu» toparyny Akmyrat Jumanazarowdyr Süleýman Muhadowyň geçiren pökgüleri bilen 2:1 hasabynda utan final oýnumyzy men hiç haçan ýadymdan çykarmaryn.
Soňky üç ýylda «Altyn Asyr» bilen ýurdumyzyň çempiony bolmak nesip edip gelýär. 2015-nji ýylda Diýarymyzyň Kubok ýaryşynyň aýgytlaýjy duşuşygy Balkanabatda geçirilipdi. Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» bilen bolan şol oýnuňam esasy we goşmaça wagtlarynda hasap açylman, 11 metrlik urgular 7:6 hasabynda biziň peýdamyza tamamlanypdy. Şol ýyl paýtagtymyzda «Ahaldan» 3:0 hasabynda üstün çykyp, «Naýbaşy Kuboga» eýe bolmagam biziň paýymyza düşdi.
Ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň 2016-njy ýyldaky finalynda «Aşgabat» topary bilen oýnadyk. Daşoguzda bolan şol duşuşyk tutuşlygyna diýen ýaly biziň futbolçylarymyzyň pökgä erk etmeklerinde geçip, «Altyn Asyr» 4:0 hasabynda üstün çykypdy. Şol ýyl Aşgabatda «Şagadamy» 2:1 hasabynda ýeňip, «Naýbaşy Kubogyňam» eýesi bolmak başardypdy. Geçen ýyl şu hasapda paýtagtymyzda «Aşgabat» toparyny utup, nobatdaky sapar «Naýbaşy Kuboga» mynasyp bolmaklygyň miýesser edenliginem aýdyp goýaýyn. 2016-njy ýylyň futbol möwsüminiň jemi boýunça ýurdumyzyň iň gowy oýunçysyny saýlamaklykda maňa ses berenlere, şeýdibem meniň bu derejä mynasyp bolmaklygyma goşant goşanlara bolsa, pursatdan peýdalanyp, tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin.
– Tüweleme, Şöhrat, sylaglaryň-a sanasaň sogaby bar diýenleri eken, höwri köp bolsun! Indiki sowalym şeýleräk: goragçynyň esasy wezipesi pökgi geçirmek däl-de, öz derwezesini aman saklamak. Şeýle-de bolsa, garşydaşynyň derwezesine pökgi girizmek her bir futbolçynyň arzuwy, ilkinji geçiren pökgiň ýadyňa düşýärmi?
– Elbetde. Ilkinji pökgimi 2009-njy ýylda häzirki oýnaýan toparymyň derwezesine girizipdim we şonda duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlanypdy. Her möwsümde hüjümçilerçe tapawutlanýan goragçylaram bar, ýöne maňa beýle ukyp berilmändir. Iň köp pökgi geçiren möwsümim 2015-nji ýyl bolup, 3 pökgini öz adyma ýazdyrypdym.
– Sen häzir ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň esasy goragçylarynyň biri. Umuman, ýygyndy toparlarymyzda haçandan bäri çykyş edip gelýärsiň?
– Ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysynyň düzüminde ilkinji gezek 2007-nji ýylda meýdança çykdym. 14 ýaşlylaryň arasynda Aziýanyň çempionatynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde bolan saýlama tapgyrynda Eýranyň ýetginjekler ýygyndysynyň garşysyna geçiren oýnum ýygyndy toparymyzyň hataryndaky birinji duşuşygymdy. Milli ýygyndymyzda bolsa 2011-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýärin.
– Esasy ýygyndymyzda ilkinji geçiren oýnuň?
– Şol gün 2011-nji ýylyň 23-nji martydy. Malaýziýada AFK-nyň Çagyryş Kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşda Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyndan 2:0 hasabynda üstün çykypdyk.
– Ýygyndymyz bilen, aýdylyşy ýaly, iň kyn we ýeňil düşen oýunlaryňy agzap biljekmi?
– Ilki bilen aýtjagym: hiç bir oýun ýeňil düşmeýär. 2012-nji ýylyň 19-njy martynda Nepalda AFK-nyň Çagyryş Kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşyň finalynda Demirgazyk Koreýadan 2:1 hasabynda utulan oýnumyzy, 2015-nji ýylyň 16-njy iýunynda dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Eýranyň ýygyndysy bilen Daşoguzda 1:1 hasabynda oýnan oýnumyzy has kyn düşen duşuşyklar hökmünde görkezmek bolarmyka diýýärin. Geçen ýylyň 14-nji noýabrynda Balkanabatda Hytaý Taýpeýini 2:1 hasabynda ýeňip, 2019-njy ýylda BAE-de geçiriljek yklymyň iň uly futbol ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanmagymyz bolsa futbol durmuşymdaky iň ýatda galyjy pursatlar bolan bolsa gerek.
– Şöhrat, «Altyn Asyr» bilenem, milli ýygyndymyzyň hatarynda-da diňe ýeňişler, üstünlikler arzuw edýäris!
Söhbetdeş bolan Hezret HOJAGULYÝEW.
«Türkmen sporty» gazeti.

