Soňky habarlar

Arhiw

Röwşen Meredow: “Dordoý” güýçli garşydaş, ýöne ....”

0
2280

Ady rowaýata öwrülen belli ukrainaly tälimçi Waleriý Lobanowskiniň şeýle meşhur sözleri bar: “Durmuşda tälimçilikden kyn käre duşmadym. Futbolçy wagtyň, hemme zat özüňe bagly. Eger sen gowy oýnasaň, toparyň pes oýun görkezen ýagdaýynda hem seni tankyt edenoklar, sebäbi, eýýäm öz oýnuň bilen möhüm zady subut edip bolýar. Emma, tälimçi bolanyňdan soň, özüň çykyş etmeýän meýdanyňda, başgalar tarapyndan amala aşyrylýan işlere jogap bermeli bolýar”.
Lobanowskiniň ýokardaky jümleleriniň niçiksi dogrudygyna biz “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň howandarlygyndaky “Ahal” toparynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow bilen gürrüňdeşligiň dowamynda hem göz ýetirdik. Tälimçiniň halkara oýnuň öň ýanynda, iş-aladasynyň kändigine garamazdan, biz bilen söhbetdeşlige wagt tapandygyna bolsa, az begenmedik. Şol sebäpli-de, Röwşen bilen az wagtlyk salam-helikden soňra, oňa haýdan-haý özümizi, biziň bu söhbetdeşligimize sabyrsyzlyk bilen garaşýan futbol janköýerlerimizi gyzyklandyrýan sowallarymyzy bermäge girişdik.

−Röwşen, tüweleme, 2018-nji ýylyň ilkinji resmi oýnuny halkara derejede başlamaly bolduňyz. Täze möwsüme taýýarlygyň çäklerinde türgenleşigi has-da artdyrmaly bolandyr, elbetde?

−Umuman-a, türgenleşik işlerini ýurdumyzyň çempionatyna taýýarlyk görülýän döwrüň çäklerinde  alyp barýanlygymyz köptaraplaýyn amatly. Nesip edenden, öňümizde möhüm oýun garaşýar. Men bir tarapdan täze möwsüm başlanmazdan öň halkara oýun oýnamak, oglanlary has-da kämilleşdirer diýibem biljek. Sebäbi, ýurdumyzyň milli çempionaty hem soňky döwürler gaty dartgynly görnüşde geçirilýär, meýdanyň her ädimi  üçin göreşiň ýitileşmegi, islendik  topardan ullakan taýýarlygy talap edýär. Diýjek bolýanym, halkara oýunlarda gazanylan tejribeler bize milli çempionatymyzdaky oýunlarda gowy ýardam eder.

−Garşydaş topar,  ýagny “Dordoý” hakynda näme aýdyp bolar, her halda bu topar biziň futbol janköýerlerimiz üçin nätanyş-a däl. Deslapky tapgyrda toparlaryň mümkinçiliklerine nähili baha berýäňiz?
-Merdan, futbolda şeýle bir ýagdaý bar-da, ony  özüňizem bilýänsiňiz, bir möwsümden soň, toparyň oýun derejesi düýbünden özgerip bilýär. Meselem, biziň toparymyzam geçen ýyldaky oýunlaryndan has tapawutly oýun görkezýär. Bärde gürrüň toparyň güýçli ýa-da gowşaklygynda däl, toparyň oýun gurnaýyş usulyndaky bolup bilýän  üýtgeşmede. “Dordoý” häzir güýçli , biz ony  geçen möwsümdäki “Balkan” bilen oýnan oýny esasynda göz öňümize getirsek, ýalňyşarys. Olary türgenleşdirýän Aleksandr Krestinin ussat tälimçileriň biri. Şonuň üçin oýun hiç topara-da aňsat düşmez. Mümkinçilik hakynda aýtmaly bolsa,bir zady aýratyn belläýin:  “Utulan çykdy oýunlary, toparçadaky oýunlara garanyňdan köp jogapkärçiligi, hüşgärligi talap edýär. Bärde bary-ýogy iki oýunda ýeňiji kesgitlenilýär, üstesine  myhmançylykda salnan gol hem öz täsirini ýetirilýär. Ýagny islendik sportda bolşy ýaly, azda-kände amatyň, şowlulygyň gülüp bakmagam gerek. 
Tälimçi hökmünde, garşydaş toparymyza hormat goýmak bilen, şuny aýdasym gelýär. “Dordoý” güýçli garşydaş, ýöne muňa garamazdan biz, nesip etse indiki tapgyra geçmegiň hem hötdesinden geleris.
− “Dordoý” bilen oýnuň usulynam, edil içki çempionatdaky ýaly goraga köp üns bermek ýagdaýynda alyp bararsyňyzmy?!
−Bilýäňiz-ä, utulan-çykdy oýunlarda, ýaňam belleýşim ýaly, myhmançylykdaky gol möhüm, şonuň üçin hüjüme köpräk üns berler, elbetde, goragy ýatdan çykarmazdan. Galanynam, oýnuň dowamynda ýagdaýlar nämäni talap etse görübermeli bolar.
Ýöne şu soragy bereniňiz üçin, ýene bir zady aýdasym gelýär-dä. Diňe siz däl, başga-da köp ýerde biziň toparymyz hakynda “esasan goraga üns berýän topar” diýip baha berilýändigine kän gabat geldim. Belki, onuň geçen möwsümde iň az, ýagny 21 pökgi geçirden topar bolanymyz üçin diýilýän bolmagy hem ahmal. Aslynda bolsa, toparymyz hüjümkär oýun görkezýär, ýagny, jemlenen möwsümde biz 70 gol salyp, bu babatda diňe “Altyn Asyrdan” yza galdyk. Ýöne näme, iň az top geçirdemizsoň, janköýerleriň we bilermenleriň ýadynda goragy has güýçli topar diýip galaýdyk (ol ýylgyrdy). Bizde meýdanyň hemme ýerine deň derejede üns berilýän oýun usuly ýöredilýär.
  −Düzümdäki oýunçylar nähili, topara  täze gelip goşulanlar bardyr?
  −Hawa, ol janköýerlere hasam gyzyklydyr. Sebäbi  ýurdumyzda transfer möwsümem dowam edip dur. Häzirki wagtda “Altyn Asyr” futbol toparyndan Süleýman Muhadow aramyzda gelip goşuldy, ol geçen möwsümde-de “Şagadamda” kärendesine oýnapdy.
Ondan başgada Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzasy Guwanç Abylow hem indi “Ahal” toparynyň hatarynda çykyş eder.
-Tüweleme, onda uly öňegidişlik diýse boljakda, geçen möwsümde öziniň ezberligini görkezen futbolçylar bilen düzümi baýlaşdyrypsyňyz. Süleýman Muhadow 2012 nji ýyldan bäri ýokary ligada iň kän tapawutlanan futbolçy bolmaly, Guwanç Abylowam şol onluga girýän futbolçylardan ýalňyşmasam...
-Sag bol, hawa topara gowy täsir edip biljek oglanlar, olaryň ikisem edil geçen möwsümde hem iň köp tapawutlananlaryň onlugyna giren futbolçylar.
−Röwşen, onda näme, beren gürrüňiň üçin sag bol,  öňümizdäki oýunlarda hem üstünlik hemraňyz bolsun
−Aýdanyňyz gelsin! Sizem sag boluň.
                                                                                                     

Merdan Baýadow,

sport synçysy.

(Makala TFF-nyň resmi saýtyndan alyndy)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar