Näme üçin “Hytaý” telefonlaryň bahalary “Samsung” we “Iphone” telefonlaryna görä arzan?

0
20244

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda tehnologiýalar, şol sanda öýjükli mobil telefonlar özgerip, olaryň ählisi diýen ýaly “akylly” öndürilip başlandy. Bu ýerde “akylly” diýmek – özünde birnäçe çylşyrymly we adamzada peýdaly funksiýalary jemlemegi aňladýar, ýagny iňlis dilinde aýdanymyzda “Smartphone” (smart-akylly, phone-telefon) diýmekdir.

Meselem, olarda “Wi-fi” tehnologiýasynyň bolmagy we enjamlary telefonlaryň üsti bilen dolandyryp bilmek, ulanyjyny onuň barmak yzy arkaly tanamak, telefony ses arkaly dolandyryp bilmek ýaly mümkinçilikleriniň bolmagy we ş.m.

“Akylly” telefonlaryň arasynda meşhurlyga eýe bolan we iň köp ulanylýanlaryň arasynda “Samsung” we “Apple” kompaniýalarynyň mobil telefonlaryny mysal getirmek bolar. Bu iki kompaniýa hem biri-birinden gowy, has “akylly” telefonlary öndürmekde ýaryşyp, ulanyjylary öz önümleri bilen kanagatlandyrýarlar.

Bulardan başga-da, Hytaýda öndürilýän birnäçe “akylly” telefonlary mysal getirmek bolar. Meselem, soňky wagtlarda ýuwaş-ýuwaşdan tanalyp başlanan “Xiaomi” we “Lenovo” mobil telefonlary. Elbetde, bulary öndüriji kompaniýalaryň hem önümleri örän güýçli, hili ýokary, şeýle-de “Samsung” we “Iphone” mobil telefonlarynyň ýerine ýetirýän ähli funksiýalaryny özlerinde jemleýärler.

Käbir häsiýetnamalarynda bolsa, mysal üçin, “Xiaomi” mobil telefonlarynyň batareýa güýjüniň (akkumulýator) uzaga gidişi, beýleki kompaniýalardan has öňdedigini bellemek bolar.

 

Ady agzalan Hytaý mobil telefonlarynyň beýleki meşhur telefonlaryndan işleýiş ukyby boýunça tapawudy kän bir ýok bolsa-da, näme üçin olaryň bahalary arzan? Bu sorag barada pikirlenip gördüňizmi?

1. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, “Samsung” we “Iphone” mobil telefonlaryny öndüriji kompaniýalar girdejileriniň köp bölegini marketinge (mahabat işleri, önümi “brend” etmek boýunça işler we ş.m.) sarp edýärler, şol sebäpden olaryň bahalary “Xiaomi” ýaly telefonlara görä gymmat bolýar. “Xiaomi” mobil telefonlaryny öndüriji kompaniýa bolsa önümiň marketingi üçin gaty az mukdarda pul sarp edýändikleri bellenilýär. Şu güne çenli teleýaýlymlarda “Xiaomi” mobil telefonlarynyň mahabatlaryny gördüňizmi? Elbetde ýok, bolsa-da gaty azdyr. Olaryň bahalarynyň arzanlygynyň birinji sebäbi – marketinge sarp edilýän puluň az bolmagy.

2. Hytaý telefonlarynyň oflaýn (fiziki) dükanlary ýok diýlen ýaly. Olar harytlaryny diňe onlaýn (internet üsti bilen) satýarlar. Diýmek, bu sebäp hem bahalarynyň arzanlygyna täsir edýär.

3. Käbir hytaý telefon öndürýän kompaniýalar enjamlaryny özleri öndürýärler. Meselem, “Huawei” telefonlarynyň köpüsinde prosessorlary özleri tarapyndan öndürilýär. Bu sebäp hem bahalaryna täsir edýär.

 

Näme üçin “Hytaý” telefonlaryň bahalary “Samsung” we “Iphone” telefonlaryna görä arzanlygynyň esasy sebäpleri ýokarkylardan ybaratdyr.

Türkmenistanda meşhur bolan hytaý mobil telefonlarynyň 3 sanysyny mysal getirmek bilen, olaryň gysgaça häsiýetnamalaryna seredeliň.

 

Lenovo Vibe X3:

“Android 5.1” operasion ulgamly,

alty ýaderli “Qualcomm Snapdragon 808” prosessorly,

kamerasy – 21 MP, RAM – 3GB;

 

 

 

Huawei P9:

“Android 6.0” operasion ulgamly,

“Huawei Kirin 955” prosessorly,

2 obýektiwli, hersi 12 MP kameraly,

RAM – 3GB;

 

 

Xiaomi Redmi 3:

“Android 5.1” operasion ulgamly,

sekiz ýaderli “Qualcom Snap 616” prosessorly,

batareýasy örän güýçli,

13 MP arka kamerasy we 5 MP öň kamerasy,

RAM – 2GB.

 

 

Häsiýetnamalaryna göz aýlanymyzda, beýleki meşhur mobil telefonlarynyň häsiýetnamalary bilen deňräkdigini bellemek bolar.

 

Eýsem, Hytaý telefonlaryny satyn almak bolarmy? - diýlen soraga: biziň pikirimizçe elbetde, bolar! Olaryň häsiýetnamalaryny seljerip, her kim özüne laýygyny satyn alyp biler.

Eýsem olar Samsung we Iphone akylly telefonlaryň ýerine ýetirýän şol bir funksiýalaryny ýerine ýetirip, häsiýetnamalary hem deňräkdir.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar