Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat AMANOW: «Çempionlyk hiç haçan aňsat düşmeýär»

0
4577

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem-de Aşgabadyň «Altyn Asyr» toparynyň tejribeli ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanow bilen bu söhbetdeşligimizi köp sanly janköýerleriň haýyşy boýunça guradyk. 1990-njy ýylyň 28-nji martynda dünýä inip, futboldaky ilkinji ädimlerini paýtagtymyzda eden, 2011-nji ýylda ýurdumyzyň iň ökde futbolçysy diýlip yglan edilen, diňe bir Diýarymyzyň däl, eýsem-de, goňşy döwletleriň käbiriniň futbol söýüjileriniň arasynda hem giňden tanalýan A.Amanow bilen söhbetdeşligimiz, köplenç adat bolşy ýaly, onuň futbol ýolundaky ilkinji synanyşyklaryndan başlandy.

– Arslanmyrat, futboldaky ilkinji ädimleriň hem-de şu günki derejäňizdäki futbolçy bolup ýetişmegiňde esasy rol oýnan tälimçiler barada bilmek biziň birinji sowalymyzyň özeni bolup durýar!

– Baş üstüne! Paýtagtymyzyň şol wagtky Olimpiýa rezerwli çagalar-ýetginjekler sport mekdebi meniň futboldaky ilkinji çynlakaý ädim äden ýerim boldy. Başlangyç tälimçime Aleksandr Ýakowlewiç Korobisin diýýärler. Soňra bu mekdepde Wasiliý Wasilýewiç Karpowyň elinde birnäçe ýyllap tälim alyp, jadyly oýnuň inçe tilsimlerini öwrendim. Ýokary ligadaky ilkinji tälimçim Rahym Gurbanmämmedow bolup durýar. Umuman, şu güne çenli maňa tälim beren halypalaryň hersiniň kämilleşmegimde aýratyn goşantlary bar. Şonuň üçin olary esasy we beýlekiler diýen ýaly derejelere bölesim gelenok.

– Şu güne çenli uly futbolda köýnekçesini geýip, meýdança çykmak miýesser eden toparlaryň hemmesi bilen tanyş edäýseň!

– 2006-njy ýylda «Aşgabat» toparynyň düzüminde ilkinji gezek milli çempionatymyzyň ýokary ligasynda çykyş edip ugradym. 2010 – 2011-nji ýyllaryň möwsümlerinde HTTU-nyň hatarynda oýnadym. 2012-0nji ýylda Gazagystanyň «Okžetpes» toparynyň düzümine goşuldym. 2013–nji ýylda 6 aýlap HTTU-nyň, şonça wagtlap hem «Altyn Asyryň» oýunçysy hökmünde çykyş etdim. 2014-nji ýylda ýene-de Gazagystanyň çempionatynda, bu gezek Pawlodar şäheriniň «Yrtyşynda» öz başarnygymy görkezdim. 2015–nji ýylda Özbegistanyň «Almalyk» toparynyň çakylygyny kabul edip, iki möwsümi bu goňşy ýurduň çempionatynda geçirdim. Üstümizdäki ýylda bolsa, görşüňiz ýaly, «Altyn Asyryň» nobatdaky gezek çempion bolmagy üçin ukybymda näme bar bolsa aýamazlyga çalyşýaryn.

– Çakylyklar bolsa-da, daşary ýurtda oýnamagy şobada ýüregiňe düwäýmek aňsat däl bolsa gerek, belki, maslahatlaşan adamlaryňyz bardyr?

– Elbetde, özüňden ululara sala salmak mydama zerur. Gazagystandan çakylyk bolanda aramyzdan juda ir giden ussat futbolçymyz Didargylyç Urazowdan bu ýurt, onuň çempionaty barada köp zatlary bilipdim, maslahatlaryny beripdi. Sebäbi ol men diýen wagtlary «Yrtyşyň» düzüminde oýnapdy.

– Agzan toparlaryňda gazanan üstünlikleriňi bilmegem okyjylarymyza örän gyzykly bolardy!

– 2007/2008-nji ýyllarda «Aşgabat» bilen ýurdumyzyň çempiony bolmak, 2011-nji ýylda HTTU bilen Kubogy eýelemek miýesser etdi. Özge ýurtlaryň ýaryşlarynda bolsa, gynansak-da, baýrak ýüzüme sylmak nesip etmedi.

– Arslanmyrat, öz ýurdunyň milli ýygyndysynda oýnamak her bir futbolçy üçin uly mertebe, dereje, jogapkärçilik. Häzire çenli ýygyndymyzyň düzüminde geçiren oýunlaryňdan iň esasy hökmünde aýratyn birini agzap biljekmi?

– Milli ýygyndymyzda men 2008-nji ýyldan bäri oýnaýaryn. Öz ýurdum üçin meýdança çykan her bir duşuşygym meniň üçin iň esasy, iň wajyp oýun. 2010-njy ýylda AFK-nyň «Çagyryş Kubogyny» eýelemek ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynda Täjiigistany ýeňenimizde, ýygyndynyň düzüminde ilkinji pökgümi geçirendigimi ýatlasym gelýär. Ine, häzirem biz 2019-njy ýylda geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşmak üçin göreş alyp barýarys. Yklym ýaryşynyň final tapgyryna çykyp janköýerlerimizi begendirmek üçin ähli güýjümizi orta goýarys.

– Derwezeden geçiren iň owadan hasaplaýan pökgüňi mysal getirip bijekmi?

– Meniň üçin toparyma ýeňiş getiren pökgim esasy bolup durýar. Ýöne gazaklaryň «Yrtyşynda» oýnaýarkam Semeý şäheriniň «Spartagynyň» derwezesinden geçiren pökgim siziň sowalyňyzyň jogaby bolup bilermikä diýýärin. Şonda öz meýdançamyzda 2:1 hasabynda ýeňlip durkak merkezden pökgini alyp gidişime 4 oýunçyny aldap, derwezeçi bilen ýekme-ýek çykypdym we hasaby deňläpdim. Soňlugy bilen 3:2 hasabynda ýeňşem gazandyk.

– «Altyn Asyr» soňky üç ýylda ýeňillik bilen çempion bolmagy başardy. Bu ýyl asla aňsat düşjege meňzänok. Sebäbi nämedekä?

– Bu daşyndan göräýmäge şeýledir – futbolda aňsat diýlen zat ýok. Çempionlygyň gazanylmagynda futbolçylaryň, tälimçileriň, galyberse-de, şol toparyň lukmanlarynyň, administratorlarynyň we beýleki işgärleriniň uly zähmetleri durýar, olaryň hersi öz goşandyny goşýar. Elbetde, sport şowlulygy hem hökman. Biz şu ýyl AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda oňat oýun görkezsek-de, sport şowlulygynyň nesip etmänligi üçin ýaryşy dowam etdirip bilmedik. Sowalyňyza bir jümlede jogap bersem: hiç bir çempionlyk aňsat düşmeýär.

– Milli çempionatymyzda haýsy şäherde oýnamak has ýakymly we näme üçin?

– Elbetde, ilkinji nobatda, Aşgabatda. Sebäbi kakamam, çagalarymam hemme oýnuma tomaşa etmäge gelýärler. Olar bolsa meniň durmuşymyň manysy. Balkanabat bilen Maryda bolsa futbola ýürekden berlen janköýerleriň köp bolanlygy sebäpli oýnamak elmydama ýakymly.

– Meýdançada haýsy futbolça meňzemek isleýärsiň?

– Hiç haçan birine meňzemek islemezdim. Durmuşda-da, saýlap alan hünäriňde-de öz-özüň bolanyň ýagşy. Dogrusy, fransiýaly Zidan, braziliýaly Ronaldo, argentinaly Messi gowy görýän futbolçylarym.

– Seniň pikiriňçe häzir milli çempionatda her ugur boýunça iň gowy oýunçylar kimler?

– Gowy oýunçylar kän, käbirini aýratynlykda agzamak ýerliksiz bolarmyka diýýärin. Milli ýygyndymyza elmydama soňky duşuşyklarda gowy oýun görkezen futbolçylar çagyrylýar. Kim çagyrylan bolsa şolar hem sowalyňyzyň jogaby bolup durýar.

– Arslanmyrat, hemmeleriň senden edýän tamasyny hemişe ödäp gezmegiňi arzuw edýäris!

– Sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar