Soňky habarlar

Arhiw

“AŞTU” we “Türkmentelekom” internetiniň tapawudy

0
30108

Geçen makalamyzda öýe nädip internet birikdirmelidigini ýazypdyk. Indi bolsa, her kimiň gyzyklanýan soragy barada ýazmagy makul bildik. Haýsy interneti saýlamaly? “AŞTU” we “Türkmentelekom” – ikisiniň berýän internetleriniň arasyndaky tapawut näme?

Nyrhnamalary

Ikisiniň hem nyrhnamalary deň. Hiç hili üýtgeşiklik ýok. Nyrhnamalary bilen olaryň töleg merkezlerinde ýa-da web saýtlarynda tanyşyp bilersiňiz.

Tizligi

Ikisi hem meňzeş tizligi hödürleýär. Birinde bar bolan tizlik, beýlekisinde hem bar. Muny hem töleg merkezlerinde ýa-da olaryň web saýtlarynda bilmek bolar.

Käbir ulanyjylaryň aýtmaklaryna görä, tizlik tapawut edýärmiş, aslynda bolsa beýle däl. Tizligiň pes ýa-da ýokary bolmagy öýe gelýän kabelleriň, sepleriň hilinden ýa-da “Wi-Fi” routerinden hem bolup biler.

Zerur enjamlar

Ikisi üçin hem meňzeş enjamlar talap edilýär. Öýe internet birikdirmek üçin nähili enjamlar zerurdygyny geçen makalamyzda aýdypdyk.

Işleýiş esaslary

Ikisi hem öýe birikdirilýän interneti 2 görnüşde hödürleýär: optiki aragatnaşygyň üsti bilen birikdirmek we telefon liniýasynyň (ADSL) üsti bilen birikdirmek.

 

Bellik: Aşgabat şäherinde öýe interneti “AŞTU” ÝGPJ-den we “Türkmentelekom” DEAK-yndan birikdirmek bolýar, welaýatlarda bolsa “Türkmentelekom” DEAK-yň welaýat şahamçalaryndan birikdirmek bolýar.

 

Ýokarda görnüşi ýaly, iki sany internet hyzmatyny berijileriň internetiniň tapawudynyň ýokdugyny görmek bolýar.

Ikisiniň arasyndaky jikme-jik tapawutlary bilmek üçin (tizlik, hyzmat ediş bölümleri, müşderiler üçin sorag-jogap gullugy we ş.m.), olary ulanýanlardan sorap bilmek bolar.

--------------------------------------

Öýe nädip internet birikdirmelidigi barada ýazan makalamyzy şu salgy boýunça okap bilersiňiz: https://turkmenportal.com/tm/compositions/385

Soraglaryňyz bolsa bize ýazyň: info@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar