Soňky habarlar

Arhiw

Döwletjan Ýagşymyradow - UFC-nyň bosagasynda duran türkmen pälwany

0
10357

Döwletjan Ýagşymyradow  - UFC-nyň bosagasynda duran türkmen pälwany

 

Doglan senesi: 22.05.1989 ý

Agramy: 92kg

Boýy: 180

Çykyş edýän topary: Kars

Çykyş edýän guramasy: ACB, Russiýa (reýtingde 6-njy orny eýeleýär)

 

 

Türkmen baýdagyny halkara ýaryşlarynda asmana göterýän pälwan ýigidimiz Döwletjan Ýagşymyradow bilen söhbetdeş bolmak hyýaly mende öňden bardy. Ýakynda onuň paýtagtymyza söweş sambosy boýunça okuw-türgenleşik geçmek üçin gelendigini eşidenimde, dessine arzuwymy hakykata öwürmegiň aladasy bilen boldum...

Başa-baş söweş sungaty bilen gyzyklanýanlara Döwletjan Ýagşymyradowyň kimdigini aýtmagyň zerurlygy ýok. Bilýän bolsaňyz, dünýäde başa-baş söweş bilen bagly duşuşyklary guraýan iri guramalaryň ikisi — UFC we Bellator hereket edýär. Bu ugurda çykyş edýän ACB (Russiýa) guramasy ýokarda adyny agzan guramalarymyzdan soň üçünji ýerde durýar.

Soňky ýyllarda sport dünýäsinde gazanýan ajaýyp ýeňişleri bilen janköýerleriň söýgüsini gazanan Döwletjan Ýagşymyradow bilen gaýybana tanyş bolsak hem turuwbaşdan sözümiz alşyp gitdi.  Kesesinden synlana köne tanyşlaryň duşuşygyny ýatladan bu söhbetdeşligimizde onuň durmuşy, sport älemindäki üstünliklere uzaýan  ýoly hakynda giňişleýin pikir alyşdyk.  

 

 – Döwletjan, ilki bilen, ýakynda Rostow şäherinde geçirilen abraýly ýaryşda gazanan ýeňşiň bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

– Sag boluň. Gürrüňdeşlige başlamazdan öňinçä, uly abraýly ýaryşyň bosagasynda duran türkmen halkyny tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Yklym derejesindäki abraýly ýaryşda türkmen türgenleriniň ýurdumyza abraý getirmeklerini tüýs ýüregimden arzuw edýärin.

– Türkmen pälwanlary bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çägine girýän söweş sambosy babatynda tejribäňi paýlaşmak üçin paýtagtymyza gelipsiň?

– Dogrudanam, türkmen halky abraýly ýaryşyň bosagasynda dur. Men hem indi ençeme ýyl bäri başa-baş söweş sungaty bilen meşgullanyp, ussat tälimçilerden tejribe toplap gelýärin. Garaz, ýurdumyzda şeýle derejeli ýaryşyň geçirilýän wagty meniňem öz mynasyp goşandymy goşasym geldi.

– Häzirki wagtda halkara arenalardaky çykyşyňa hemmeler ýaýlymlarda tomaşa edýär, internet arkaly maglumat alýar. Ýöne, Döwletjan Ýagşymyradowyň häzirki, derejesine ýetinçä geçen saldamly ýoly dogrusynda köpler bilýän hem däldir.

– Meniň özüm Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň Hojameresen obasynda önüp ösdüm. Obada ulalamyzdan soň, oglanlar bilen mekdebimizde açylan karate seksiýasyna ýazyldym. Söweş sungatyndaky ilkinji ädimlerimi ussat tälimçi Jorakuly Jumaýewden aldym. Umuman, karate bilen 8 ýyl meşgullandym.

– Aslynda, başa-baş söweşde käbiri urgulary geçirmegi, käbirleri bolsa göreş tilsimlerini ulanmagy özüniň esasy ugry edinýär. Diýjek bolýanym, esasy ünsüňi urgularda jemleýäň-dä onda.

–  Şeýle diýsegem bolýar. Karateden soňam Türkmenabatda kikboks bilen meşgullandym. Ýöne diňe urgular bilen başa-baş söweşde ýeňiş gazanyp bolanok. Göreş tilsimlerinem hökman ele almaly. Göreşiň inçe tilsimlerini ele almaga mümkinçilik berýän grepling bilen içgin tanyşmagyma harkowly Anton Baçaraşwiliniň roly örän uludyr. Bu tälimçi başa-baş söweşe barmagyma-da esasy sebäpkär boldy.

– Ukrainanyň Harkow şäheri...

–  Soragyňyza düşündim. 2009-njy ýylda Harkowa ýokary okuw mekdebine girmek üçin bardym. Ilki başda bar ünsüm okuwda boldy. Dogrusy, men okuwymy karýeram bilen deň derejede ýöredýän. Häzir Harkowyň Milli ykdysadyýet uniwersitetinde aspirantura galdym. Bilimimi doly derejede ele almagym esasy maksatlarymyň biri.

– Ýadyma düşýä, Harkowda geçirilen duşuşyklaryň birinde sekizburçlyk arenada çykyş edýänleriň biri şikesi zerarly çykyş edip bilmedi. Şonda sen ringe çykyp, taýýar gelen garşydaşyň bilen deň derejede çykyş etmegi başarypdyň.

– Islendik başlangyja ilki bilen bir zat sebäp bolmaly-da. Men şonda oglanlar bilen duşuşyga tomaşa etmäge bardym. Şol gezek meniň paýyma “jek pot” düşdi diýip arkaýyn aýdyp bilerin. Şol duşuşyk karýeramyň başlamagyna-da sebäp boldy. Ýalňyşmasam, 2011-nji ýyldy. Garşydaşymam çehiýaly güýçli hasaplanýan Rudolf  Krişdi.

– Göni ýaryşa çykaýmag-a kyndyr. Taýýar garşydaş bilen bäsleşmek üçin taýynlyk derejäň elmydama ýokary bolmaly. Ýa-da bolmasa, şunuň ýaly ýagdaýlar ýüze çykar diýen maksat bilen ýaryşa tomaşa etmäge bardyňmy?

– Edil ringe çykaryna diýip barmandym. Ýöne professional türgen elmydama taýýar bolmaly. Ýaňy hem belläp geçdim, derejesi ýokary garşydaşlar bilen çykyş etmek üçin sebäp gerek. Şonuň üçinem dörän mümkinçiligi öz peýdaňa ulanmak üçin eliňden gelenini etmeli. Çykyş edip ýören bolsaň teklip tapylýar. Ýöne ýaňy başlanlara ringe çykmak örän kyn.

– Şondan soň teklipler gelip ugrapdyrda onda?...

– Şol pursatdan soň Ukrainada başa-baş söweşleri guraýan “Oplot” guramasy bilen şertnama baglaşdym. Ýöne men diňe bir başa-baş söweş boýunça meşgullanmandygymam aýdaýyn. Sportuň grepling, pankration hem-de fri-faýtdan ukrainanyň çempiony boldum. Fri-faýtdan dagy ussatlyk derejesine-de ýetdim.

— Free fight ugry sportuň haýsy görnüşine ýakyn?

— Aslynda Free fight başa-baş söweşi bilen meşgullanjak bolsaň hökman gerek. Ol söweş sambosyna örän ýakyn.

– Başa-baş söweşde özüňi dünýä ýaýmakda “Oplot” guramasynyň orny ulu-da diýmek?

–   2011-2012-nji ýyllarda professional derejede ýaryşlara gatnaşyp ugradym. Häzirki derejä ýetmegim üçin “Oplot” hakykatdan hem maňa uly mümkinçilik berdi.

– Abraýly guramada näçe duşuşyk geçirdiň?                                      

– 10 duşuşyga gatnaşdym 2 ýeňlişim bar. Ýaňy aýdyşym ýaly, birinji geçiren duşuşygymy deňlikde tamamlapdym. Galanynam ýeňdim. Aslynda, häzirki wagta çenli geçiren duşuşyklarymyň 13-sinde ýeňdim, 5-sinde bolsa ýeňildim.

– Hemme ýeňlişleriň karýeraň başynda boldumy?

– Ýok başda 2 gezek ýeňildim. Üçünji ýeňlişimi ýatlasym gelenok. Russiýanyň Inguşetiýa Respublikasynda geçirilen M1 ýaryşyna bir hepde galanda güýçli garşydaş Mihail Rogozin bilen duşuşmak barada teklip gelipdi. Teklibi ikirjiňlenmän dessine kabul etdim. Doly derejede taýynlanyp ýetişmedim. Muňa garamazdan, iki raundlap garşydaşymy aldym-berdime saldym. Üçünji raundyň başynam gowy başladym... az salymdan ysgynym gaçdymy, nämemi... garaz ýeňildim. Şodur-şodur indi diňe azyndan üç aý öňünden duşuşyga taýýarlanyp başlaýan.

– Hemme işleriňi özüň ýöredýäňmi?

– Ýok, ýeke özüňe kyn düşýär. Iki ýyl bäri bu ugurda “kän çorba sowadan”  Karen Dalatýan bilen işleşýärin.

– “Kärdeşleriň” haýsysy bilen gatnaşyk saklaýaň?

– Russiýanyň ady belli türgeni Alekseý Aleýnik bilen egin-egne berip, bu ugurdaky ussatlygymy artdyrmaga çalyşýaryn. Onuň özi häzir UFC-de çykyş edýär. Meniň bu guramada çykyş etmegim barada mümkinçiligiň bolan wagty ýolbaşçylar bilen gepleşikleri geçirip berjekdigini aýtdy. Ýöne meniň häzirki maksadym ACB-niň çempionlyk guşagyny eýelemek.

– Bu guramada haçandan bäri çykyş edip gelýäň?

– Geçen ýylyň dekabrynda birinji duşuşygymy geçirdim. Şonda Wenada geçirilen duşuşykda angliýaly Den Konekini tehniki nokaut bilen ýeňdim. Ýakynda bolsa ABŞ-ly Jared Torgesony ýeňip, reýtingde altynjy orna geçdim. Ýarym agyr agramda çykyş edýän (93 kilograma çenli). Bu agramda bäsdeşlik örän ýokary.

– Diýmek, golaý geljekde siziň gatnaşmagyňyzda çempionlyk duşuşygyna tomaşa ederis-dä?

– Indiki duşuşygymy öňümizdäki oktýabrda ýa-da noýabrda geçirmekçi bolýan. Häzirki wagtda garşydaşym belli däl. Eger-de, şol duşuşygy öz peýdama tamamlasam, onda şondan soňky duşuşygym çempionlyk guşagy ugrunda bolar.

– Garşydaşym belli däl diýdiň welin... Aslynda näçe aý galanda garşydaşyň kimiň boljakdygy aýdylýar.

– Azyndan üç aý gerek bolýar. Geçen duşuşygymyň taýýarlygyny üç tapgyra böldüm birinjisi Harkowda geçdi, ikinjisinde Taýlandyň “Puket top-tim” sport zalynda urgularymy sazladym, üçünji tapgyr bolsa ýaryşyň geçýän ýerinde boldy. Garaz islendik ýaryşa özüňi taplamak üçin wagt gerek-dä.

– Häzirki wagtda kim bilen türgenleşik geçýäň?

– Ussatlygyň çägi ýok. Şonuň üçin birnäçe tälimçi bilen türgenleşik işlerini geçirýän. Esasanam  Edgar Garibýan meni ýaryşlara taýýarlaýar.

– Çempionlyk duşuşyga barýan ýol barada düşünje beräýseň?

– ACB-de geçiren iki duşuşygymam ýeňdim. Umuman meniň rekordym gowy. 13 ýeňiş. Bu hem guramanyň ýolbaşçylarynyň esasy ünsi çekýän zatlarynyň biri. Görkezijileriň gowy bolsa çempionlyk duşuşygyny gazanmak ýeňilräk bolýar.

– Soňky geçiren duşuşygyňda UFC-niň emini Herb Din eminlik edipdi. Seni ringe bolsa Jon Makkarti çykarypdy. Diýjek bolýanym, bu eminler diňe ýokary derejedäki ýaryşlarda eminlik edýärler.

– Ýaňy hem belläp geçdim. Biziň guramamyzyň reýtingi örän ýokary. Bizden Bellator ýa-da UFC guramalaryna geçmek mümkinçiligi has ýokary. Şonuň üçin oglanlar çempionlyk guşagyny gazanmak üçin ellerinde baryny edýärler.

– Diýmek seniňem esasy maksadyň UFC guramasyna geçmek-dä?

 – Hawa. Ýöne, diňe ACB-de çempionlyk guşagyny gazananymdan soň.     

– Umuman islendik ugurdadygyňa garamazdan, öz öňüňde maksat goýup şoňa ýetmäge ymtylmaly. Seniňem öz öňüňde goýan maksadyňa ýetmegiň tüýs ýürekden arzuw edýärin.

– Sag boluň. Menem mundan beýläk hem janköýerlerimi begendirmek üçin elimden gelenini ederin. Ýogsa, ilki başda ýeňleýin ýa-da ýeňilmäýin maňa kän bir agyr degmezdi. Bir söz bilen aýtsam ýeňilmekden gorkman ýaryşa çykýardym. Indi bolsa bu ýagdaý düýbünden başga, janköýeriň köpeldigiçe olaryň ynamyny ödemäge çalyşýarsyň. Bu-da goşmaça jogapkärçiligi üstüňe ýükleýär.

– Häzirki wagtda hormatlyPprezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda ýaşlary sporta, bedenterbiýä çekmek babatynda uly işler alnyp barylýar. Seniňem ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagyna itergi berjek maslahatlaryň bardyr.

– Ilkinji aýtjak zadym-a elmydama sport bilen meşgullanyň. Meniň elimden tutup, şu derejelere ýetiren adam ýok. Diňe öz halal zähmetim bilen, sagdyn-durmuş ýörelgesini özümiň esasy maksadym edinendigim üçin şu zatlar boldy. Şonuň üçinem diňe gowulardan görelde alyň diýmek isleýärin.

– Beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Çykyş eden ähli ýaryşlaryňyzda türkmen baýdagyny elmydama asmanda parlatmak miýesser etsin.

– Sag boluň.

---------------------------------------------------

Taýarlan: "Turkmenportalyň" habarçysy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar