Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çagalaryňyzy Aşgabatdaky ýeke-täk akwaparka getiriň!

0
44464

Paýtagtymyzdaky Bagtyýarlyk sport toplumynda üsti ýapyk binalardaky ýeke-täk akwapark siziň hyzmatyňyzda.

Akwapark näme?

Bütin dünýäde meşhurlykdan peýdalanýan akwaparklar çagalaryň iň söýgüli ýerleriniň biridir. Bu ýerde diňe bir suwa düşmek bilen çäklenilmän, eýsem-de dürli ugurdaky, aýlawly beýikliklerden suw kimin aşaklygyna “akmaga” mümkinçilik berilýär. Häzirkizaman akwaparklar bolsa, ýörite gurnalan “dagjagazlardan” başga deňiz tolkunlaryny döredýän ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Akwaparklaryň aglabasy üsti açyk basseýnlerde ýerleşýär. Ýöriteleşdirilen üsti ýapyk binalardaky akwaparklar bolsa selňeçdir. Islendik pasylda suwa düşüp bolýan ýapyk ýerdäki akwaparklaryň şowhuny has-da ýokarydyr. Ilkinji akwaparkyň geçen asyryň 40-njy ýyllarynda ABŞ-da peýda bolandygyny bilmek gyzykly bolsa gerek.

Näme üçin ýeke-täk akwapark?

Bagtyýarlyk sport toplumyndaky akwaparkyň aýratynlygy onda paýtagtymyzda üsti ýapyk binalarda ýeke-täk suw atraksionynyň bardygydyr. Tomus paslynda bolşy ýaly güýz, gyş, ýaz pasyllarynda hem Bagtyýarlygyň akwaparkynda tomsuň lezzetini alyp bolýar.

Bagtyýarlyk sport toplumyndaky akwaparkyň aýratynlygy

Bagtyýarlyk sport toplumyndaky akwaparkyň ilkinji aýratynlygy onuň islendik wagty suwunyň durulygydyr. Şeýle-de, ol paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýär we oňa barmak örän ýeňildir. Akwaparka çagalaryny elten ene-atalar üçin ikinji gatda ýörite dynç alyş burçy döredilendir. Çagalarynyň dynç alşyna amatly ýerden tomaşa edýän ene-atalara kafeniň işgärleri dürli dümen zatlary hödürleýärler. Çagalary bilen bilelikde akwaparkda ýüzmekçi bolýan ene-atalara hem elmydama mümkinçilik döredilýär.

Akwaparka çagalary getirmegiň peýdalary

Ene-atalaryň islendigi hem öz çagasynyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny isleýär. Bilşiňiz ýaly, suw saglygyň sakasydyr. Şonuň üçin hem Bagtyýarlyk sport toplumynda ýylyň islendik paslynda çagalaryň suwa düşmekleri üpjün edilýär. Çagalaryňyz akwaparkda suwa düşen mahaly, olar ýörite tälimçileriň gözastyndadyr. Mundan başga-da akwaparkda halas edijiler hem çagalaryňyzyň howpsuzlygyny birjikde gözden salmaýarlar.

Nädip arzan bahadan akwaparka gelmeli?

Akwaparka günde günäşa öz islän wagtyňyz gelmäge mümkinçilik döredilendir. Onuň iş wagty ir säher 06:00-da başlanyp, giç agşam 23:00-a çenlidir. Eger-de siz çagalaryňyz bilen hemişelik gatnamak isleseňiz, onda ýörite şahadatnamany hem alyp bilersiňiz. Şahadatnama alnan ýagdaýynda akwaparkyň bahasy deň ýarsyna çenli arzan düşýär. Şonuň üçin hem mümkinçiligiňizi elden bermän akwaparka abuna boluň!

Bagtyýarlyk sport toplumynyň salgysy: Paýtagtymyzdaky Bagtyýarlyk sport toplumy (öňki haýwanat bagynyň ýerinde ýerleşýär). Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-85-18; 36-81-64; 72-23-33

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar