Bagtyýarlyk sport toplumynda 25 metrlik arassa suwly basseýn hereket edýär. Basseýnde çagalara 6 ýaşdan türgenleşik geçmäge mümkinçilik döredilendir. Türgenleşikleri suwda ýüzmekde Ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony Merdan Ataýewiň kakasy Guwanç Ataýew alyp barýar. Türgenleşikler hepdede üç wagtyna geçirilip, çagalar professional derejedäki ýüzüşiň inçe tilsimlerini 2 aýda doly ele alarlar we geçirilýän türgenleşikleriň dessine netije berip, çagalaryň az wagtda özbaşdak ýüzmegi öwrenjekdigine Bagtyýarlyk sport toplumy güwä geçýär.
Her iki aýdan ýüzmäge täze başlan çagalaryň arasynda “Men ýüzüp bilýärin” ady bilen ýörite bäsleşik geçirilýär. Professional tälimçileriň gözastynda geçirilýän bäsleşige gatnaşan çagalaryň hemmesine gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Ene-atalaryň Bagtyýarlyk sport toplumynyň işgärlerinedir ýolbaşçylar toplumyna alkyşlarynyň çägi ýokdur. Çünki, çagalary 2 aýda ýüzmegi doly derejede ele alýan ene-ata mundan başga sowgat derkarmydyr.
Mundan başga-da, Bagtyýarlyk sport toplumyna gatnan çagalaryň has tapawutlananlary toplumyň tälimçileriniň maslahaty bilen Olimp suw sport toplumyna gatnamaga mümkinçilik döredilýär.
Dünýä belli alymlaryň belläp geçişi ýaly, çaga ýaşlykdan suwda ýüzüp başlasa onuň bedeniniň kämilleşmegi bilen birlikde berdaşly bolýar. Şu nukdaýnazardan Bagtyýarlyk suw sport toplumy siziň çagalaryňyza gysga wagtda suwda ýüzmegi öwredip, olaryň sagdyn nesil bolup ýetişmeklerine Siziň bilen bilelikde aladasynda bolar.
Doly maglumat almak üçin Bagtyýarlyk sport toplumyna jaň ediň, Sizi gyzyklandyrýan ähli soraglaryňyza doly jogap berler: 36-85-18, 36-81-64, 72-23-33.
Biziň salgymyz: Bagtyýarlyk sport toplumy (öňki haýwanat bagynyň ýerinde ýerleşýär)