Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat 2017-niň Ýörite lybaslary paýlanmak we akkreditasiýa merkeziniň işine badalga berildi

0
7678

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary täze sepgide ýetdi, ýagny Ýörite lybaslary paýlamak we akkreditasiýa merkezi resmi ýagdaýda işläp başlady.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew we Aşgabat 2017-niň baş ýerine ýetiriji müdiri Jeýms Bulleý Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde ýerleşýän desga resmi çakylyk boýunça geldiler. 

Ýörite lybaslary paýlamak we akkreditasiýa merkezi 35 000 adama Oýunlar döwri üçin akkreditasiýa şahadatnamasyny we ýörite lybasy paýlar.

Merkiziň işini synlan Daýanç Gulgeldiýew bu çärä gatnaşanlara iş hereketiniň akgynly geçýändigine hoşallygyny bildirdi: “Men ähliňize minnetdarlyk bildirýärin we Ýörite lybaslary paýlamak we akkreditasiýa merkeziniň açylyşy bilen gutlaýaryn. Ol örän wajyp sepgitleriň biri bolup, Oýunlaryň başlanmagynyň ýakynlaşyp gelýändigini aňladýar. Biziň Hormatly Prezidentimize akkreditasiýa şahadatnamasy geçen hepde gowşuryldy we indiden beýläk biz işgärleriň, meýletinçileriň we potratçylaryň ählisine akkreditasiýalaryny we ýörite lybaslaryny paýlamaga taýýar”. 

Jeýms Bulleý bolsa merkeziň işiniň guramaçylygyny taryplady: “Men öz tejribämde Olimpiýa oýunlarynyň 6-synyň ýörite lybaslary paýlamak we akkreditasiýa merkezlerinden ýörite lybaslarymy alyp gördüm. Men bu merkez beýlekileriň ählisinden iň gowysy diýip, ynamly aýdyp bilerin. Bu bolsa öz gezeginde siziň tagallalaryňyzyň netijesidir”.

D. Gulgeldiýew merkeze gelende, Aşgabat 2017-niň meýletinçileriniň, ýagny Ilkinji ýyldyzlarynyň 8 000-siniň käbirlerine äkkreditasiýa şahadatnamalary we ýörite lybaslary eýýäm berildi. Olar höwes bilen akkreditasiýanyň hasaba alyş nokadynda we işjeňleşdiriş otagynda beýleki deň-duşlaryna gerek bolan esbaplary almaga ýardam berdiler.

Merkeziň çykalgasyna ýetmezden öň, Oýunlaryň işgärleri iş hereketiniň dowamynda ýaşyl, sary ýa-da gyzyl çyzyklary yzarlap, birnäçe duralgalarda durup geçerler. Bu hereketiň özi bolsa ähliniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Aşgabat 2017-niň ýakynlaşyp gelýändigini subut edýär. Hereketiň ugrundaky duralgalar şu aşakdaky nokatlary öz içine alýar: “Surata düşmek”, “Akkreditasiýa şahadatnamasyny çap etmek”, “Ýörite lybasy almak”, “Ýörite lybasy deňäp görmek” we “Sorag-jogap nokady”. 

Ilkinji ýyldyzlaryň biri – Ýörite lybaslary paýlamak we akkreditasiýa merkeziniň topar ýolbaşçysy Meýlis Saparow özüne gysga ýeňli polo köýnegiň 3-sinden, jalbaryň iki jübütinden, kurtkadan, başgapdan we bile dakylýan torbajykdan ybarat bolan ýörite lybas gowşurylanda, ol begenjinden ýaňa ýylgyrdy. Meýlis iş wezipesini ýerine ýetirmek üçin ýörite lybasyny geýjek meýletinçileriň ilkinjileriň hataryna girýändigine buýsanýar. Ol şeýle diýdi: “Men ýörite lybasymy gowy gördüm. Bu gün meniň üçin “Aşgabat 2017” atly tejribämde iň wajyp günleriň biri. Biz üçin bu gün Oýunlaryň başlanýan günüdir”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar