Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat 2017-niň ýörite lybaslarynyň dabaraly ýagdaýda tanyşdyrylyşy geçirildi

0
8821

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň binasynda ýörite lybaslaryň köpçülige mälim edilmegi dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu Aşgabat 2017 oýunlaryň has-da ýakynlaşýandygynyň alamatydyr. 

Alty sany dürli reňkde gelýän ýörite lybaslar Aşgabat 2017-niň ýerine ýetiriji komitetiň işgärleriniň gatnaşmagynda görkezildi. Olaryň ýörite görkezme münberlerindäki çykyşlary tomaşaçylaryň şowhunly elçarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Ýörite lybaslaryň esasy reňkleri Aşgabat 2017-niň tumarynda ulanylýan reňkler bolup: sary reňk Garagum çölüni , ýaşyl reňk türkmen tuguny, gök reňk Hazar deňzini alamatlandyrýar. Injiriň benewşe reňki we pöwrize daşyny alamatlandyrýan açyk ýaşyl reňk, şeýle-de keteniniň gyzyl reňki peýdalanylandyr. Ýörite lybaslaryň reňkleri işgärler, meýletinçiler we tehniki wekiller üçin aýratyn saýlanandyr.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy D.Gulgeldiýew ýörite lybaslaryň tanyşdyrylyş dabarasynda, şeýle diýdi: “Oýunlar döwri üçin taýýarlanan ýörite lybaslaryň yglan edilmegi bilen biz Aşgabat 2017 oýunlaryna ýene-de bir ädim ýakynlaşdyk. Biz ýörite lybaslaryň Oýunlaryň şowhunyny görkezmegi üçin olary jikme-jik işläp düzdük. Haçan-da, wekiller we meýletinçiler bu ýörite lybaslary geýende, olar ýurdumyzda bolup geçýän şeýle ajaýyp wakalaryň bir bölegi bolýandygyna göz ýetirerler diýip umyt edýärin. Şeýle göze gelüwli ýörite lybaslary taýýarlamaga gatnaşan ähli işgärleri gutlaýaryn”.

Ýörite lybaslary işläp düzen topara ýolbaşçylyk eden Aşgabat 2017-niň täjirçilik bölüminiň müdiri Donna Teýlor şeýle täsin galdyryjy ýörite lybaslary taýýarlamak iş hereketi barada jikme-jik gürrüň berdi: “Ýörite lybaslary taýýarlamak üçin biz Aşgabat 2017-niň tumaryndaky nagyşlary ulandyk. Dizaýny işläp düzmekde türkmen halkynyň dürli welaýatlaryny ýa-da tire-taýpalaryny alamatlandyrýan nagyşly milli egin-eşiklerini nusga edindik. Nagyşlaraýdyň we düşnüklidir, şonuň bilen birlikde, olar türkmen milli nagyşlaryna mahsus bolan özboluşlylygy saklaýar”. 

Ýörite lybaslaryň resmi we gündelik üçin niýetlenen iki görnüşi işläp düzüldi: Olaryň ählisinde Oýunlaryň “Aşgabat 2017” ýazgysy buýsanç bilen görkezilendir.

Adaty ýörite lybas erkekler we zenanlar üçin aýratyn gysga ýeňli, ýakaly we ilikli polo köýnekden, köp jübüli süýngüç guşakly we aňsatlyk bilen dyza çenli gysgaldylýan oňaýly jalbardan, öňi ýapylýan we howa geçirýän matadan bolan kurtkadan, başgapdan we gerekli zatlary saklamak üçin bile dakylýan torbajykdan ybaratdyr.

Ýörite lybaslaryň resmi görnüşi ýüň gatançly 2 ilikli, içligi nagyşly we jübüsi keşdeli penjekden, erkekler üçin syrmaly we ilikli adaty jalbardan we zenanlar üçin uzyn biçüwli, yz tarapynda syrmaly we bilinde keşdeli ýubkadan ybaratdyr.

Mundan başga-da, ýörite lybasyň resmi görnüşiniň toplumyna erkekler üçin nagyşly boýunbagy we zenanlar üçin nagyşly şarf girýändir. 

8 000 sany meýletinçiniň her birine ýörite lybasyň gündelik görnüşi berler. Olaryň ýörite lybaslarynda esasy reňk Garagum çölüni alamatlandyrýan sary reňk bolup, injiri alamatlandyrýan benewşe reňkli hem-de ketenini alamatlandyrýan gyzyl reňkli nagyşlar köpçülikden saýlanmagyna ýardam berer.

Aşgabat 2017-niň akkreditasiýa we işgärler bölümininiň başlygy Şeron Makmaýkl bu dabaranyň ýurduň gülläp ösýän dokma senagatynyň üstünligini aňladýandygyny nygtap, şeýle belläp geçdi: “Aşgabat 2017 Türkmenistanda sportuň ösmeginde uly yz galdyrjakdygyna hiç hili şübhe ýok. Şol bir wagtyň özünde, müňlerçe adamlar üçin şeýle ajaýyp ýörite lybaslar hem ýurduň içinde öndürilýändigi buýsandyrýar. Gökdepede, Türkmenbaşyda, Gypjakda we Ruhabatda ýerleşýän dokma toplumlary ynanylan wezipäni ýokary derejede ýerine ýetirmegi başardylar. Bu Türkmenistanyň Dokma senagatynyň gazanan üstünlikleriniň aýdyň subutnamasy boldy”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar