Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen sprinterleri altyn medal üçin ýaryşa taýýar

0
9223

Ýeňil atletika toplumynda 18-nji sentýabrda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýeňil atletika sport görnüşi boýunça tomaşaçylar gyzykly oýunlara tomaşa edip bilerler. 

Ýapyk binada geçiriljek ýeňil atletika ýaryşy Aşgabat 2017-niň ýatdan çykmajak gyzykly ýaryşlaryň birine öwrüler we onda Aziýanyň iň çakgan türgenleri bilen birlikde, Türkmenistanyň adyndan iki sany sprinter türgen: Alişer Sadullaýew we Walentina Meredowa çykyş ederler

Iň gowy netije (60 metr uzaklygy 6.6 sekuntda geçip bilen Alişer Türkmenistanyň milli çempionatyna 27-nji ýanwarda goşuldy. Ussat türgen bu oýna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny şeýle beýan edýär: “Men Aşgabat şäherinde doguldym. Şol sebäpden sentýabrda geçiriljek ýaryşda men watandaş janköýerleriň öňünde çykyş ederin. Şu pikiriň özi eýýäm meniň üçin öňe gitmäge güýç berýär. Emma bu ýaryşda ýeňiş gazanmagyň ýeňil düşmejegine gözüm ýetip dur. Hytaýdan, Katardan we Ýaponiýadan geljek sprinterler bilen ýaryş has hem çekeleşikli boljaga meňzeýär. Emma ýaryşyň öz dogduk mekanymda geçirilmegi maňa çäksiz ynam berer diýip umyt edýärin we bu mümkinçilikden netijeli peýdalanmaga çalşaryn”.

Ýaňy-ýakynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda 100 m (10,83) we 200 m (21,83) aralykda ylgamak boýunça ýokary netijeleri görkezmegi başaran 20 ýaşly bu türgen Oýunlara özüniň taýýarlygyny görkezdi. 

Aşgabat 2017-niň 60 m we 4 x 400m marafonynyň ikisine gatnaşjak Alişer sport dünýäsine äden ilkinji ädimini ýatlaýar: 

“Sportuň bu görnüşine aýratyn ukybyň bardygyny mekdepde okaýan döwürlerim bedenterbiýe mugallymym bildi we ýeňil atletika toparyna goşulmagy teklip etdi. Birnäçe ýylyň dowamynda 400 m aralykda ylgamak boýunça gurnalan ýaryşlarda çykyş etdim. Geň görünmegi hem mümkin, ýöne sprinter bilen dostlarymyň goldawlary netijesinde meşgullanyp başladym. Tiz wagtyň içinde meniň üstünlik gazanjakdygym barada olaryň aýdanlary dogry bolup çykdy” diýip, sprintiň “janly rowaýaty” Usain Boltuň janköýeri bolan Alişer belläp geçýär. 

Türkmenistanyň ýeňil atletika toparynyň agzasy bolan 33 ýaşly Walentina toparyň uly ýaşly we tejribeli türgenidir. Ol 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda, 3 sany Ýapyk binalarda geçirilen halkara ýeňil atletika çempionatlarynda (2006, 2008 we 2016), üç sany üsti açyk desgalarda geçirilen dünýä çempionatlarynda (2005, 2007 we 2015) we iki sany Aziýa oýunlarynda (2006 we 2014) çykyş etdi. 

Ýakynda 60 m aralykda ylgamak boýunça milli rekord goýmagy başaran Walentina, sentýabrda geçiriljek Oýunlarda bu görkezijini has-da kämilleşdirmek üçin taýýarlyk görýändigini aýdyp geçdi:

“Geçen ýyl Kataryň paýtagty Dohada Ýapyk binalarda geçirilen Aziýa çempionatynda goýan milli rekordymy, Aşgabat 2017-de täzelemäge uly ynamym bar. Ýeňişlerimiň esasy sebäpkäri bolan ýanýoldaşym we gyzjagazym meni goldamak üçin desga gelerler. Olar maňa janköýerlik ederler”.

Ýeňil atletika sportunyň ussady Walentinanyň maşgalasynda özünden başga sport bilen meşgullanýan dogany Serdar Annaorazow hem Türkmen milli futbol ýygyndy toparynyň goragçysydyr. 

Walentina ýeňil atletika sportunda mekdep döwründen häzirki wagta çenli Baýmyrat Aşyrmyradowyň tälimçiligi astynda kämilleşip gelýär. Başarjaň zenan türgen sentýabr aýynda öz tälimçisine “gymmatly serpaý ýapmagy” arzuw edýär. 
 
“Tälimçim bütin sport durmuşymda meni goldap, türgenleşdirip geldi. Öz döwletimizde geçiriljek şeýle uly çärede men oňa ajaýyp “serpaý ýapmagy”, ýagny altyn medaly gazanyp bermegi arzuw edýärin. Bu arzuwymy durmuşa geçirjekdigime berk ynanýaryn” diýdi. 

Hytaý sprinterleri Ýuan Kýikýi, Wei Ýongli we Tao Ýujia Aşgabat 2017-niň oýunlarynda onuň güýçli garşydaşlary bolmagy mümkin. 

Mundan başga-da, Bagtyýar Rozyýew beýikligine bökmek we üçürdikläp bökmek dissiplinalary boýunça Türkmenistanyň adyndam çykyş eder.

“Men maşgalamda ýeňil atletika bilen meşgullanýan 3-nji nesliň wekilidirin. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmak enem Hasiýat Töräýewa we ejem Gülnara Rozyýewa dagydan “miras galdy”, olaryň ikisäm ýeňil atletika türgenleridi. Men öz tejribämi ylgamak sportundan başladym, soňra ýeňil atletikanyň bökmek görnüşine geçip gitdim. Indi men “dogry ýoly” saýlandygyma has-da göz ýetirdim” diýip, türgen öz sözüni tamamlady. 

Rozyýew 7.04 m beýikligine bökmek we 14,85 m üçürdikläp bökmek bilen şahsy rekorda eýe boldy. 

Begmyrat Makgaýew, Eziz Sähetnyýazow (ikisi hem 400m) we Perhat Annagylyjow (1500m) dagylar Aşgabat 2017-niň oýunlaryna gatnaşýan türkmen toparlarynyň düzümine girerler. 

Ýeňil atletika boýunça ýaryşlar 18-20 –nji sentýabr aralygynda ýapyk bina ýeňil atletika toplumynda geçiriler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar