Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2015: 29-njy tapgyryň duşuşyklaryndan öň sanlar, maglumatlar

0
1472

HTTU — «Aşgabat»

Milli ýygyndymyzyň şowly iki duşuşygyndan soňra Türkmenistanyň futbol durmuşy ýene-de Ýokary liganyň oýunlary bilen dowam etdirilýär. Ýokary liganyň dürli toparlaryndan milli ýygyndymyzyň hataryna çagyrylan futbolçylarymyz ýene-de öz toparlaryna goşulyp, ýurdumyzyň birinjiligi ugrunda ýaryşýar. Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Amangylyç Koçumowyň topary tapgyrda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň talyplar futbol toparyna myhman bolar.

Bu duşuşyk 29-njy tapgyryň ilkinji duşuşygy bolsa, HTTU bilen «Aşgabadyň» şu möwsümdäki soňky duşuşygydyr. Yzda galan üç duşuşygyň ählisi hem «Aşgabadyň» peýdasyna tamamlandy. Hatda «paýtagtlylar» olaryň ikisinde HTTU-nyň derwezesine 4 gol geçirmegi başardylar. HTTU bolsa «Aşgabadyň» üç oýundaky 9 goluna diňe ýekeje gol bilen jogap berip bildi.

Bu gezek nähili bolar?! Üçünji aýlawda öňki aýlawlara görä şowly çykyş eden, geçen tapgyrda bolsa «Balkan» bilen deňeçer oýun alyp barmagy başaran HTTU möwsümiň soňky duşuşygynda «Aşgabady» bolmanda bir gezek ýeňip bilermi ýa ýene-de ýeňiş «paýtagtlylaryň» tarapynda bolarmy? Türkmenistanyň çempionaty edil Angliýanyň Premýer ligasy ýaly, islendik wagtda islendik hasaba garaşaýmaly liga. Şonuň üçin hem artykmaçlyk ýene-de «Aşgabadyň» tarapynda ýaly görünse-de hut şu duşuşyk hakda öňünden bir zat çaklamak kyn. Üstesine-de üçünji aýlawdaky duşuşykda «Aşgabat» HTTU diňe Ruslan Kurbanowyň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusynyň netijesinde ýeňip bildi. Oýnuň köp böleginde «Aşgabada» görä üstün çykyş eden HTTU bolsa howply pursatlaryň ençemesinden peýdalanyp bilmedi. Ýöne ýeňiş toparlaryň ikisi üçin hem zerur. Çünki «Altyn asyrdyr» «Balkanyň» ymykly arany açmagy bilen, galan toparlaryň arasyndaky ýaryş 3-nji hem-de 6-njy orunlar üçin dowam edýär. her kim, mümkin boldugyndan, bir basgançak hem bolsa ýokardaky orunda tamamlamak isleýär möwsümi. HTTU-dyr «Aşgabat» hem şol «göreşlere» goşulan toparlaryň hatarynda. Eger «Aşgabat» şu duşuşykda ýeňiş gazanyp bilse, onda topara ýaryş tertibinde üçünji orna geçmäge mümkinçilik döräp biler. Çünki üçünji orundaky «Ahal» tapgyrda «Altyn asyry» kabul edýär. Geçen üç oýunda bolsa «Ahal» «aragatnaşykçylary» utup görenok, gaýtam öz meýdanynda geçirilen duşuşykda ýeňlipdi. Eger biziň gürrüňini edýän HTTU — «Aşgabat» duşuşygymyz ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlansa, HTTU 6-njy orundaky ýerini saklap galyp biler. Eger «talyplara» bu başartmasa, ýa oýun deňlik bilen tamamlansa-da, «Merwiň» 6-njy orna geçmäge mümkinçiligi uly. Çünki «Merw» tapgyrda ýaryş tertibiniň soňky ornunda gelýän, şu möwsümde bary-ýogy iki gezek ýeňiş gazanyp gören, myhmançylykdaky duşuşyklarynyň bolsa ählisinde ýeňlen «Daşoguzy» kabul edýär. Galyberse-de, şu duşuşykda HTTU-nyň ýeňiş gazanmagy «Aşgabadyň» eýeleýän orny üçin hem howply. Çünki edil häzir «Aşgabat» 5-nji orunda gelýän «Şagadamdan» bary-ýogy 2 utuk öňde. Garaz, şu duşuşygyň netijesi ýaryş tertibinde käbir orunlary üýtgedip biler.  

Eger şu duşuşykda «Aşgabat» ýekeje gol geçirse, myhmançylykda 20 we ondan kän gol geçiren 5-nji topar bolar.

 

«Balkan» — «Hazyna»

Şu ýyl «Balkana» «Hazynanyň» meýdanynda ýeňiş gazanmak kyn düşen bolsa, topar ikinji aýlawda öz meýdanynda «Hazynany» «hazyna» gömüpdi — 4 gol bilen «sylaglapdy». Eger bu duşuşyk hem köp golly bolsa, onda-da, Ýokary liganyň häzirki bombardiri Myrat Ýagşyýew bolmanda ýekeje gezek tapawutlanyp bilse, şojagaz gol Myradyň möwsümde 25 gol geçiren ilkinji futbolçy bolmagyna ýeterlik bolar.

Ýöne M.Ýagşyýewiň gollarynyň köpelmeginden möhüm bir ýagdaý bar. Ol hem ýeňişdir. Kyn düşse-de, «Balkan» şu ýyl «Hazyna» bilen oýnan üç oýnunda-da ýeňiş gazandy. Eger möwsümdäki soňky duşuşykda hem ýeňiş gazanmak başartsa, «Balkana» 3-nji orundaky «Ahaldan» arany ep-eslije saýlap, «Altyn asyra» ýakynlaşmaga mümkinçilik gazanýar. Çünki «Balkanyň» Ýokary ligadaky esasy garşydaşlary bu tapgyrda biri-biri bilen duşuşýar.

Ýok, duşuşygyň ykbaly tersine, «Hazynanyň» peýdasyna tamamlansa, «ykdysadyýetçiler» bolmanda 7-nji orna çenli beýgelip bilerler. Ýöne bu mümkinçilik 29-njy tapgyrda «Hazyna» üçin uzak ýaly görünýär. Çünki köp sanly futbol janköýerleri we hünärmenler eýýämden duşuşykda «Balkanyň» ýeňşine garaşýar. Eger «Hazyna» ýeňiş gazanmak başardaýsa, bu utulyş «Balkanyň» Ýokary ligadaky 170-nji utulyşy bolar.

Geçen üç aýlawda «Hazyna» «Balkanyň» 9 goluna 3 gol bilen jogap berip bildi.

 

«Merw» — «Daşoguz»

Iller-ä «Daşoguza» eçilibilenini «eçilýär». Ýöne «Merw» «Daşoguz» bilen geçiren oýunlarynda ýeňiş gazanýan hem bolsa, gollaryň tapawudyny ol diýen bir açyp bilenok. Birnäçe toparlar «demirgazyklylaryň» derwezesinden bir oýunda 4 hatda ondan hem kän gol geçiren bolsalar, «Merw» yzda galan 3 oýunda «Daşoguza» 5 gol geçirdi. Bir goly hem özi «iýdi».

Bu gezek hem «Merwiň» ýeňşine garaşyp bolar. Bu ýeňiş «Merwiň» ýaryş tertibinde 6-njy orna geçmegini üpjün edäýmegi hem mümkin. Ýöne HTTU «Aşgabatdan» ýeňlip, «Merw» 6-njy orna geçäýende hem HTTU-nyň bir oýnunyň azdygyny ýatladyp geçmek isleýäris. Geçen tapgyrlardaky şowsuz duşuşyklardan soň «Merw» möwsümi 6-njy orunda tamamlamak wezipesini hem kynlaşdyrdy.

«Daşoguz» üçin bolsa mundan soň kimiň ýeňeniniň parhy ýok. Çünki çempionatda «Daşoguzyň» eýeleýän ornuna ýekeje topar hem «dalaş edenok». Toparyň özüne-de iň bolmanda «Energetigiň» yzyndan ýetmek hem indi kyn düşse gerek.

Şu tapgyrda «Merw» Ýokary ligadaky 680-nji duşuşygyny geçirer.  

 

«Şagadam» — «Energetik»

Futbolçylar sazlaşykly oýny gurnap bilseler, ýaryş tertibindäki ornuny üýtgedip biljek toparlaryň biri hem «Şagadam». «Kenarlylar» tapgyrda Ýokary liganyň täze wekilini, ýaryş tertibiniň 9-njy basgançagyndaky «Energetigi» kabul edýärler.

«Şagadam» bilen «Energetigiň» arasynda şu möwsümde geçirilen duşuşyklaryň üçüsi hem «kenarlylaryň» peýdasyna tamamlandy. Dördünji duşuşyk hem şeýle bolsa gerek. Eger «Şagadamyň» futbolçylary şu başaryp bilseler, onda olara 4-nji orna çykmaga mümkinçilik bar. Ýöne olar HTTU-a-da ýeňiş arzuw etmeli.

Duşuşyk, hakykatdan-da, «Şagadamyň» peýdasyna tamamlansa, bu utulyş «Energetigiň» bassyr dördünji utulyşy bolar. «Energetikçiler» «kenarlylaryň» şu möwsümdäki 9 goluna 3 gol bilen jogap berip bildiler. Aralyk ýygrylarmy ýa uzarmy? Ony 17-nji oktýabrda geçiriljek duşuşyk görkezer.

 

«Ahal» — «Altyn asyr»

Gürrüňsiz, tapgyryň oýny. Şu möwsümde «aragatnaşykçylary» ýeňip görmedik «Ahal» ýene güýçli garşydaşlaryny kabul edýär. Ýöne bu gezek ýeňilmek «Ahal» üçin howply. Olar geçen tapgyrlarda ýyl boýy eýeläp gelen ikinji ornuny «Balkana» giderdiler. Indem «Aşgabat» bilen «Şagadam» «Ahalyň» söbügini basyp gelýär. Şonuň üçin Ýokary ligany bolmanda üçünji orunda tamamlajak bolsaň, mundan beýläk ýeňilmeli däl. «Altyn asyr» bilen, bolmanda, deňlige oýnamaly.Ýöne ol aňsatmy näme?!

«Altyn asyr» ýeňilse-de, liderligini saklap galar. Ýöne mundan soňam 7-8 oýun dagy bar. Diýmek, entek ýol uzak. Çempionlyk üçin ýeňilmek howply.

Eger ikinji aýlawdaky ýaly «Altyn asyr» ýeňiş gazansa, bu «aragatnaşykçylaryň» Ýokary ligadaky 120-nji ýeňşi bolar. Gowy netije! Olar Ýokary ligadaky 100-nji ýeňşini hem hut şu möwsümde gazanypdylar. Üstesine-de bu ýeňiş «Altyn asyryň» bassyr 7-nji ýeňşi bolar. «Aragatnaşykçylaryň» özüne degişli möwsümiň rekordy bolsa 8 oýundyr.

Belki ýeňer, belki ýeňmez, tapawudy ýok, ýöne «Ahala» geçen ýylky derwezewany Mämmet Orazmuhammedowyň goraýan derwezesinden ýekeje gol geçirtmek başartsa, topar şu möwsümde öz meýdanynda 30 we ondan kän gol geçiren üçünji topar bolar.   

Şeýlelikde, «Ahal» bilen «Altyn asyr» möwsümde soňky gezek duşuşýar. Mundan öňki üç duşuşygyň ikisi 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy. Ikinji aýlawda «Ahalyň» meýdanynda geçirilen duşuşykda «aragatnaşykçylar» ýeňiş gazanypdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar