Soňky habarlar

Arhiw

«Astana» — bary-ýogy 6 ýaşly futbol kluby Ýewropanyň çempionlar ligasynda

0
5339

Futbolyň täsinlikleriniň ýene birine şaýat bolduk. «Astana» atly futbol kluby Gazagystanda mundan bary-ýogy 6 ýyl öň — 2009-njy ýylda öňki «Alma-Ata» we «Megasport» futbol toparlarynyň birleşdirilmegi bilen emele geldi. Şol wagt klubyň ady «Lokomotiw Astanady».

Uly umyt bilen döredilen täze klubyň UEFA-nyň çägindäki duşuşyklara gatnaşyp bilmegi üçin ýörite rugsatnamany almagy gerekdi. Klup munuň üçin 3 ýyl garaşmaly boldy. Şonuň üçin hem ol 2010-njy ýylda Gazagystanyň Kubogyna mynasyp bolan hem bolsa, Ýewropa kuboklaryna gatnaşyp bilmedi.

2011-nji ýylyň 20-nji maýynda klubyň ady «Astana» diýlip üýtgedildi. Ýyllaryň geçmegi bilen kämilleşýän topar 2014-nji ýylda Türkiýäniň iň uly klublarynyň biri bolan «Galatasaraý» bilen iş hyzmatdaşlygyny ýola goýdy.

Aslynda Gazagystanyň futbol federasiýasynyň UEFA agza bolanyna hem ýaňy 13 ýyl boldy. Gazagystan tä 2002-nji ýyla çenli AFK-nyň agzasydy. Ýurduň milli ýygyndysy bolsa öz ilkinji duşuşygyny biziň ildeşlerimiz — Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen geçiripdi. Bu duşuşyk 1994-nji ýylda bolupdy.

Dogry, Gazagystanyň milli ýygyndysy indiki ýyl Fransiýada geçiriljek Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynda şowsuz çykyş edýär. Ýöne muňa garamazdan, ýurduň soňky çempiony «Astana» garaşylmadyk ýagdaýda Ýewropanyň çempionlar ligasynyň toparçalaryna çykmagy başardy. Ýadymyzdadyr, «Astananyň» çempion bolan möwsüminde Gazagystanyň Premýer ligasynda türkmen futbolçysy, ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow hem çykyş edipdi.

Gazak futbol klublarynyň Ýewropanyň iň iri iki ligasynyň toparçalaryna düşmek üçin eden synanşyklary kän. Ýöne olaryň ählisi hem tä şu ýyla çenli diňe pleý-of duşuşyklaryna çenli gelip bildiler, käte bolsa oňa-da ýetip bilmediler. Bu gezek welin, «Astana» gazak janköýerleriniň arzuwyny amala aşyrdy. Topar Ýewropa kuboklarynda, olaryň hem birinji derejelisinde — Ýewropanyň çempionlar ligasynda çykyş edýär.

6 ýyllyk taryhynda klubyň gazanan üstünlikleri az däl. Ol Gazagystanyň Premýer ligasynyň iki gezek çempiony, iki gezek hem ýurduň futbol Kubogynyň eýesi. Klub Ýewropa Kuboklaryna çykmak üçin mundan öň hem iki synanşyk edipdi. Has takygy 2013-2014-nji ýyllaryň möwsüminde Ýewropa ligasyna çykmaga dalaş eden «Astana» 1-nji saýlama tapgyrynda Bolgariýanyň «Botew Plowdiw» futbol toparyndan iki duşuşygyň netijesi boýunça 0:6 hasabynda ýeňlipdi.

Geçen ýyl bolsa «Astana» Ýewropa ligasynda toparçalara düşmegiň gapysyndan gaýtdy. Birinji saýlama tapgyrynda Ermenistanyň «Pýunigini» 6:1, ikinji tapgyrda Ysraýylyň «Hapoelini» 3:1, üçünji tapgyrda bolsa Şwesiýanyň «AIK» futbol klubyny 4:1 hasabynda ýeňen «Astana» pleý-oflarda La Ligada-da aňsat-aňsat ýeňip bolmaýan, şol wagt bolsa Wýettoly, Çeryşewli, doganlar Dos Santoslarly «Willarreal» bilen garşylaşaýmazmy?! Ýewropa ligasynyň finalynyň tas bärsine baryp gaýdan ispan topary iki duşuşygyň netijesi boýunça «Astanyň» derwezesinden jogapsyz 7 pökgi geçirdi...

Premýer liganyň geçen möwsümindäki çempionlyk «Astana» bu gezek has uly ýaryşa — Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berdi. Özi hem 2-nji saýlama tapgyryndan Ýewropa täze bat bilen gelen gazak toparynyň öňünde 2-nji tapgyrda Sloweniýanyň «Maribory» hem, 3-nji tapgyrda finleriň «HJK-sy» hem durup bilmedi. Pleý-ofda bolsa indi birnäçe möwsüm bäri Ýewropa ligalary sypdyrman gelýän APOEL gazak toparynyň badyna döz gelip bilmedi. Öz meýdanynda APOEL-i 1:0 hasabynda ýeňen «Astana» myhmançylykda 1:1 hasabynda oýnap, GAZAK FUTBOLYNYŇ IŇ ULY ARZUWYNY amala aşyrdy — Ýewropa Kuboklaryna çykdy.

Elbetde, Ýewropanyň çempionlar ligasynda «Astana» ýeňil toparda-ha däl. 2012, 2013-nji ýyllarda Ýewropa ligasynda Kubok almagyň bäri ýanyndan gaýdan «Benfikada», 2014-de duşuşygyň iň soňky sekuntlarynda derwezesine gol geçirdip, Çempionlar ligasynyň Kubogyny alyp bilmedik, ahmyrly «Atletiko Madridem», iş babatda hyzmatdaş hem bolsalar, geçen ýyl Çempionlar ligasynyň toparçalaryndan çykyp bilmedik, bolmanda Ýewropa ligasyna hem düşüp bilmedik «Galatasaraýam» «Astana» höwes bilen garaşyp durlar. Ýöne, belki, futbol ýene täsinligini görkezer. Gazak futbolynyň Ýewropa çykan ilkinji wekiliniň bu üstünlik hekaýatynyň nirä çenli dowam etjekdigini ýakyn aýlarda hemmämiz hem göreris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar