Soňky habarlar

Arhiw

Nädip noutbugy tozandan arassalamaly?

0
32023

Tozan noutbugyň içinde toplanyp biler. Ol ýylylyk geçirijiligini ýaramazlaşdyrýar. Bu bolsa prosessoryň gyzmagyna we hatda onuň döwülmegine-de getirip biler. Şonuň üçün hem noutbugyň içki gurşawyny wagtly-wagtyna arassalap durmaly. Munuň üçin size *otwýortka; *çotgajyk;  *tozan sorujy ýa-da fen gerek bolar.

 Düzgünleri:

1. Noutbugyň içinde tozan toplanandygyny şu alamatlar boýunça bilmek bolýar. Wentilýator has gaty ses çykaryp başlaýar. Noutbugyň üst ýüzi, şol sanda klawiatura çalt gyzýar. Kähalatda gyzmak bilen bir hatarda ýakymsyz ys hem peýda bolýar. Gurluşyň işinde şular ýaly näsazlyklar ýüze çykýar: işjeňlik peselýär, operasion sistema wagtal-wagtal sebäpsiz ýere doňýar.

2. Gurluşy söküň. Noutbugyň aşak tarapyndaky boltlara gabat gelýän otwýortka alyň. Elbetde, noutbugy elektrik akymyndan  aýyrmagy ýatdan çykarmaly däl. Şeýle hem, siz öňünden akkumulýatory çykaryp bilersiňiz. Seresaplyk bilen boltlary we hyrly çüýleri towlap çykaryň. Ýitirmezlik üçin olary aýry gutujyga salyň.

3. Kompýuteriň özen platosyndaky we beýleki böleklerindäki tozany tozan sorujy bilen aýryň. Şeýle-de, tozany feniň kömegi bilen aýryp bolar. Mikroshemalara el degirmäň. Radiatory, kapasany we wentilýatory adaty surat çekmek üçin niýetlenen çotgajyk bilen arassalap bolar. Eger kapasa we wentilýator goparylyp aýrylýan bolsa, onda olary has düýpli arassalamak bolar.

4. Sökülip, arassalanan noutbugy seresaplyk bilen täzeden yzyna ýygnaň. Ýygnamazdan öň wentilýatory maşyn ýagy bilen ýaglamak bolar. Bu onuň has netijeli we sessiz işlemegine ýardam eder. Täzeden ýygnanyňyzdan soňra noutbugyň işleýşini barlaň. Eger onuň gyzmagy azalyp, sesi ýitip, operasion sistemanyň iş öndürijiligi kadalaşan bolsa, diýmek, arassalaýyş işi üstünlikli geçirilendir. Eger-de, kemçilikler aýrylmadyk bolsa, onda hyzmat ediş merkezine ýüz tutmak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar