Trenažýor zaly üçin eşigi nädip dogry saýlamaly: esasy üns bermeli zatlar

0
31215

Aşgabatdaky dükanlardan sport eşiklerini, aýakgaplary we esbaplary saýlamak adatça o diýen bir kynam däl. Elbetde, trenažýor zaly üçin eşik saýlamak meselesinde, esasan, onuň rahatlygyna we maşk edeniňde päsgel bermejek tarapyna seretmeli. «Alem Sport» sport dükanlarynyň wekili «Turkmenportal» web saýtyna trenažýor zaly üçin sport eşiklerini saýlap almagyň esas aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Material. Trenažýor zalynda geýmek üçin niýetlenen eşikler ýörite sport üçin taýýarlanan materiallardan tikilen bolmalydyr. Şeýle matalar çyglylygy gowy sowýar we deriniň dem almagyna mümkinçilik berýär. Iň amatly görnüşi bolsa sintetiki matalardyr: polýester, neýlon, sapleks we başgalar.

Tebigy matalardan (lýon we pagta) tikilen eşikler sport zaly üçin laýyk däldir we türgenleşik mahalynda oňaýsyz bolar. Mysal üçin, 100% pagtadan tikilen futbolka çyglylyk siňdiriji bolup, deriň çalt bugarmagynyň öňüni alýar. Çyg siňen futbolka diňe bir gelşiksiz görünmän, çyglylygyň haýal bugarmagy sebäpli gyzyp duran bedeni tiz sowadýar.

Biçüw we ölçeg. Trenažýor zaly üçin iň kybap geljek eşik berk, çekdirilip duran ýa-da gysby bolýar. Diňe bir herekete päsgel bermeýänligi bilen tapawutlanman, maşklary ýerine ýetirmekde herekete gözegçilik etmäge-de mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, gysby eşikler çyglylygy bedenden zyňyp, termiki rahatlygy üpjün edýär.

Giňiş eşikler türgenleşik wagtynda herekete päsgel berip hem-de maşklaryň dogry ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi kynlaşdyryp biler. Bu şikes ýetmelere ýa-da netijäniň haýal gazanylmagyna sebäp bolýar.

Hyjuwlanma. Türgenleşik eşikleri diňe bir oňaýly we köptaraply bolman, eýsem türgenleşmekde hyjuwlanma döretmelidir. Açyk-aýdyň reňkler we täsin ýelimlemeler keýpiňizi ýokarlandyryp, türgenleşmäge höwesiňizi artdyrar.

Trenažýor zalynda işlemek üçin näme satyn almaly?

Türgenleşigiň dürli görnüşleri üçin özbaşdak aýry-aýry enjamlar gerek. Emma köp ýagdaýlarda geýilýän şular ýaly esasy zatlar bardyr:

• Futbolka ýa-da maýka;
• şortlar ýa-da sport balaklary;
• ýörite geýimler;
• sport aýakgaplary. Ony saýlanyňyzda, degişli sportuň görnüşini, aýagyň özboluşly aýratynlyklaryny göz öňünde tutmalydyr.

Şeýle hem, «Alem Sport» dükanlar tory yzygiderli kämilleşdirilýän önümçilik usullaryna, tehnologiýalara üns bermegi maslahat berýär. Meşhur sport haryt nyşanlary täze materiallary, şekilleri we ş.m. işläp taýýarlaýar. Sport eşikleri we aýakgap tehnologiýalary türgenleriň rahatlygyny, öndürijiligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenendir.

Durmuşyny sportsyz göz öňüne getirip bilmeýän türkmen raýatlary, şeýle hem türgenleşige ýaňy gadam basanlar üçin «Alem Sport» dükanlary sport we işjeň dynç alyş üçin köp sanly harytlary hödürleýär.

Berkarar söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Alem Sport apparels and shoes» hem-de «Alem Sport accessories and equipments» dükanlarynda sportuň şu aşakda görkezilen köpdürli görnüşleri üçin zerur eşikleri, aýakgaplary we enjamlary tapyp bilersiňiz:

• ylgamak;
• futbol;
• basketbol;
• woleýbol;
• tennis;
• hokkeý;
• gimnastika;
• ýoga;
• syýahatçylyk;
• ýöremek we ş.m.

«Alem Sport apparels and shoes» we «Alem Sport accessories and equipments» dükanlarynyň hemişelik müşderileri onuň tapawutly taraplary hökmünde dükanyň giň we döwrebap assortimentini, önümleriniň ýokary hilliligini, şeýle-de tejribeli satyjy-maslahatçylarynyň bardygyny belleýärler.

Ýatlatsak, «Alem Sport accessories and equipments» dükanynda trenažýorlar, aksessuarlar, enjamlar, egin-eşikler, aýakgaplar we zerur serişdeler, «Alem Sport apparels and shoes» dükanynda bolsa şu hili brendleriň geýimleri we aýakgaplary hödürlenýär: «Lotto», «Nike», «Reebok», «Buka», «Under Armour», «Puma» we beýlekiler.

Alem Sport accessories and equipments 

  • ýerleşýän salgysy: «Berkarar» SDAM, 1-nji gat, B6B dükany; 
  • telefon belgileri: (+993 62) 00 22 44, (+993 64) 34 57 57, (+993 12) 46 88 83;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Alem Sport apparels and shoes

  • ýerleşýän salgysy: «Berkarar» SDAM, 1-nji gat, В66 dükany; 
  • telefon belgileri: (+993 62) 00 66 55; (+993 65) 80 25 52; (+993 12) 46 84 07;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.


Peýdalanylan çeşmeler: www.championat.com 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar