«Çapar» goşundysyny ulanmagyň birnäçe sebäpleri

0
23381

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň köp mümkinçilikli «Çapar» mobil goşundysy diňe bir Aşgabadyň däl-de, eýsem, Türkmenistanyň ähli künjeginiň ýaşaýjylarynyň arasynda giňe meşhurlyga eýe bolýar.

Mobil goşundy döredileninden bäri yzygiderli kämilleşdirilip, oňa ulanyjylara öýlerinden ýa-da ofislerinden çykmazdan hojalygyň işleriniň we beýleki zerurlyklaryň ähli toplumyny çözmäge ýardam edýän täze funksiýalar goşulyp gelýär.

«Çapary» ulanmagyň birnäçe sebäbini belläp geçmek bolar:

- Maglumatlary almak ýa-da hyzmatlardan peýdalanmak üçin näme etmelidigini düşündirýän düşnükli we oňaýly ulanyjy interfeýsi.

- Programmany üç dilde ulanyp bolýar — türkmen, rus we iňlis dilleri.

- Dürli ugurlara degişli köp mukdardaky maglumatlar we olary gözlemegiň ýeňilligi.

Ulanyjylar bu ýerde maglumat we gyssagly kömek hyzmatlaryny, döwlet we etrap edaralaryny, gaýragoýulmasyz kömek hyzmatlaryny, howa menzilleriniň, myhmanhanalaryň, kafeleriň, myhmanhanalaryň we «Türkmenpoçtanyň» bölümleriniň telefon belgilerini görüp bilerler.

- Dürli hyzmatlary birikdirmek mümkinçiligi.

Bu günki günde «Çapar» goşundysyny ulanmak arkaly EMS ibermek, «Türkmenpoçtadan» ýollama hyzmaty üçin çapary çagyrmak, poçta hat alyşmalaryny yzarlamak, mobil we öý telefonynyň, Internet, IPTV, «Älem» teleýaýlymy, «Belet Film» onlaýn kino hyzmatynyň  balansyny doldurmak, şeýle-de «Aydym.com» aýdym-saz portalyna abuna ýazylmak hyzmatlaryny onlaýn amala aşyryp bolýar. Şeýle hem, goşundyny ulanyp, ähli görnüşli hyzmatlaryň (elektrik, gaz, suw) töleglerini töläp bilersiňiz.

Awtoulag serişdeleriniň sürüjileri ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulandygy üçin jerimelerini aňsatlyk bilen barlap hem-de olaryň töleglerini dessine töläp bilerler.

Goşundy ýolagçy otlusynyň we uçarlaryň gatnaw peteklerini hem onlaýn satyn almaga mümkinçilik berýär.

- «Çapar» mobil goşundysyny ulanýanlaryň Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň kartlaryny peýdalanyp, dürli hyzmatlar üçin tölegleri töläp bilýändigini hem bellemek zerurdyr.

- Kompaniýa ulanyjylaryň şahsy maglumatlarynyň gizlinligine we saklanyş syýasatyna doly eýerýär.

«Çapar» mobil goşundysy ýükläp almak üçin «Google Play» we «App Store» internet dükanlarynda elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar