CAFA Nations Cup 2023-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunlarynyň geçiriljek günleri we başlanýan wagtlary

0
36727

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasy 7 ýygyndynyň gatnaşmagynda, 10-20-nji iýun aralygynda Daşkent we Bişkek şäherlerinde guralýan CAFA Nations Cup 2023 sebitleýin ýaryşynyň oýunlarynyň geçiriljek senelerini we başlanjak wagtlaryny tertibini mälim etdi.

Bijä laýyklykda, Türkmenistanyň ýygyndysy Mergen Orazowyň baş tälimçiliginde «A» toparçada Özbegistanyň, Täjigistanyň we Omanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşar. Toparçanyň oýunlary Daşkent şäherinde geçiriler.

Türkmenistanyň ýygyndysy özüniň Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogyndaky ilkinji oýnuny 11-nji iýunda Täjigistanyň ýygyndysy bilen oýnar. Duşuşyk «Pahtakor» stadionynda geçirilip, Aşgabat wagty bilen 18:30-da başlanar.

Ikinji tapgyryň oýnunda türkmen futbolçylary ýer eýesi Özbegistanyň ýygyndysyna garşy meýdança çykarlar. 14-nji iýunda «Bunýodkor» stadionynda geçiriljek oýun, Aşgabat wagty bilen 20:30-da başlanar.

17-nji iýunda toparçadaky soňky oýnunda Türkmenistan Omanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Oýun «Pahtakor» stadionynda geçirilip, 20:30-da başlanar.

Ýeri gelende bellesek, turniriň «B» toparçasyndan Gyrgyzystanyň, Eýranyň we Owganystanyň ýygyndylary ýer alyp, bu toparçanyň oýunlary Bişkek şäherinde geçiriler.

Ýaryşyň tertipnamasyna laýyklykda, CAFA Milletler Kubogy, ilki bilen, toparçalaýyn tapgyrda aýlaw görnüşinde geçiriler. Toparçalaýyn tapgyr bir aýlawdan ybarat bolar. Soňra toparçalaryň ýeňijileri finalda çempionlyk üçin, toparçada ikinji orny eýelänler bolsa üçünji orun üçin özara güýç synanyşarlar.

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogy — 2023:

«А» toparça

  • Özbegistan (toparçanyň ýer eýesi)
  • Täjigistan
  • Türkmenistan
  • Oman

1-nji tapgyr

11-nji iýun (ýekşenbe)

  • 18:30 / Täjigistan – Türkmenistan, «Pahtakor» stadiony
  • 20:30 / Özbegistan – Oman, «Bunýodkor» stadiony

2-nji tapgyr

14-nji iýun (çarşenbe)

  • 18:30 / Oman – Täjigistan, «Pahtakor» stadiony
  • 20:30 / Türkmenistan – Özbegistan, «Bunýodkor» stadiony

3-nji tapgyr

17-nji iýun (şenbe)

  • 18:30 / Türkmenistan – Oman, «Pahtakor» stadiony
  • 20:30 / Özbegistan – Täjigistan, «Bunýodkor» stadiony

Üçünji orun üçin oýun

20-nji iýun (sişenbe)

  • Başlanýar – 18:30-da
  • «В» toparçasynda ikinji orny eýelän topar — «А» toparçada ikinji orny eýelän topar
  • Daşkent, «Pahtakor» stadiony

Final

20-nji iýun (sişenbe)

  • Başlanýar – 20:30-da
  • «А» toparçanyň ýeňijisi – «В» toparçanyň ýeňijisi
  • Daşkent, «Bunýodkor» stadiony
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar