«TM Trade» ýeke-täk onlaýn söwda platformasy: mümkinçilikleri we saýt barada gysgaça

0
5923
«TM Trade» ýeke-täk onlaýn söwda platformasy: mümkinçilikleri we saýt barada gysgaça

Onlaýn söwda platformasy — harytlar we hyzmatlar üçin wirtual bazaryň bir görnüşi bolup, özünde ýüzlerçe, hatda müňlerçe sany giň gerimde iş alyp barýan dürli hili kompaniýalary birleşdirýär. Bu formatyň amatlylygy bolsa ikuçsuzdyr, sebäbi ondan birnäçe ýüz sany kärhanany, olaryň işi, teklipleri we habarlaşmak üçin gerekli bolan maglumatlaryny tapmak bolýar. Bu platformada edil belli bir ýagdaýda haýsy kärhananyň hyzmatlaryndan peýdalanmalydygy barada maglumat gözlemeli bolmaýşyňyz ýaly, olaryň her biri barada giňişleýin maglumat almak meselesinde-de gözleg ulgamyna ýüz tutmak zerurlygy aradan aýrylýar. Telekeçi üçin şeýle onlaýn platformanyň bir bölegi bolmak — uzak aralykdan iş alyp barmak we şol bir wagtyň özünde hemişe «ulgamda» bolmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

«TM Trade» Türkmenistanda telekeçileriň amatlylygy üçin döredilen şu hili ýeke-täk onlaýn platformadyr. Içerki we daşarky bazarlarda harytlary hem-de hyzmatlary tanyş etmek üçin platformadaky maglumatlar birbada dört dilde — türkmen, rus, iňlis we türk dillerinde ýetirilýär.

Platformada maglumatlaryň köp bolmagyna garamazdan, onuň mümkinçiliklerini ulanmak o diýen kyn däldir. Saýtyň baş sahypasynyň ýokarky çep burçunda platformadan tapyp boljak harytlaryň we hyzmatlaryň dürli ugurlara degişli sanawyny görmek bolýar: «Elektrotehnika», «Gurluşyk», «Gözellik we saglyk», «Çig mal we materiallar» we ş.m.

Eger sahypany biraz aşak geçirseň, çep tarapda sebitler boýunça salgylanmalary tapmak bolýar. Olaryň her birinde öz harytlaryny we hyzmatlaryny «TM Trade» platformasy arkaly ýetirýän sebit kompaniýalary bilen tanyşmak mümkindir.

Sahypanyň şol tarapyň ýene biraz aşagynda bolsa — dürli hyzmatlary ýerine ýetirýän eksportçylaryň we importçylaryň, lomaý we bölekleýin satýan satyjylaryňdyr kompaniýalaryň sanawy bar.

Şeýle-de esasy sahypada söwda platformasynda hasaba alnan kompaniýalaryň, ýerleşdirilen önümleriň we söwda arzalarynyň sany bardyr.

Platformanyň baş sahypasy örän köp maglumatly bolup, ol «TM Trade» toparynyň bir bölegi bolmaga isleg bildirýän satyjylar ýa-da telekeçiler üçin ähli zerur maglumatlary öz içine alýar. Bu ýerde iň soňky ýerleşdirilen bildirişler (arzalar) we täze hasaba alnan kompaniýalar baradaky maglumatlar bilen hem tanşyp bolýar.

«TM Trade» platformasynyň agzasy bolan kärhanalaryň her biri babatda kompaniýanyň işi, ýerleşýän ýeri we habarlaşmak üçin maglumatlary ýetirilýär.

«TM Trade-iň» agzasy bolmak, ýagny kompaniýaňyzy bu platforma goşmak üçin saýtyň baş sahypasynyň aşaky böleginde «Kompaniýaňyzy goşuň» diýen düwme ýerleşdirilen. Düwmä basmak bilen, degişli maglumatlary girizmeli we ibermelidir. Belli bir wagtdan soň, «TM Trade» platformasynyň hünärmenleri platformanyň täze agza-kompaniýasy bilen habarlaşarlar.

Hasaba alnandan soň, «TM Trade» şahsy hasabynyň eýesine gije-gündiziň dowamynda «şahsy otaga» girmek mümkinçiligi berilýär. Mundan başga-da, telekeçi — «TM Trade» şahsy hasabynyň eýesi müşderileriň we sarp edijileriň ýüztutmalaryna dessine jogap berip bilerler, araçylaryň hyzmatlaryna ýüz tutmazdan, önümini ýa-da hyzmatyny ilerletmegiň üstünde işlär, mahabatlary we bildirişleri ýerleşdirer hem-de surat materiallaryny ýetirer.

Haýsy bölümdedigiňize garamazdan, sahypanyň ýokarysynda gözleg meýdançasy bolýar, onuň kömegi bilen saýtda bar bolan islendik kompaniýany gözläp tapyp bilersiňiz (ýöne diňe «TM Trade-de» hasaba alnan kompaniýalary tapmak mümkindir).

«TM Trade» onlaýn  söwda platformasynyň müminçiliklerinden onuň web görnüşi, şeýle hem smartfondaky — «AppStore» we «Google Play» dükanlarynda elýeterli bolan mobil goşundysy arkaly peýdalanmak bolýar.

«TM Trade» — bu söwda amallarynyň sanlylaşdyrylmagyndan doly peýdalanmaga taýýar bolan telekeçileriň täze nesli üçin döredilen işewürlik-gollanmasydyr. Munuň üçin internet size köp sanly müşderilere ýüz tutmaga, goşmaça işgärleriň hyzmatlaryndan peýdalanmazdan has köp ýüztutmalary gaýtadan işlemäge ýardam etmek ýaly ozal görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri üpjün edýär. Mundan başga-da, internet arkaly söwda etmek işewür adam üçin hemişe ýetmezçilik edýän wagty tygşytlamaga kömek edýär.

«TM Trade» platformasynyň mümkinçilikleri baradaky ähli zerur maglumatlar onuň saýtynda ýerleşdirilendir, platformanyň işi bilen bagly goşmaça maglumatlary almak üçin bolsa onuň hünärmenleri bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşmak bolýar: (+993 62) 06 81 81, (+993 63) 73 87 46.

Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow köçesi (Çehow), 157A jaýy, «Telekeçi söwda merkezi» binasy.

Elektron poçta salgysy: info@trade.com.tm

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar