Soňky habarlar

Arhiw

Koworking merkezleri: olaryň hyzmaty we oňaýlylygy

0
14201

Adamzadyň häzirki zaman sözlük düzümine “koworking” sözi kem-kemden aralaşýar.

Bu adalga nämäni aňladýar?

Koworking merkezi — bu aýry-aýry kärhanalardan umumy maksady bolmadyk birnäçe hünärmeniň öz işini alyp barýan iş ýeri.

Ilkinji koworking merkezleri 2005-nji ýylda ABŞ-da programmist Bred Nýubergiň tagallasy bilen döredilip giň ýaýrawa eýe bolan bolsa-da, ony geçen asyryň 90-njy ýyllarynda ilkinji bolup esaslandyran kompýuter oýunlarynyň dizaýneri Berni Dekowen hasap edilýär.

Koworking kimler üçin?

Koworking merkezleriniň müşderileriniň käbiri bir iş ýerini kärendesine alýan bolsa, käbiri birbada birnäçesini alýar, käbiri bolsa birnäçe sagatlyk mejlis geçmek üçin aýratyn bir otagy kärendesine alýar. Koworking merkezi erkin işewürler, iş saparyndaky hünärmenler, şeýle hem haýsydyr bir sebäbe görä öýde ýa-da başlangyç kärhanalarynda işläp bilmeýänler üçin - doly hukukly edarany kärendesine almak üçin entek maddy taýdan mümkinçiligi bolmadyk täjirler üçin ajaýyp amatlylyk bolup durýar.

Onuň adaty ofisden näme aýratynlygy bar?

Adatça bolşy ýaly, koworking merkezlerinde iş ýerleri eýýäm mebel, ofis enjamlary, iş enjamlary, internet, elektrik üpjünçilikleri ýaly zerur zatlar bilen üpjün edilendir. Bu arassalaýyş hyzmatlaryny hem öz içine alýar. Arassalaýyş tölegleri, elektrik togy, suw, internet we beýleki amatlylyklar, adatça, öňünden kärende bahasyna girizilýär.

Koworking merkezinde özüňiz ýa-da işgärleriňiz üçin iş ýerini, aýratyn mejlisler otagyny, maslahatlar we leksiýalar üçin kiçi otagy, şeýle hem “Skype” arkaly işlemek üçin ses geçirmeýän otaglary we beýleki wideoaragatnaşyk ýerlerini kärendesine alyp bilersiňiz. Bu hususan-da onlaýn sapaklary geçýän mugallymlar üçin ýokary oňaýlylykdyr.

Koworking merkezi kadalaşdyrylan anyk meýilnamasynyň ýoklugy bilen tapawutlanýar we iş üçin iň amatly sagatlary saýlamaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde siz işlemek ýa-da oflaýn we onlaýn görnüşlerde gepleşikleri ýa-da sapaklary geçirip, maslahatlary, leksiýalary, seminarlary ýa-da synaglary gurap bilersiňiz. Mundan başga-da, iş merkezi iş ýerini kärendesine almakda doly hukukly edara üçin ýeri kärendesine almak üçin resminamalaryň zerurlygyny aradan aýyrýar.

Türkmenistanda şu hili iş merkezleri barmy?

Hawa, 2020-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda ilkinji “Iş Nokady” atly koworking iş merkezi Aşgabatda döredildi we ol häzirki wagtda ýaş telekeçiler, özbaşdak işleýän hünärmenler we IT hünärmenleri tarapyndan giňden meşgullanylýar. Bu iş merkeziniň golaýynda kafeleriň we dükanlaryň ýerleşmegi, onda ýokary tizlikli internetiň, amatly kärende töleginiň (nagt töleg, kart arkaly töleg hem-de geçiriş tölegi) we arassalaýyş hyzmatlarynyň bolmagy “Iş Nokady” koworking merkezini netijeli işlemek üçin iň amatly ýere öwürýär.

“Iş Nokady” iş merkezini saýlamagyň peýdaly artykmaçlyklary nämede?

  1. Amatly kärende töleginiň we oňaýly töleg usullarynyň bolmagy (nagt töleg, kart arkaly töleg hem-de geçiriş tölegi);
  2. 20 Mbit/sekunda çenli ýokary tizlikli internet mümkinçiligi;
  3. Arassalaýyş hyzmatlarynyň bolmagy, otaglarda hemişe arassaçylyk işleriniň geçirilip durulmagy;
  4. Öz iş wagtyňyzy saýlamak şerti, kadalaşdyrylan iş tertibiniň ýoklugy;
  5. Iş ýerini kärendesine almak bilen baglanyşykly resminamalar bilen iş salyşmagyň zerurlygy ýok;
  6. Esasan-da, iş ýerini uzak wagtlaýyn kireýine alýanlar üçin arzanladyş ulgamy;
  7. Şahsy ösüşiňiz üçin iş merkezinde geçirilýän ähli çärelere gatnaşmaga mümkinçiligiň bolmagy;
  8. Merkeziň amatly ýerleşýänligi, ýörite enjamlaşdyrylan ýerlerde ýa-da kofe içmek hem-de naharhanalarda dynç almak mümkinçiligi.

Koworking merkezi sizi gyzyklandyrjak adamlar bilen işiňizi we aragatnaşygyňyzy birleşdirmäge mümkinçilik berýär, peýdaly aragatnaşyklary gurmaga kömek edýär, şeýle hem dürli bilim we dünýägaraýşyňy giňeltmäge ýardam edýän çärelere hem-de okuwlara gatnaşmaga şert döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar