Soňky habarlar

Arhiw

COVID-19-yň soňky hasaba alnan «Omikron» ştammy hakynda hakykatlar we toslamalar

0
8556

Geçen ýylyň noýabr aýynda dünýäde «Omikron» diýlip atlandyrylýan koronawirusyň täze görnüşi hasaba alyndy. Häzirki wagta çenli lukmanlaryň we alymlaryň korowirusyň bu görnüşi hakyndaky bilimleri ep-esli artdy, we şol bir wagtyň özünde-de «Omikron» dogrusynda dürli görnüşli maglumatlar häli-şindi çykmagyny dowam edýär. Şeýle-de bolsa, wirusyň bu görnüşi hakyndaky maglumatlaryň az bolmagy dürli görnüşli töwekgelçiliklere getirip biljek köp sanly çaklamalary we toslamalary döredýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy soňky wagtlarda Ýewropada ýüze çykýan koronowirus bilen keselleme hadysalarynyň köpelmeginiň «Omikronyň» çalt ýaýramagy bilen baglanyşyklydygyny habar berdi. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda dünýä boýunça hepdede COVID-19 bilen keselleýänleriň sany bir milliona golaý bolsa, eýýäm noýabr aýynda bu görkeziji ýedi milliondan gowrak adama ýetdi.

BMG-nyň resmi web saýty, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň epidemiologlarynyň we wirusologlarynyň pikirine salgylanyp, «Omikronyň» "howpsuzdygy" we pandemiýanyň soňlanyp barýandygy hakyndaky käbir toslamalaryň üstünde içgin durup geçmekligi hödürleýär.  

Toslama: «Omikron» ştammy - keseliň diňe ýeňil görnüşini döredýär.

Hakykat: «Omikronyň» howpy hakykatdanda «Delta» garanyňda biraz pesräkdir, emma ony  COVID-19 wirusynyň ýeňil görnüşi hasaplamaly däldir.

«Omikron» - keseliň geçişi we netijeleri boýunça hakykatdanda «Deltadan» ýeňildir. Emma BSGG-nyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, «Omikron» -yň has ýeňil ýagdaýda geçmegi, onuň sanjym edilenleriň sany ýokary bolan sebitlerde ýygy duş gelýänligi bilen baglanyşyklydyr. Ilatyň içinde sanjym edilenleriň göterimi pes bolan sebitlerde

«Omikron» keseliniň täsiriniň hakyky netijeleri entek ýeterlik derejede öwrenilenok.

Toslama: “Omikron” keseliň geçişiniň agyr bolmazlygy sebäpli, hassahanalara düşýänleriň sany hem az bolar, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynyň işine gaty bir agram düşmez.

 Hakykat: «Omikron» häzirki wagtda hem saglygy goraýyş ulgamlary üçin uly töwekgelçilik döredýär.

«Omikron» ştammy «Delta» garanyňda has ýokuşagandyr, şonuň üçin onuň ýaýrama mümkinçiligi hem ýokarydyr. «Omikron» keseliniň geçişi ýeňil bolsada, onuň bilen keselleýänleriň sanynyň köp bolmagy, göniden-göni hassahanalara düşýänleriň sanynyň artmagyna şeýle-de saglyk ulgamynyň işiniň agyrlaşmagyna getirer.   

Toslama: Sanjymlar, şol sanda güýçlendiriji dozalar, “Omikrona” garşy netije bermeýär.

Hakykat: Geçirilen barlaglaryň netijeleri boýunça sanjymyň “Omikrona” garşy gowy goragy üpjün edýändigi ýüze çykaryldy.

Lukmanlar «Omikron» sebäpli ölüm sanynyň pes bolmagyny, COVID-19 sanjymynyň azyndan bir dozasyny alanlaryň sanynyň köplügi bilen baglanyşdyrýarlar. Sanjym kesele garşy immunitetiň döremegine sebäp bolýar, ol diňe bir koronawirusyň bar bolan görnüşlerinden şol sanda “Omikrondan” goraman, eýsem mutasiýa sebäpli geljekde döräp biljek kesellerden hem goragy üpjün edýär.

Wagtyň geçmegi bilen esasy sanjymyň täsiriniň gowşamagy sebäpli sanjymy güýçlendiriji (goşmaça) dozalaryň alynmagy, keseliň ýokuşmagynyň ýa-da «Omikronyň» agyr geçmeginiň öňüni alýar.

Toslama: “Omikrony” sanjym almadyklar hem ýeňil geçirýärler.

Hakykat: Sanjym almadyklar sanjym alanlara garanyňda “Omikron” keseliniň has agyr täsirlerine sezewar bolýarlar.  

Alymlar her niçigem bolsa adam pidalaryna getirip biljek täze ştamyň mekirligine kembaha garamagy maslahat bermeýärler. «Omikron» eýýäm, hassahana düşýänleriň sanynyň ep-esli artmagyna getirdi, bularyň aglaba bölegi sanjym almadyklardyr.

Toslama: «Omikron» adaty sowuklama keselidir.

Hakykat: «Omikron» adaty sowuklamadan has howpludyr.

«Omikron» bilen keselhana düşýänleriň sany adaty sowuklama garanyňda has ýokarydyr, şeýle-de keseliň ýüze çykarýan agyr gaýra üzülmeleri sebäpli ölüm hadysalary hem bolýandyr.

Bu keselden gutulanlaryň geljekde “uzaga çekýän kowid” diýilýän keseliň alamatlaryndan ejir çekmekleri ähtimaldyr.

Toslama: Öň koronawirus bilen kesellänler, indiki dörejek täze görnüşlere garşy tebigy immunitete eýe bolýarlar.

Hakykat: «Omikron» koronawirus ştammlarynyň islendigi bilen keselläp gutulan adamlara ýokup bilýär.

Öň koronawirus bilen keselläp gutulan bolsaňyz hem, oňa garşy sanjymy ýa-da gaýtadan güýçlendiriji sanjymy almak zerurdyr. Sanjym gaýtadan kesellemek howpyndan, keseliň agyr ýagdaýda geçmeginden we  wirusyň göterijisi bolmakdan goramaga, şeýle-de “uzaga çekýän kowid” diýilýän keseliň ösmeginiň öňüni almaga ukyplydyr.

Toslama: Agyz-burun örtükleri «Omikronyň» ýokuşmagyndan goramaýar.

Hakykat: Örtükler, beýleki öňüni alyş çäreler bilen birlikde, koronawirusyň bar bolan ştammlary bilen keselleme howpundan goranmaga we ýokuşma ähtimallygyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.

Agyz-burun örtüklerini geýmek, zyýansyzlandyryş serişdelerini ulanmak, howpsuz aradaşlygy saklamak we köp adamly dar ýerlerden gaça durmak ýaly öňüni alyş çäreleriň toplumy COVID-19-yň islendik görnüşi bilen keselleme howpyny ep-esli azaltýar.

Toslama: «Omikron» ştamynyň COVID-19-yň beýleki görnüşlerinden gowşak bolmagy pandemiýanyň soňunyň alamaty bolup durýar.

Hakykat: «Omikron» ştamynyň ýüze çykmagy bilen pandemiýanyň kem-kemden gowşaýandygyny görkezýän subutnamalaryň sany gaty az. «Omikron» keseliniň ýeňilräk ýagdaýda geçýänligine garamazdan, dünýä boýunça bu kesel bilen hassahanalara düşýänleriň sany ep-esli artdy. Şonuň üçin häzirki wagtda bu keseliň täsiriniň kem-kemden gowşaýandygy hakynda aýdyp bolmaýar.

«Omikron» baradaky toslamalary ýaýratmakda hiç-hili barlaglar bilen tassyklanmadyk galp maglumatlary we myş-myşlary döredijileriň orny ulydyr. Şonuň üçin dürli görnüşli toslamalara we çaklamalara üns bermän, lukmanlar tarapyndan berilýän, subutnamalara esaslanýan maglumatlara ünsi jemlemek möhümdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar