Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gyş möwsüminde awtoulaga ideg etmek barada maslahatlar

0
4821

Gyş paslynda, has takygy garly-gaýly şertlerde ulagy dolandyrmagyň ýeňil däldigini, aýratyn-da howanyň doňaklyk şertleriniň dürli bökdençliklere sebäp bolup bilýändigini hemmämiz bilýäris. Şunuň bilen baglylykda, “Awtoýoly” haryt nyşanly dükanlary gyş paslynda awtoulaga erkin ýagdaýynda hem-de dolandyryş mahalynda gözegçilik etmek barada sürüjilere peýdaly maslahatlaryň birnäçesini ýetirýär.

  • Tormoz kolodkalaryny doly derejede könelmese-de, çalyşmak maslahat berilýär. Awtoulagyň taýmagynyň esasy sebäbi hem tigirleriň deň tormoz tutmaýanlygyndadyr. Şeýle hem tormoz silindrleriniň ýagdaýyna üns bermeli, eger tormoz suwuklygynyň yzlary görünse, ol syzyp hem biler.
  • Akkumulýator. Gyş möwsüminde awtoulagyňyzyň köne akkumulýatoryny ulansaňyz, käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler. Awtoulagyň batareýasy könelen halatynda, sowuk howada batareýadaky zarýad çalt azalýar. Şol sebäpden täze akkumulýator ulansaňyz has ýerlikli bolar.

  • Sowadyjy suwuklyk. Bu awtoulagyňyzda barlap durmaly hökmany aýratynlyklaryň biridir. Hereketlendirijidäki antifriziň derejesiniň iň pes görkezilen derejeden az bolmaly däldigini ýatdan çykarmaň. Ol iň pes derejeden aşak düşse, içerki hereketlendirijileriň böleklerine ep-esli zeper ýetirip biler.
  • Gyş möwsüminde ulag dolandyrylanda kähalatlar gar gatyşykly ýagyş ýagýar. Şonda ýagýan gar awtoulagyň öňki aýnasyna düşüp, ýoly görmäge päsgel berýär. Ýolumyzy görmek üçin aýna süpüriji enjamlaryny işledýäris. Gyşda olaryň işleýändigini günde barlap durmak örän möhümdir. Sebäbi süpürgiçler rezinden ýasalýar we wagtyň geçmegi bilen ýarylyp biler. Süpürgiçleri her 6-12 aýdan çalyşmak maslahat berilýär. Şeýle hem aýnany ýuwujy suwuklyga wagtal-wagtal göz aýlap durmaly.
  • Adatça, awtoulagyň hereketlendirijisiniň demir bölekleri ýygy-ýygydan ýaglanyp durulýar. Ýagyň häsiýeti hereketlendirijiniň işleýşine ep-esli täsir edýär. Gyşyna pes temperaturada awtoulaga ulanýan ýagymyz goýalýar. Bu ýagdaýda eger mümkinçiligiňiz bolsa her möwsüme laýyk niýetlenen ýaglardan peýdalanyň. Şeýle-de, awtoulagyň ýagyny her geçilen 5000 kilometrden ýa-da 3 aýdan çalşyp duruň.
  • Gyş aýlarynda taýgançak ýollar köplenç ýol hadysalarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar, şonuň üçin tekerleriňiziň doňaklyk üçin amatly bolmagyna üns bermek zerur. Adaty tekerleriňizi ulanmagy meýilleşdirýän bolsaňyz, her tekerdäki basyşy barlap duruň. Ýeli azalan teker protektory ýapýar we awtoulagyň taýgançak ýolda taýmak ähtimallygy ýokarlanýar. Şonuň üçin tekerleriň ýelini barlap durmak zerurdyr.

  • Eger dolandyrýan mahalyňyz awtoulag taýyp başlasa, tormoza basmagy göwnejaý hasap etseňiz-de, ulagyňyzy togtatmaň. Munuň ýerine gazdan aýagyňyzy aýryp, ulagy taýýan tarapynyň garşysyna öwrüň. Gyş möwsüminde tekerleriň protektorlarynyň 2mm-den az bolan halatynda taýmaz ýaly tekerleri täzelemegiň maslahat berilýändigini size ýatladýarys.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar