Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awtoulagyň razwal - gyşarma hyzmatynyň wajyplygy

0
4879

Sürüjilere awtoulaglarynyň guratlygyny sazlaşykly saklamak, ony dogry dolandyrmak üçin awtoulag bejeriş hyzmatlaryny yzygiderli geçirmek zerurdyr. Awtoulagyň razwal ýagdaýyny yzygiderli sazlamak hem iň ýörgünli ulanylýan hyzmatdyr.

“Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlaryň hünärmenleri tekerleriň dürslügini ýörite gurallar bilen enjamlaşdyrylan awtoulag hyzmatlarynda sazlamagy maslahat berýär. Bu sazlamanyň esasy gurluşy aşakdakylardan ybarat:

Razwal. Tekerleriň gapdala süýşmegi. Bu awtoulagyň öwrülmegine, şeýle-de hereket gurluşynda tormoza we tizliginiň artdyrylmagyna täsir edýär. Dikligine razwal burçy awtoulagy öndürijiniň tekliplerine laýyklykda ornaşdyrylýar we öňki hem-de yzky tekerler üçin ol köplenç tapawutlanýar: arka tarapynda has uly we öň tarapynda kiçi bolýar. Bu bolsa öwrümlere girilende howpsuzlygy üpjün edip, awtoulagyň taýmagynyň öňüni alýar.

Gyşarma. Bu ulagyň hereket edýän ýeri bilen tekeriň tekizliginiň arasyndaky burçdur. Gyşarma položitel (tekerler biri-birine öwrülen) ýa-da otrisatel (tekerler biri-birinden daşlaşan) bolup bilýär. Sazlamada gyşarma burçy awtoulag öndürijisiniň tekliplerine laýyklykda ulag hereket edende tekerleriň dürs ýerleşmegi göz öňüne tutulyp ornaşdyrylýar.

Razwal hyzmatlary “Awtoýoly” nyşanyny goteryan dükanlarda hem sürüjilere ýokary hilde ýetirilýär. Bu dükanlar razwal sazlama hyzmatynda tekerleriň dürslügini kadaly ýagdaýa getirmek üçin Italiýa döwletiniň häzirki zaman CORCHI enjamlaryny ulanýar, şul enjamyn ýörite sazlamalary öndüriji zawod tarapyndan kesgitlenilen.

Razwal hyzmatlaryny “Awtoýoly” nysanyny goteryan dükanlarynyň awtohyzmat nokatlaryna baryp, şeýle-de awtoyoly.com.tm saýtyndaky belgilere jaň etmek arkaly sargyt edip bolyar. Razwal hyzmatynyň tölegi nagt we nagt däl gürnüşinde hem-de “Awtoýoly” dükanlarynyň ball kartlaryndan hem peydalanyp bolyar.

“Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlaryň razwal hyzmat ediş nokatlary:

Aşgabat şäheri:

  • Ankara (Ýubileýnaýa) köçesi, +99312 45-48-16;
  • “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi, +99312 46-91-02;
  • 1972 (Atatürk) köçesi, 82-nji salgydaky awtoulaglara hyzmat ediş we söwda nokady;

Mary welaýaty, Mary şäheri, Bagtyýarlyk (Atabaýew) köçesi, +993 522 5-69-82;

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Alaýaz köçesi, +993 322 6-19-19;

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Görogly (Izmir) koçesi 54, +993 422 2-97-01.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar