Baýramyňyzyň ýatdan çykmajak bolmagyny isleýärsiňizmi? Soltan restorany munuň nädip amala aşyrylýandygyny bilýär — muny baýramyň hakyky ýyldyzy bolup biljek üýtgeşik tort bilen ýerine ýetirip bolar. «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 3-nji gatynda ýerleşýän restoran her bir jikme-jiklige üns berip, söýgi bilen taýýarlanan süýjülikleri hödürleýär.
Soltan restoranynyň tejribeli konditerler topary arzuwlaryňyzy hakykata öwürmäge mydama taýýardyr — nusgawy tortlardan başlap — miweli, şokoladly, çagalar üçin ýa-da tematik görnüşlere çenli Her bir süýjülik aýratyn sargydyň esasynda taýýarlanylýar we baýramyňyzyň stiline hem-de ruhuna doly laýyk gelýär.
«Biziň üçin iň bir islenilýän tort diňe bir süýji tagam däl-de — onuň baýramy hakykatdan-da aýratyn edýän kiçijik sungat eseridigine biz pugta ynanýarys» — diýip, restoranyň işgärleri gürrüň berýärler.
Torty sargyt etmek gaty aňsat: +993 60 20 50 02 +993 12 46 84 80 +993 12 46 84 81 telefon belgileriniň birine jaň ediň, Soltan restoranynyň tejribeli konditerleri bolsa myhmanlaryňyzy haýrana galdyrjak we baýramyňyzyň esasy bezegi bolup çykyş etjek süýjüligi döredip bererler.
Salgysy: «Berkarar» söwda-dyn alyş merkezi, 3-nji gat, K1 belgili otag.