Turkmenportal logo
03.09.25
2704427044
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pensioner ene özüni «kosmos gämisi döwlen astronawt» diýip tanadan erkek kişä ähli emlägini berdi
Pensioner ene özüni «kosmos gämisi döwlen astronawt» diýip tanadan erkek kişä ähli emlägini berdi
Surat: M24.ru

Ýaponiýanyň Hokkaýdo adasynyň polisiýasy ýaşy durugşan zenan ejir çeken kezzaplygy derňeýär. Zenan özüni kosmos gämisi döwlüp Ýerde galan astronawt diýip tanadan erkek kişä aldanyp, 7 müň dollaryndan mahrum galypdyr. Bu barada «Daily Mail» neşiri gürrüň berýär.


Pensioner zenan kezzap bilen sosial torda tanşypdyr, ol zenana ýazan hatynda kosmos gämisindedigini, ol ýerde kislorodyň tamamlanyp barýandygyny gürrüň beripdir. «Halas bolmak» üçin «astronawt» garry eneden kislorod ballonlaryny satyn almaga pul sorapdyr.


Ýeke ýaşaýan zenanyň «kosmonawta» nebsi agyrypdyr we ýalan gürrüňe ynanyp, oňa internet arkaly pul geçiripdir. Enäniň aldawa düşendigi soň anyklanypdyr.


Polisiýa bu wakadan soňra: «Eger-de siziň internetde tanşan adamyňyz pul sorasa, şübhe bilen garaň we polisiýa ýüz tutuň» diýip, raýatlary hüşgär bolmaga çagyrdy.