Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy Rowachpack haryt nyşany bilen gaplaýyş materiallaryny öndürýär we bazardaky ornuny has-da berkitmek maksady bilen, big-bag görnüşli haltalaryň hem-de rulonlaryň önümçiligini hasda artdyrýar.
Big-bag haltalary 300 kg-dan 3000 kg-a çenli göwrümli, berk polipropilenden taýýarlanan konteýnerler bolup, esasan ürgün ýükleri saklamak we daşamak üçin niýetlenendir. Kärhananyň önümleri eýýäm Russiýa we GDA ýurtlaryna üstünlikli eksport edilýär. Täze önümçilik kuwwaty bolsa Ýewropanyň we Günorta Amerikanyň ýurtlaryna eksport etmek mümkinçiliklerini giňeltmäge ýol açýar, häzir bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça gepleşikler alnyp barylýar.
Rowachpack nyşanly big-bag haltalary häzirki zaman enjamlarynda öndürilýär, bu bolsa önümiň ýokary berkligini we uzak möhletli ulanylyşyny üpjün edýär. Konteýnerler dürli reňklerde taýýarlanyp, flýuorografiki çap ediş usuly bilen logo we beýleki maglumatlar bilen bezelen görnüşde hem öndürilip bilner.
Täze enjamlaryň ornaşdyrylmagy Rowachlan Galkynysh kärhanasynyň sebitleýin polipropilen gaplaýyş önümçiligindäki öňdäki ornuny görkezýär we kompaniýanyň eksport mümkinçiliklerini has-da ösdürmek üçin berk binýat döredýär.
Rowachlan Galkynysh HK-sy bilen habarlaşmak üçin:
Telefonlar: (+993 62) 29 29 69, (+993 12) 29 29 69
E-poçta: rowachpack@gmail.com