Turkmenportal logo
03.09.25
1908319083
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sudanda suw süýşgüni giden obany ýok etdi, diňe bir adam diri galdy
Surat: Report.az

Güýçli suw süýşgüni Sudan döwletiniň günbataryndaky tutuş obany syryp-süpürdi, müň töweregi adam pida boldy, ýaşaýjylaryň diňe biri aman galdy diýip, «Reuters» habar berdi. Agentligiň maglumatlaryna laýyklykda, Marra daglary etrabynda topragyň äpet gatlagy uzaga çeken çabgalardan soňra ilatly ýeri basdy.


«Mash» telegram-ýaýlymy bu wakanyň görnüşlerini çap etdi. Olarda dag daşlarynyň süýşüp, obanyň üstünden gelýändigi görünýär. Adamlar süýşgüniň getiren topragynyň astyndan heläk bolanlaryň jesetlerini gözleýärler.


Ýok bolan obanyň Sudanyň sitrus ekinlerine ýöriteleşen etraplarynyň birinde ýerleşendigi habarda bellenýär.