Rowachlan Galkynyş ýerli kärhanasy «Rowachpack» brendini işjeň ösdürmek bilen, türkmen kompaniýalaryna däne, un, mal iýmleri we oba hojalyk önümleri ýaly ýörgünli önümleri daşamak üçin berk we amatly gaplaýyş haltalaryny hödürleýär.
Häzirki wagtda içerki bazarda sygymlylygy 1000 kg-a çenli bolan big-beglere aşa uly isleg bildirilýär. Bu ýumşak konteýnerler ýokary berkligi, deformasiýa garşy durnuklylygy we ýüklemede hem-de daşamada amatlylygy bilen tapawutlanýar. Öz aýratynlyklary sebäpli olar ýurduň köp sanly senagat we oba hojalyk kärhanalary üçin iň oňat çözgüt boldy.
Önümler dürli ölçeglerde we konfigurasiýalarda öndürilýär. Iň köp isleg bildirilýän ölçegler:
- 56x106 sm ölçegli, Polipropilen halta
- 58x108 sm ölçegli, Polipropilen halta
- 56x96 sm ölçegli, Polipropilen halta
- 60x110 sm ölçegli, Polipropilen halta
- 50x80 sm ölçegli, Polipropilen halta
- 45x75 sm ölçegli, Polipropilen halta
- 75×75×125 sm ölçegli, iki tutawaçly (Big-bag)
- 95×95×130 sm ölçegli, dört tutawaçly (Big-bag)
Şeýle hem sygymlylygy 5 kg-dаn 80 kg-a cenli bolan haltalar, mundan başga-da müşderiniň islegi boýunça aýratyn ölçeglerde we islendik sygymlylykda — 300 kg-dan 3000 kg-a çenli gaplama haltalaryny taýýarlamak mümkinçiligi bar.
Olaryň esasy artykmaçlyklary:
- Ýerli önümçiligi we iş orunlaryny goldamak;
- Gümrük taýdan bökdençsiz bolan çalt logistika;
- Müşderä aýratyn çemeleşme we çeýe bahalar.
Kompaniýa tarapyndan ähli önümleriň halkara hil standartlaryna laýyk gelýändigini we diňe Türkmenistanda däl-de, eýsem GDA ýurtlaryna eksport edilýändigini nygtaýarys.
Habarlaşmak üçin:
(+993 62) 29 29 69
(+993 12) 29 29 69
rowachpack@gmail.com