Katmer kafesi myhmanlara gyzgyn we teýli naharlardan başlap, ýeňil we süýji tagamy bolan naharlaryň giň görnüşlerini hödürleýär. Bu ýerde gyzardylyp bişirilen pirzolany, örän ýumşak derejä çenli bişirilen goýun injigini, şeýle hem kibirdäp duran çöregiň içine şireli huruş salnan burgerleri sargyt edip bolýar. Towuk burgeri ýörite usul boýunça taýýarlanylýar, sygyr etinden taýýarlanylýan burger bolsa ýokary hilli etden bişirilip, datly tagamy bilen tapawutlanýar.
Adaty tagamlary halaýanlar üçin Katmerde dürli görnüşli täze işdäaçarlar we dürli huruşly pissalar — nusgawy görnüşden başlap, has özboluşly görnüşlere çenli hödürlenýär. Süýji tagamlary halaýanlar hem ýatdan çykarylmaýar: bu ýerde kofeniň ýa-da çaýyň ýany bilen datly desertler hem hödürlenýär.

Katmer — çalt naharlanmak üçin hem, doly günortanlyk ýa-da agşamlyk naharyny edinmek üçin hem barmaga juda amatly ýer. Onuň menýusynyň dürlüligi bolsa maşgala bolup oturmaga, şeýle-de dostlar bilen duşuşyklary guramaga hem diýseň laýyk gelýän ýerdir.
Habarlaşmak üçin maglumat:
salgysy: Ankara köç., 19 (ozaly Ýubileýnaýa köçesi);
telefony (+993 63) 24 99 44;
sosial ulgamdaky sahypasy.