Hindistanda pil özi bilen selfi surata düşmekçi bolan syýahatçyny basgylady, R.Basawaraju diýen erkek kişi tokaý seýilgäh zolagynyň ýerli induist ybadathanasynyň ýakynyndaky gadagan edilen bölegine girdi. Oňa şol ýerde pil pete-pet geldi diýip, «Daily Mail» neşiri habar berdi.
Waka Karnataka ştatynyň goraghanasyna baranlar tarapyndan wideo düşürildi. Onda piliň ýoluň ýakasynda durka birden garşydan gelýän üsti jahankeşdeli awtoulaga tarap eňişi, adamlaryň gaçyp barýarka, biriniň ýüzin ýykylyşy görünýär. Ol Basawaraja ekeni, pil gelip, ony birnäçe gezek aýaklary bilen basgylaýar. Erkek kişi gudrat bilen diri galýar, ony agyr şikesler bilen hassahana ýerleşdirdiler.
Wakanyň şaýady Daniel Osorionyň sözlerine görä, jahankeşdäniň özi äpet haýwanyň ýanyna baryp, surata alypdyr. Fotoenjamyň ýagty şöhlesinden gorkan piliň gahary gelipdir. Basawaraja 25 müň rupiýa möçberde jerime salyndy.
Hindi subkontinentinde ýabany pilleriň 30 müňden gowragy ýaşaýar. Ol dünýäniň islendik ýerindäkiden köpdür. Şeýle hem bu çäkde tutuş dünýädäki aziýa pilleriniň 60 göterimi bar.
