Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidentiniň atasy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň kyblasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanan «Watan, asudalyk — peder wesýeti, nesilleriň müdimilik mekdebi» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarydyr işgärleri, talyplar hem-de içeri işler edaralarynyň hormatly weteranlary gatnaşdylar. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, dabaraly maslahat içerki gullugyň podpolkownigi, ilhalar ynsan Mälikguly aganyň harby bölümde ýerleşýän heýkeline gül goýmak bilen başlandy. Soňra oňa gatnaşyjylar Mälikguly Berdimuhamedowyň gulluk ýyllarynda dolandyran moto we awtoulaglarynyň sergisini synladylar. Şeýle hem Watana wepaly gulluk etmegiň mekdebine öwrülen ilhalar ynsanyň ömür ýoluna dahylly muzeý gymmatlyklarynyň sergisi bilen tanyşlyk guraldy.
Şeýle tanyşlyk gezelenji Aşgabadyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň Dolandyryş binasynda ýerleşýän muzeýe hem amala aşyryldy. Ýygnananlar Mälikguly Berdimuhamedowyň bu ýerdäki güberçek görnüşli heýkeline tagzym etdiler.
Maslahatyň başynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň birleşen döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde «Watan, asudalyk — peder wesýeti, nesilleriň müdimilik mekdebi» atly edebi-sazly kompozisiýa tomaşa etdiler.
Dabaraly maslahat harby we hukuk goraýjy edaralaryň aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetirmeklerindäki hoş owazly çykyşlar bilen utgaşdy.
Maslahatyň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetirmeginde Mälikguly aganyň sözlerine döredilen «Är ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Ýürekleň buýsanjy Watan», «Gideliň biz atalaryň ýolundan» atly aýdymlar, şeýle hem döwrebap aýdymlar ýaňlandy.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň birleşen döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde «Peder şany» atly edebi-sazly kompozisiýa dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.
