«Unicode» konsorsiumy smartfonlarda hem-de kompýuterlerde «Unicode 17.0» täzelenmesi arkaly peýda boljak täze emodziler bilen tanyşdyrdy. Olar 17-nji iýulda bellenilýän Bütindünýä emodzi gününiň öňüsyrasynda tanyşdyryldy diýip, «rbc.ru» habar berdi.
Ýagny golaý wagtlarda enjamlarda şu emodziler peýda bolar: trombon saz guraly; hazynaly sandyk; üýtgän ýüz; tüýlek jandar; tutluşyk şekillendirilen bulut; dişlenen alma; kosatka (läheň deňiz balygy) we balet tansçysy.
«The Verge» neşiri täze emodzileriň 2026-njy ýylyň ýazynda peýda boljakdygyny çaklaýar.
