Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen Berk-Metal» tarapyndan öndürilýän Güneş tegmil aýryjy serişdesi müşderileriň ynamyny gazanýar

11:3815.07.2025
0
22210

Türkmen Berk-Metal» hususy kärhanasy tarapyndan birnäçe aý mundan ozal bazara çykarylan kislorod esasly Güneş tegmil aýryjy serişdesi giňden meşhurlyga eýe bolýar. Işjeň kislorod esasly düzümi bilen bu serişdäniň aýrylmasy kyn bolan tegmilleri dürli görnüşli matalardan arassalamaga netijeli we howpsuz çözgüt bolup çykyş edýändigi ykrar edilýär.

Bazar çykarylan döwründen bäri önüme berlen oňyn seslenmeler onuň ähli matalar üçin peýdalanyp bolýanlygyny görkezýär, ol reňkli hem ak egin-eşikleri, näzik matalary arassalamak üçin amatly serişde bolup, onuň düzüminde hlor we beýleki agyr himiki maddalar ýokdur.

«Güneşiň egin-eşiklere aýratyn ýumşak çemeleşmesi we köne tegmilleri hem aýyrmaga başarýanlygy üçin oňa müşderiler tarapyndan ýokary baha berilýändigini görýäris» – diýip, önümçilik kompaniýasynyň wekilleri belleýärler.

Bu tegmil aýryjy serişdäni distriýutor ulgamynyň üsti bilen ýa-da önüm öndürijiden gönümel satyn alyp bolýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

salgysy: Aşgabat şäheri, G.Kulyýew köçesi, jaý 56;

Telefon belgileri: (+993 12) 59 51 92, (+993 64) 32 46 89, (+993 12) 76 18 60;

sosial torlarda sahypasy;

elektron poçtasy: tberkmetal@gmail.com;

web-saýt: turkmenberk-metal.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň