«Döwletli Çynar» türkmen kompaniýasy müşderilere ýükleri resmileşdirmek üçin çözgütleriň bitewi toplumyny hödürlemek bilen, gümrük hyzmatlary bazaryndaky ornuny berkitmegi dowam etdirýär. Gurama öz işinde milli kanunçylygyň talaplaryna dolulygyna eýerýär we dürli çylşyrymlylykdaky eksport-import amallaryna professional derejede goldaw berýär.
«Gümrük taýdan resmileşdirmek işi çylşyrymly we zähmeti köp talap edýär, hut şonuň üçinem hünärmenler toparymyz bu tapgyr bilen baglanyşykly ähli aladalary çözmekde ýardam etmäge taýýardyr» — diýip, «Döwletli Çynaryň» wekili belleýär.
«Döwletli Çynaryň» hünärmenleri şu hyzmatlar bilen üpjün eder:
- resminamalary toplumlaýyn taýýarlamak;
- harytlaryň deklarasiýasy;
- gümrük paçlaryny hasaplamak;
- ýük daşamagy guramak;
- ýük ätiýaçlandyryşy;
- harytlary sertifikatlaşdyrmak;
- gümrük meseleleri boýunça maslahat beriş.
Kompaniýa gümrük taýdan resmileşdirmegiň ähli tapgyrlarynyň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini kepillendirip, her bir müşderä özbaşdak çemeleşmäge ünsi jemleýär. Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň aýratynlyklaryny çuňňur bilýändikleri sebäpli, «Döwletli Çynar» kompaniýasynyň işgärleri telekeçilere köp halatda goýberilýän ýalňyşlyklardan gaça durmaga hem-de gümrük amallaryna sarp edilýän wagty azaltmaga kömek edýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- ýerleşýän salgysy: Mary şäheri, Bagtyýarlyk köçesiniň 52А jaýy (ozalky Atabaýew), «Ojar Aziýa» binasy, 1-nji gat;
- telefon belgileri: (+993 65) 65 85 65, (+993 63) 22 56 00, (+993 64) 40 54 46, 8 (522) 7 00 85;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.