Ozal habar berşimiz ýaly, 21–24-nji maý aralygynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşine agza ýurtlaryň Ýaşlar forumy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekillerinden, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, "Türkmenistan" gazetiniň işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan we talyplaryndan ybarat bolan türkmen wekiliýeti hem örän işjeň gatnaşýar.
23-nji maýda Duşenbe şäherindäki Täjigistanyň Milli kitaphanasynda halkara forumyň resmi açylyş dabarasy boldy. Onuň barşynda Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň, ýaşlar syýasaty boýunça degişli guramalarynyň wekilleri we foruma gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda forumy ýokary derejede gurandygy üçin täjik tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de dostlukly ýurduň halkyny, aýratyn-da, ýaş nesillerini Ýaşlar güni bilen gutlady. Şunda ýaşlaryň sebitleýin hyzmatdaşlykda we durnukly ösüşde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Türkmenistanyň wekili halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy babatynda ýurduň işjeň başlangyçlaryny beýan etdi. Şol sanda şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljekdigi aýdylyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň ýaşlary hem bu halkara maslahata işjeň seslenmäge çagyryldy.
Türkmen tarapynyň çykyşynda bilim, ylym, ýaşlar diplomatiýasy, ýaşlar telekeçiligi we ekologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigi bellenilip, ýaşlaryň halkara çärelere işjeň gatnaşmagy, ýokary bilim mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, "ýaşyl" tehnologiýalar boýunça taslamalary esasy ugurlar hökmünde görkezildi.
Çykyşynyň ahyrynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy foruma gatnaşyjylaryň degişli ugur boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Soňra "Ýaşlar --- sebitleýin hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýji" diýen at bilen forumyň umumy mejlisi geçirildi. Ol ýerde BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistandaky ýaş ilçileri çykyş edip, ýurduň bu ugurda gazanan üstünlikleri barada belläp geçdiler. Çykyş bilen bilelikde, foruma gatnaşyjylara türkmen ýaşlarynyň ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi bilen bagly wideoýüzlenmesi görkezildi.
Günüň ikinji ýarymynda forum ýaşlar telekeçiligi, sanly tehnologiýalar, howanyň üýtgemegi we durnukly ösüş, sport we saglyk, meýletinçilik hereketi hem-de media ulgamy ýaly ugurlar boýunça mowzuklaýyn bölümçelerde öz işini dowam etdi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşine agza ýurtlaryň Ýaşlar forumynyň jemleri boýunça Duşenbe deklarasiýasy kabul ediler.
Forumyň jemleýji günlerinde, 24-25-nji maýda dürli çäreler, şol sanda IT-taslamalaryň sergisi geçiriler. Halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjylar jemleýji konserte hem tomaşa ederler.