Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer Hristian-demokratik bileleşik we Hristian-sosial bileleşik toparynyň lideri Fridrih Mersi ýurduň Kansleri wezipesine resmi belledi. Bu barada DPA habarlar agentligine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Bundestag Mersiň Kansler wezipesine bellenmegi üçin ikinji gezek ses berdi. Ony goldap, Bundestagyň 630 deputatynyň 325-si ses berdi, 289 agza garşy ses berdi, bir adam saklandy.
Mers birinji tapgyrda sesler sanalanda zerur goldawy alyp bilmedi. Mersiň kandidaturasyny 310 deputat goldady, emma saýlanmak üçin oňa 316 ses almak gerekdi. Syýasatçynyň birinji tapgyrda şowsuzlyga uçramagy ýurduň gazna bazarynda pese gaçyşlyk döretdi. Hatda Mersiň 6-njy maýda bellenen ses berlişigiň ikinji tapgyrynyň geçirilmeginden ýüz öwrendigi barada hem habar berildi.
Mers 69 ýaşynda, maşgalaly, üç çagasy bar. Ol ýurduň goranmak kuwwatyny berkitmegiň tarapdarydyr diýlip, habarda bellenýär.