Birleşen Milletler Guramasy (BMG) esasy bölümçeleri birleşdirmek we serişdeleri täzeden paýlamak bilen, düýpli özgerişlik geçirmek mümkinçiligine garaýar. Bu barada guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň iş topary tarapyndan taýýarlanan alty sahypalyk gizlin beýannama salgylanýan «Reuters» habar berdi.
Resminamada dört esasy ugur: parahatçylyk we howpsuzlyk, haýyr-sahawat meseleleri, durnukly ösüş we adam hukuklary boýunça onlarça agentlikleri birleşdirmek teklip edilýär. Anyk çäreleriň hatarynda – Bütindünýä azyk maksatnamasynyň düzüm iş gurluşlaryny (WFP), ÝUNISEF, BSGG we BMG-niň Baş komissarynyň bosgunlaryň işi boýunça edarasyny birleşdirmek bar. Şeýle-de işgärler düzüminiň bir bölegini Ženewadan we Nýu-Ýorkdan az çykdajyly şäherlere geçirmek göz öňünde tutulýar.
Başlangyç BMG-däki maliýe kynçylyklary bilen baglydyr: guramanyň esasy donory bolup durýan ABŞ gurama yzygiderli býujet boýunça 1,5 mlrd dollar we parahatçylykdöredijilik işler boýunça 1,2 mlrd dollar bergilidir. Amerikan kömeginiň kemeldilmegi eýýäm guramanyň Haýyr-sahawat meseleleri boýunça edarasynyň işgärleriniň 20 göterim azaldylmagyna getirdi hem-de Migrasiýa boýunça halkara guramasynda 6 müň iş ornuna howp salýar.
4-nji fewralda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp öz ýurdunyň BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinden we we Ýakyn Gündogar agentliginden çykýandygy barada Karara gol çekipdi. Tramp guramanyň «ägirt uly güýje eýedigine garamazdan, ony uzak döwrüň dowamynda ýerine ýetirmeýändiginden» nägilelik bildirdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň resmi wekili Stefan Dýužarrik guramanyň giň möçberli özgertmeleri geçirmek maksatnamasyny tassyklady diýip, TASS habar berýär.