Ýaponiýanyň Sidzuoka prefekturasyndaky Nagaidzumi şäheriniň seýilgähi Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäde iň kiçijik seýilgäh hökmünde girdi. Ol şäheriň häkimliginiň ýanynda ýerleşip, bary-ýogy 0,24 gektary tutýar diýip, «MIR 24» habar berýär.
Özboluşly seýilgäh 1988-nji ýylda ýol işleri geçirilende, boş galan göniburç möçberdäki meýdançada döredildi. Ony döretmek pikiri öň dünýäde iň kiçijik diýlip yglan edilen amerikan Portlendindäki Mill Endsiň seýilgähinden ruhlanan ýerli ýolbaşçylaryň biri tarapyndan teklip edildi.
Seýilgäh kerpiç düşelen, oňat timarlanan giňişlikdir, onda gyrymsy ösümlikler ösýär, şeýle hem biriniň ýüzünde «Dünýäde iň kiçijik seýilgäh» diýlip ýazylan iki sany daş bar.
Nagaidzumynyň häkimligi we ýaşaýjylary tarapyndan hödürnama esasynda 2024-nji ýylyň dekabrynda seýilgäh Ginnesiň rekordlar kitabynda resmi bellige alyndy. Seýilgäh häzir meşhur jahankeşdelik ýerine öwrüldi. Oňa baryp görmäge diňe biri ülkäniň ýaşaýjylary däl-de, eýsem, Ýaponiýanyň beýleki ýerlerinden hem isleg bildirýärler diýip, «Kyodo» agentligi ýazýar.