Fransiýanyň imperatory Napoleon I (1769-1821) ýurdy dolandyran döwrüniň tutuş dowamynda ýanynda saklan gylyjy söwdalaşyga çykarylar. Bu barada «Drouot» söwda auksiony öýüne salgylanýan «Agence France-Presse» agentligi habar berdi diýip, TASS ýazýar.
1802-nji ýylda Napoleon Fransiýa respublikasynyň birinji konsuly bolanda, ol özi üçin Wersal manifakturasynyň başlygy Nikol-Noel Buteden gylyç sargyt edipdir.
Ol gylyjy tä ýurdy dolandyran döwrüniň ahyryna çenli saklapdyr. Napoleon tagtdan düşenden soňra ýaragyny golaý egindeşi marşal Emmanuel de Gruşä beripdir. 1815-nji ýyldan soňra gylyç marşalyň nesilleri tarapyndan aýawly saklanyp, ilkinji gezek köpçülikleýin satuwa çykarylýar diýlip, habarda bellenýär.
Hünärmenler ýaragy 700 müňden 1 million ýewro çenli bahalaýarlar. Söwdalaşyk 22-nji maýda Pariždäki «Hôtel Drouot» meýdançasynda geçiriler.
Napoleona degişli zatlaryň söwdasy hemişe uly ünsi çekýär. Mysal üçin, öň hem onuň iki sany sapançasy 1,69 mln ýewro nyrh bilen söwdalaşyga goýlupdy. Emma auksiona iki gün galanda, Fransiýanyň Medeniýet ministrligi sapançalary milli miras diýip ykrar etdi we ýurtdan çykarmagy gadagan etdi.