Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda geçirilen II halkara matematika olimpiadasynyň netijeleri jemlendi

10:4826.04.2025
0
30204

25-nji aprelde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde okuwçylaryň arasynda geçirilen II halkara matematika olimpiadasy üstünlikli jemlendi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Bäsleşige Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Bolgariýa Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, şeýle hem Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden okuwçylaryň jemi 231-si gatnaşdy.
Halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasyna Türkmenistanyň bilim ministri hem-de degişli ýolbaşçylar, eminler toparynyň başlygy, daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, daşary ýurtly we türkmenistanly mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ders bäsleşigi A we B derejede alnyp barlyp, olimpiadanyň geçirilişine Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň orta mekdepleriniň mugallymlaryndan düzülen eminler topary gözegçilik etdi. Şeýlelikde, olimpiada gatnaşyjylaryň görkezen netijeleri seljerilip, bürünç, kümüş we altyn medallara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryna Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilen II halkara matematika olimpiadasynda altyn medallaryň sany boýunça wýetnamly gatnaşyjylar ýokary netije görkezip, altyn medallaryň 6-syna mynasyp boldular. Şeýle hem bu sanawda 5 sany altyn medal bilen Türkmenistanyň mekdep okuwçylary ikinji, 4 sany altyn medal bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de Özbegistanyň wekilleri üçünji orunlary eýelediler.
Umumylykda, olimpiada gatnaşyjylar A we B derejeler boýunça medallaryň jemi 101-sine mynasyp boldular. Medallaryň sany boýunça Türkmenistanyň mekdep okuwçylary iň ýokary netijäni görkezip, olar medallaryň 31-sini, şol sanda 5 altyn, 9 kümüş,17 sany bolsa bürünç medal gazanmagy başardylar. Bu sanawda medallaryň 17-si bilen Özbegistanyň mekdep okuwçylary ikinji, medallaryň 10-sy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de Täjigistanyň wekilleri üçünji orunlary eýelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň